Çaga ― ynsan durmuşynyň güli. Ol ― ömürleriň dowamat aýdymy. Halkymyz çagany altyn aşyga meňzedýär. Çagaly öý bazara deňelýär.
Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli ýörelgeleriniň, däp-dessurlarynyň, edebi mirasynyň içinde çaga bilen bagly döredilenleri juda kän. Olaryň birinde çaganyň edebiniň onuň özündenem ezizdigi nygtalýar. Nesil terbiýesine ähli döwürlerde-de jogapkärçilikli mesele hökmünde garalypdyr. Oňa çaganyň juda sada dünýäsiniň psihologik aýratynlygyny, ösüş döwürlerini nazara alyp çemeleşmek has üstünlikli netijelere getirip biler. Şu nukdaýnazardan, terbiýäniň ilkinji binýadyny kemala getiriji bolup çykyş edýän maşgalada eje ― kaka ― perzent gatnaşyklaryny dogry ýola goýmak baradaky sowallar bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Selbi Ataýewa ýüz tutduk. Tejribeli mugallymyň maslahatlary okyjylarymyza, ylaýta-da, häzirki zaman ene-atalara çaga psihologiýasy ― terbiýe düşünjeleriniň arasyndaky baglanyşygy açyp görkezmäge, terbiýä çaga psihologiýasynyň «gözi» bilen garamaga ýardam berer diýip umyt edýäris.
― Selbi Allaberdiýewna, ilki bilen, söhbetimiziň özenine düýpli düşünip geçeliň. Çaga psihologiýasy näme?
― Aslynda, çaganyň, uly adamyň, ýaşulularyň psihologiýasy tapawutlandyrylýar. Mundan başga-da, adamyň dünýä inen pursatyndan başlap, ýaş aýratynlyklary boýunça psihologik ösüş döwürleri bolýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalyk 11 ýaşa çenli dowam edip, onuň her döwürde kemala gelmeli psihiki mehanizmleri bardyr. Çaga terbiýe bermegi bolsa, ol heniz ene göwresindekä başlap, üznüksiz dowam etmeli.
― Çaganyň ýaş aýratynlyklary boýunça psihologik ösüş döwürleri hakynda aýry-aýrylykda durup geçäýeliň.
― Iň ilkinji döwür çaga heniz enäniň göwresindekä başlanýar. Ylymda bu ösüş döwri mundan 30 — 40 ýyl ozal döräp, perinatal psihologiýa diýip atlandyrylýar. Onda entek dünýä inmedik çaga bilen enäniň nähili gatnaşyga girmelidigi barada aýdylýar. Şol döwürde enäniň başdan geçirýän emosional, psihologik ýagdaýy, özüni duýşy, daşky dünýäden alýan maglumaty, beýleki adamlara bolan gatnaşygy gös-göni göwresindäki düwünçege täsir edýär. Hatda çaga enäniň başdan geçirýän ýagdaýyny edil özüniňki ýaly kabul edýär, olar birlik, bitewilik bolup çykyş edýär.
Çaga dünýä inenden soň, 1 ýaşa çenli onuň bäbeklik döwri hasaplanylýar. Şol aralykda çaganyň psihiki ösüşinde hökmany bolup geçmeli hadysalar bar. Mysal üçin, çaga aglap dünýä inmeli. Lukmanyň barlagynda ilkinji berilýän sowallaryň biri bu baradadyr. Ol dünýä inen çaganyň ösüşiniň kadalylygyndan habar berýär. Ýuwaş-ýuwaşdan çaganyň görşi, eşidişi kemala gelýär. Ilkinji üç aýda çagada diňe agy sesleri bolýar. Ol bimaza bolan ýagdaýynda diňe aglaýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirýärkä, ejesi galagoply, aladaçyl halda bolsa, onda çaga aglap, emmekden ýüz öwürýär. Eger emäýse-de, hökman düwünýär. Ejesiniň rahat däldigi sebäpli çaga ― eje arasyndaky birlik, ýakynlyk bozulýar. Çaga özüni oňaýsyz duýýar. Bu ylymda subut edilen hakykatdyr. Şol sebäpli-de lukmanlar ejelere çagany gaharlanman, hiç zada ünsi sowman, gürlemän ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýärler.
