Durmuşda hüý-häsiýeti, zähmeti, umuman, ýaşan ömri bilen köpe görüm-görelde görkezýän ynsanlar bolýar. Olar aramyzda bolmasa-da, ýagşylykda ýatlanýar, olaryň aýdan sözleri, amallarydyr eden işleri ýada salnyp, ybrat alynýar. Şeýle ynsanlaryň biri hem manyly ömrüniň kyrk ýylyny mugallymçylyk kärine bagyşlan Gurbanmämmet Gurbandurdyýewdir.
Ol 1938-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Akgoňur obasynda dünýä inýär. Onuň çagalygy Beýik Watançylyk urşunyň kynçylykly ýyllaryna gabat gelýär. 1943-nji ýylda kakasy uruşda wepat bolandan soň, maşgalanyň keşigi-de Gurbanmämmediň çaga gerdenine düşýär. Gündiz kolhoz işinden surnugyp gelen oglanjyk gije şütük çyrasynyň ýagtysyna kitap okap, mekdepde berlen öý ýumuşlaryna taýýarlanýar. Okuwa yhlaslydygyny aňan mekdep müdiri oňa raýon merkezindäki mekdep-internatda okamagy maslahat berýär. Şeýlelikde, Gurbanmämmet şondan soň Gökdepe etrabyndaky 1-nji mekdep-internatynda okap başlaýar. Orta mekdebi sap bäşlige tamamlan ýetginjek gurluşyk ulgamynda işleýär. Bu ýerde-de ol özüniň zähmetsöýerligi, erjelligi, zehinliligi bilen tanalýar. Ylma höwesli Gurbanmämmet 1957-nji ýylda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa-geografiýa hünärine okuwa girýär. 1962-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar.
Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmeni 1962-1963-nji okuw ýylynda Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasyndaky 20-nji orta mekdebe işe ýollaýarlar. Onuň bilimine, sapak geçişine ýokary baha berlip, uzak wagt geçmänkä, direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenilýär. Gurbanmämmedi 1963-1964-nji okuw ýylynda öz okan ýokary okuw mekdebine işe çagyrýarlar. Bu ýerde ol ömrüniň agramly bölegini geografiýa boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga bagyşlaýar. 1968-nji ýylda Gurbanmämmet Gurbandurdyýew uniwersitetiň ýanyndaky aspiranturanyň gaýybana bölümine okuwa kabul edilýär. Göreldeli alym, professor Kerim Weýisowyň ylmy ýolbaşçylygynda «Köpetdagyň klimaty» atly tema boýunça geografiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin düýpli ylmy barlaglary we gözegçilik işlerini alyp barýar. Ol 1974-nji ýylda Daşkent döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşiniň maslahatynda geografiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1985-nji ýylda uniwersitetiň fizika-geografiýa kafedrasynyň dosenti bolýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda halypa alym ýurdumyzyň umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdepleri üçin maksatnamalary, okuw kitaplaryny we gollanmalaryny taýýarlap, milli bilim ulgamyny ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşdy. Öz kärdeşleri bilen bilelikde taýýarlan 6-njy synp üçin «Fiziki geografiýa», 7-nji synp üçin «Materikler we ummanlar geografiýasy», 8-nji synp üçin «Türkmenistanyň fiziki geografiýasy», 12-nji synp üçin «Astronomiýa» okuw kitaplary ençeme gezek neşir edildi. Bulardan başga-da, onuň «Wagt we kalendar», «Ýyldyzlar barada söhbet» ýaly kitaplary köpçülik tarapyndan oňat garşylandy.
Ýurdumyzda geografiýa ylmynyň ösmeginde saldamly goşant goşan alym, geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Gurbanmämmet Gurbandurdyýewiň ömür we ylym ýoly ýaş alymlar üçin görelde mekdebidir.