Ahal welaýat häkimliginiň Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalar wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirýärler. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry dowam edýär.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň bu tapgyryna dynç alşa gelen çagalary dynç alyş we sagaldyş merkezinde guramaçylykly kabul etmek we ýaş aýratynlyklaryna görä toparlara bölmek işleri göwnejaý guraldy. Dynç alşa gelen mekdep okuwçylaryny çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi we onuň gün tertibi bilen tanyşdyrmak, çagalaryň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen «Geliň, tanşalyň!» atly tanyşdyrylyş çäresi hem guramaçylykly geçirildi. Dynç alýan mekdep okuwçylarynyň isleglerine we ukyplaryna görä, merkezde hereket edýän gurnaklara ýazylmaklary üçin degişli işler geçirilip, olar bilen döredijilik häsiýetli dürli görnüşli çäreleri guramaga girişildi. Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň ýörite meýilnamasy esasynda geçirilmeli çäreler bilen hem tanyşdyryldy.
Uly terbiýeçi-mugallymlaryň ýardam etmeginde merkezde dynç alýan çagalardan jemgyýetçilik başlangyçlarynda hereket edýän işjeňler toparlary hem döredildi. Bu toparlaryň düzüminde «Öňbaşçylar topary», «Sport topary», «Metbugat topary», «Döredijilik işleri boýunça topar», «Tebigatyň ýaşajyk dostlary» ýaly toparlar döredildi we bu toparlara çagalar öz islegleri, başarnyklary boýunça ýazyldylar. Bulardan başga-da, merkezde dynç alýan çagalar bilen aýdym-sazly çäreleri, çeper okaýyşlary, dürli görnüşli edebi bäsleşikleri, edebi-sazly agşamlary guramaga taýýarlyk görülýär. Olar gyzykly we guramaçylykly geçirilýär. Şonuň ýaly-da, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Saglygym — baş baýlygym» diýen at bilen küşt, şaşka, düzzüm, türkmen milli oýunlary boýunça ýaryşlar geçirilýär. Dürli aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary hem guralýar. Sebäbi çagalar aýdym-sazly çykyşlary diýseň halaýarlar we örän işjeň gatnaşýarlar.
Umuman, bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar üçin döwrebap mümkinçilikler bar. Bagtly nesilleriň sagdyn ösmekleri, döwrebap dynç almaklary, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin döredilen şertler, guralýan gyzykly çäreler hem-de alnyp barylýan terbiýeçilik işleri çagalaryň tomusky dynç alşyny many-mazmunly geçirmäge uly mümkinçilik berýär. Bagtyýar döwrüň bagtly çagalarynyň şatlykly, şowhunly günleri ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Döredilýän bu mümkinçilikler bolsa bagtyýar nesiller hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.