3 - 4 aýlykda çagalarda güwwüldi sesi ýüze çykyp başlaýar. Ejesi, kakasy ýa uly adamlar lak atanda, çaga jogap hökmünde güwwüldi seslerini çykarýar. Bu çaganyň sözleýiş ulgamynyň kemala gelýändiginiň alamaty, gürlemäge taýýarlygydyr. Ol, ilki, bogunlary, bir ýaşynyň ahyryna çenli ilkinji sözlerini aýdýar. Bu döwürde çagada ýadyň kesgitli görnüşleri ösüp başlaýar. Mysal üçin, eger-de 3 aýlyk çaga: «Ýuwaş, aglama, öýde myhman bar» diýseň, elbetde, ol muňa düşünmez, emma 8-9 aýlyk çaga üm bilen «üşş» etseň, ol eýýäm şol hereketiň aňyrsynda näme bardygyny aňlap biler. Muňa psihologiýada aýdyň hereket pikirlenme diýilýär.
1 — 3 ýaş aralygy irki çagalyk döwri diýip atlandyrylyp, çagada başga psihologik mehanizmler kemala gelýär. Ol belli bir zatlary özi etmäge, ulularyň eden hereketlerini gaýtalamalaga çalyşýar. Çaga üç ýaşa çenli öz «meni» bilen ejesiniň arasyndaky tapawuda düşünmeýär. Ejem diýse, meň diýenim, men diýsem, ejemiň diýeni diýen bir bitewülikde ýaşaýar. Eýýäm üç ýaşynda çaga saýlaw edip, öz näme isleýänine düşünip başlaýar. Üns berseňiz, iki ýaşynda gürleýän çaga özi barada olluk ýöňkemede beýan edýändir. «Şu kimiň köýnegi?» diýen sowaly berseň, ol: «Meňki» däl-de, öz adyny tutup: «Enekäbäňki» diýip jogap gaýtarar. Üç ýaşly çagada bolsa «men» diýen düşünje döräp, şol sowala: «Meň köýnegim», «Meň ejem» diýip jogap berer. Şol bir wagtda üç ýaşly çagada diňe öz isleglerinden ugur alman, eýsem, daş-töwerekdäkileriň goýýan düzgünlerine laýyk hereket etmelidigi barada ilkinji düşünjeler döräp başlaýar. Mysal üçin, etme diýlen hereketi edende, çaga gözüňe seredýär. Eýýäm onda: «Maňa belli bir düzgün goýdular, menden ejemiň, kakamyň ýa çagalar bagyndaky terbiýeçiniň garaşmalary bar. Men şony ýerine ýetirdimmi ýa ýetirmedimmi?!» diýen oý-pikir döreýär.
Çaga üç ýaşynda müňden gowrak sözi aýdyp bilmeli. 5 ýaşynda bolsa 50 sözlemden ybarat ertekini, hekaýany gürrüň bermegi başarmaly. Bu hadysa ene-atalaryň üns merkezinde bolmaly, eýýäm çagalar bagyna gidip gelen çaga şol ýerde bolup geçýän zatlary gürrüň bermeli.
Çaganyň ýaşyna görä, bu aýratynlyklaryň ― psihologik ösüşiň dogry kemala gelmegine onuň daşky gurşawy täsirini ýetirýär. Mysal üçin, ejesi bilen kakasynyň gatnaşygy we ş.m.
Mekdebe çenli çagalyk döwri 3 ýaşdan 5 ýa 6 ýaşy öz içine alýar. Bu döwürde çagada has hem özbaşdaklyk, bilesigelijilik ösüp kemala gelýär. Ol daş-töweregindäki zatlar barada yzly-yzyna sowal berýär.
