Çemen KÖMEKOWA,
Daşoguz şäherindäki iňlis dili, biologiýa we himiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň iňlis dili mugallymy:
— Biziň orta mekdebimiz 2023-nji ýylyň awgust aýynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Assosirlenen mekdepleriniň torunyň agzalygyna girizilen gününden başlap, bu guramanyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde köp işleri amala aşyrdy. Mekdebimiziň mugallymlarydyr okuwçylary hem-de olaryň ata-eneleri guramanyň ady agzalan halkara torunyň agzasy bolmagyň iňňän uly jogapkärçiligine örän dogry düşünýär. Ýurdumyzy, şäherimizi, mekdebimizi we tebigaty arassa saklamak, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýany goramagy göz öňünde tutýan bäsleşikleri geçirmek, wideoşekilleri düşürmek biziň esasy öňe sürýän maksatlarymyzyň birine öwrüldi. Okuwçylar tebigaty goramak, onuň arassalygyny saklamak maksady bilen, geçirilýän terbiýeçilik ugurly wagyz-nesihat duşuşyklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bu çäreler olarda birek-birege bolan goldawy, sylag-hormaty, agzybirligi kemala getirýär.
2023 — 2026-njy ýyllarda meýilnamalaşdyrylan çärelerimiziň netijesiniň uly bolandygyna ynanýarys, sebäbi şol ýyllarda halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylygy ündeýän milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän uly terbiýeçilik ähmiýetli çäreleri geçirdik. Şolaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary gorap saklamak maksady bilen, mekdebimiziň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda okuwçylaryň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine syýahatlarymyzy, Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumyna okuw gezelenjimizi, ýörite mowzuk boýunça düzme ýazmak we goşgy düzmek ýaryşlarymyzy, surat çekmek, milli däp-dessurlarymyza eýerip, gyzlaryň arasynda el işlerini taýýarlamak we haly dokamak bäsleşiklerimizi belläp geçsek has ýerlikli bolar. Geçirilen bu çäreleriň esasy maksady edebi mirasymyzyň, medeni baýlyklarymyzyň gymmatyny açyp görkezmekden ybaratdyr. Mümkinçilikden peýdalanyp, ýaşlaryň bilim almagy we halkara derejede öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.