26-njy awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçen maslahatda geçen okuw ýylynda milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, häzirki zaman usullary we öňdebaryjy täze tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak babatda durmuşa geçirilen işlere seredildi hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim işgärleriniň maslahatda eden çykyşlaryndan käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory:
— «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň uzak möhletleýin maksatlaryny we esasy ugurlaryny kesgitledi. Strategiýada bilim edaralarynyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, ýokary hünär biliminiň dünýä bilim giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, ýokary bilim ulgamynyň dolandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmak, okuw-usulyýet işlerine innowasion usullary, sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak, döwlet we halkara akkreditasiýasy ulgamyny ösdürmek, bilim, ylym, önümçilik hem-de işewürlik ulgamlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýokary okuw mekdeplerinde terbiýeçilik işiniň esasy özeni «gymmatlyk — aňly-başly iş — şahsy hereket» yzygiderliliginden ybarat bolýar. Ýaş nesil, ilki bilen, öz halkynyň ruhy gymmatlyklaryny öwrenýär, soňra olary okuw, ylmy we jemgyýetçilik işlerinde netijeli ulanýar, ahyrky netijede bolsa özleşdiren ruhy-ahlak ýörelgelerini şahsy durmuşynyň durnukly kadasyna öwürýär. Bu ulgamyň ilkinji möhüm bölegi özüňe milli jähetden aň ýetirmekden ybaratdyr. Ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň taryhyny, halkymyzyň medeni mirasyny, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligini, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň milli aýratynlyklaryny, maşgala we jemgyýetde kemala gelen ahlak ýörelgelerini öwrenmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Ruhy-ahlak terbiýesini bermegiň ikinji möhüm ugry talyp ýaşlarda parahatçylyk, ynanyşmak we halkara jogapkärçilik medeniýetini terbiýelemekden ybaratdyr. Üçünji ugry bolsa ýaş nesli jemgyýet üçin peýdaly amaly işleriň üsti bilen terbiýelemekden ybaratdyr. Mysal üçin, ÝUNESKO-nyň “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” kafedrasy, “Parahatçylyk dilleri”, “Daşky gurşawy goramak — durnukly ösüşiň möhüm ugry” klublary tarapyndan ýaşlaryň ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmaga hem-de ýerli ekoulgamlaryň tebigy mümkinçiliklerini gorap saklamaga bagyşlanan medeni aň-bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreler ýaşlarda ekologiýa medeniýetini, hyzmatdaşlyk başarnyklaryny hem-de durnukly ösüş üçin şahsy jogapkärçilik duýgusyny kemala getirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Biziň esasy wezipämiz şol mümkinçilikleriň ýaşlaryň her biriniň biliminde, ynam-ygtykatynda hem-de döredijilikli işlerinde öz beýanyny tapmagyny gazanmakdan ybaratdyr.