6-7 ýaşda kiçi mekdep döwri başlanýar. Onda çaga jogapkärçiligi, zähmetsöýerligi öwrenýär. Öň erkin gezen çaga tertip-düzgün boýunça hereket etmeli bolýar. Bu käbir çagalarda kynçylyk, käbirlerinde bolsa mekdebe gitmek islegini döredýär. Özünden uly doganlarynyň täze eşik alýanyny görüp, çagalaryň şol eşikleri geýip, mekdebe gidesleri gelýär. Ozal çaganyň terbiýesinde, psihiki ösüşinde ene-ata ilkinji orunda duran bolsa, indi oňa mekdep mugallymlary, synpdaşlary gatnaşyp başlaýar.
― Maşgalada perzent terbiýesi hakynda söz açylanda, ilki bilen, köpçüligiň göz öňüne eje gelýär. Emma psihologik çeşmelere salgylansak, perzent terbiýesinde kaka has aýgytly orny eýeleýär. Muňa siziň garaýşyňyz nähili?
― Çaganyň dünýä inmegine ata-da, ene-de deň gatnaşýar. Şol sebäpden ikisiniň hem çaga terbiýesinde, ösüşinde ýerine ýetirýän orny uludyr. Oglanyň terbiýesinde kaka gös-göni ilkinji orunda çykyş edýär. Kaka hojalyk işlerini edende, kiçijikdigine garamazdan, ogluna dürli ýumuşlary buýurmagy, iş gurallaryny saklatmagy çagada özüne bolan ynamyň döremegine ýardam edýär. Kakanyň göreldesi, gatnaşygy oglanyň zähmet terbiýesiniň kemala gelmeginde juda wajypdyr.
Eje, adatça bolşy ýaly, gyzyna öý-hojalyk işlerini alyp barmagy, özünde zenana mahsus gylyk-häsiýetleri terbiýelemegi, işeňňir bolmagy, durmuş kynçylyklaryna döz gelmegi öwredýär. Kaka bolsa gyzyň duýgy-emosional garaşsyzlygynyň kemala gelmeginde, maşgalada är-aýal gatnaşyklarynyň borjy barada göz öňüne getirmeleriň döremeginde uly orny eýeleýär. Kakanyň gyzyna bolan gatnaşygy onuň öz-özüni bahalandyryşyna, ar-namyslylygyna täsir edýär. Kaka öran işli bolsa-da, gyzy bilen gürrüňdeşlige wagt tapmalydyr. Onuň daşky keşbinde döreýän ütgeşmeleri görüp, olary öwmelidir. Kakalaryň gyzlaryna bolan sagdyn hem dogry söýgüsi olaryň durmuşda üstünlik gazanmagyna ýardam berýär. Gyz üçin kakasynyň diňe özüne bolan söýgüsini duýmak ýeterlik däldir. Ol kakasynyň ejesine bolan söýgüsini hem duýmalydyr. Sebäbi kaka gyz üçin goragçynyň, halas edijiniň ornunda çykyş edýär.
― Göreldemi ýa terbiýe?
― Çagany kitapda, suratda ýa ýene bir ýerde şeýle hereket etmeli diýlip ýazylandygy esasynda terbiýelemek başga, oňa görelde görkezmek başga. Mysal üçin, öýünde wagt geçirmeýän ejäniň gyzyna öýden çykma diýip tabşyrmagy, elbetde, netijesizdir.
Aslynda, hemme zat özümizden ― ene-atalardan başlanýar. Ejäniň gaýny bilen gatnaşygy onuň gyzyna, kakanyň ejesi bilen gürleşişi ogluna geljekki maşgala gatnaşyklarynda nusga bolýar. Görelde, meniň pikirimçe, terbiýede 50 göterimdenem artyk orny eýeleýär. Elbetde, nesle geçijilik faktoryny inkär edip bolmaýar. Adam sosialdyr. Onuň nesle geçijilik faktorlarynda bar diýseňem, şol nesle geçijilik faktoryny ýüze çykarmaga täsir edýän zat ýene sosial gurşawdyr.
Nesle geçijilik diýlende, çaganyň temperamenti göz öňünde tutulýar. Ol jaýyň düýbüniň binýady ýalydyr. Onuň esasynda gylyk emele gelýär. Bir temperament gowy, beýlekisi erbet diýip bilmeris. Ene-ata çaganyň temperamentini ýüze çykaryp, şonuň haýsy gowy häsiýetini ösdürip boljakdygy hakynda oýlanmaly. Mysal üçin, halerik temperamentli çaga kiçilikden çalt gaharlanýar. Bu durmuşda oňa peýda getirmeýär. Şonuň üçin ene-ata çaga gaharjaňlyga erk etmegi öwretmeli. Oňa bu işde goldaw bermeli. Sangwinikleriň şadyýanlygy, esentanyşlygy aldawçylygyň ýüze çykmagyna, jogapkärçiligiň peselmegine getirip bilýär. Şol sebäpli ene-ata bu çagada jogapkärçiligi ösdürmeli. Flegmatik rahat, parahat bolsa, ony öz ugruna goýberseň, elbetde, ýalta bolar. Olary elmydama ruhlandyryp, bir işe iterip durmaly. Melanholikleriň özüne ynamy pes bolýar, şeýle çagada ynamy döredip bilseň, olaryň almajak galasy ýokdur.
Görşümiz ýaly, terbiýe iň agyr iş. Biz ony özümizi terbiýelemekden başlamaly. Munuň üçin bolsa hiç haçan ir hem däl, giç hem.
― Çaga terbiýesinde birinji orun ene-ata degişli bolsa, soňky orunlary kim eýeleýär?
― Daşky gurşaw, mugallym. Onsoňam türkmenleriň maşgala gurluşy çylşyrymly häsiýete eýedir. Oňa diňe eje, kaka däl, ene, ata, mama, baba, daýy, daýza, pylan kaka, pylan eje, hatda goňşularam goşulýar. Bir şahyryň: «Mugallym bar, ykballary üýtgedýän» diýşi ýaly, başlangyç synpdaky çaga üçin mugallymyň abraýy eje-kakaňkydan ýokarda durýar. Ýetginjeklikde deň-duşlarynyň abraýy öňe geçýär.
Aslynda, pedagogikada okatmak bilen terbiýe bermek bile alnyp barylýar. Mugallym beren biliminiň netijesini synagda bahalandyrýar, emma terbiýesiniň netijesini onuň beýlekiler bilen gatnaşygy, durmuşda gazanan üstünligi boýunça kesgitläp bilýär. Ene-atanyň terbiýesine hem çaga seredip netije berip bolýar.
― Bir günde çaganyň ene-atadan hökman eşitmeli sözleri näme?
― «Sen maňa gerek», «Men seni söýýän», «Sen başararsyň». Çaga nähili hereket edende-de ene-ata özüniň gerekdigini, söýülýändigini elmydama duýmaly, şoňa ynanmaly. Üns berilýändigini bilmeli. Çagany ýygy-ýygydan gujaklap durmaly. Onuň bilen köp gürleşmeli. Iň bärkisi daşarda bile gezip ýörkäň, daş-töwerek bilen bagly sowallary bermeli.
― Selbi Allaberdiýewna, söhbetdeşlik üçin köp sag boluň. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda şu günki çaganyň geljekki kämil şahsyýet bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary üçin uly şertler döredilýär. Size-de alyp barýan mugallymçylyk we ylym ugurly işleriňizde üstünlikleri arzuw edýäris.
― Sag boluň, çaga edebi bilen bagly ýörelgeler türkmen halkynyň milli ruhy gymmatlyklarydyr. Terbiýeli nesil jemgyýetde maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şol sebäpden şu günki nesil adamzadyň ertiridir.
Goý, halkymyzy ösüşleriň ýoly bilen nurana ertirlere alyp barýan, nesil terbiýesi hakynda aýratyn uly adala edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!