Hünär — ynsana durmuşdaky ornuny tapmaga, jemgyýetde ykrar edilmäge ýardam edýär. Her bir adama hünär edinmegiň zerur bolşy ýaly, tutuş jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşi üçin öz işine ökde hünärmenler goruny kemala getirmek zerurdyr. Şu hakykatdan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, hünär öwrenmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklap, okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etmegi munuň nobatdaky beýanydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaşlara ýakyn we uzak geljekde ykdysadyýetiň pudaklarynda zerur bolan hünär ugurlary boýunça bilim bermäge uly ähmiýet berilýär. Şu ýyl ýurdumyzyň bilim ojaklaryna okuwa kabul etmegiň tertibinde kesgitlenilen hünär ugurlary bilen tanşanyňda, talyplyga dalaşgärlere hem-de hünärini kämilleşdirmek isleýänlere täze hünär ugurlarynyň ençemesiniň hödürlenilýändigini görmek bolýar. Bizem şu ýazgymyzda bilim ojaklarynda açylan täze hünärleriň aýratynlyklary barada söhbet etmegi makul bildik.
Senagat we energetika pudagy:
► metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak;
► nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary hem-de beýlekiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw maksatnamasyna şu ýyl täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň birbada birnäçesi girizilýär. Hünärmen maksatnamasy esasynda metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak (nebitgaz pudagynda), nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary ýaly ugurlar önümçilik proseslerini halkara hil ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilip, bu hünärleri saýlan ýaşlar nebitgaz pudagyndaky iri kärhanalarda, halkara korporasiýalarda we tehnologik gözegçilik merkezlerinde üstünlikli zähmet çekip bilerler. Bilim ojagynyň magistr maksatnamasyna girizilen kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, maglumat howpsuzlygy (nebitgaz pudagynda), nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünär ugurlary bolsa ýaş hünärmenlere has-da kämilleşip, geljekde pudagyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny işläp düzmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalygy we ekologiýa:
► oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy;
► IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy;
► ösümlikleri goramak we biotehnologiýa.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünärmen maksatnamasy boýunça oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hem-de IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy, magistr maksatnamasynda ösümlikleri goramak we biotehnologiýa hünär ugurlarynyň girizilmegi oba hojalygynyň öňünde durýan iň derwaýys wezipeleriň çözülmegini nazarlaýar. Genetika, seleksiýa we biotehnologiýa bilen meşgullanjak hünärmenler hasyllylygy ýokary bolan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ylmy-barlag institutlary we tohumçylyk merkezleri, IT-tehnologiýalary bilen suw gorlaryny dolandyrmagy öwrenen ýaşlar bolsa döwrebap oba hojalyk klasterleri we suw hojalygy edaralary üçin gymmatly hünärmenler bolup ýetişmäge mümkinçilik alýar.
Sanly ykdysadyýet
we tehnologik özygtyýarlylyk:
► emeli aň we ekspert ulgamlary;
► mehatronika we robot tehnikasy;
► awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy.
Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň innowasion senagat kuwwatyny berkitmek maksady bilen, 2025-nji ýylda açylan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de ençeme ýyl bäri maglumat-aragatnaşyk pudagy üçin ökde hünärmenleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty okuw maksatnamalaryndaky sanly ykdysadyýet şertlerinde ähmiýetli hünär ugurlarynyň üstüni täzeleri bilen ýetirýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde emeli aň we ekspert ulgamlary, mehatronika we robot tehnikasy ugurlary boýunça bilim almak ýaşlara önümçiligi «akylly» ulgamlara geçirmek, innowasion senagat kärhanalary üçin maşynlary we robotlary döretmek bilen bagly geljegi uly ugurlary özleşdirmäge ýol açýar. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda täze girizilen awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünärini ele almak ýaşlara ýurdumyzyň IT kompaniýalarynda, hususy düzümlerinde, innowasion merkezlerinde we bank ulgamynda kiberhowpsuzlygy goramak ýaly ugurlarda zähmet çekmäge ýardam eder.
Ynsanperwer bilimler
we halkara gatnaşyklar:
► parahatçylyk we bitaraplyk;
► urdu dili, türkmen dili we edebiýaty;
► defektologiýa, psihologiýa we beýlekiler.
Ynsanperwer ugurlar we durmuş ugurly hünärler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň täzelenen okuw maksatnamalarynda mynasyp orun alýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna okuwa girmäge resminama tabşyrjak ýaşlara hünärmen maksatnamasy boýunça defektologiýa, psihologiýa, arap dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty, ekologiýa ugurlary boýunça bilim almaga giň mümkinçilikler açylýar. Pedagogika, defektologiýa we psihologiýa hünärleriniň girizilmegi jemgyýetiň inklýuziw bilime bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga gönükdirilip, şol ugurlary saýlan ýaşlar geljekde umumybilim berýän mekdeplerde, ýöriteleşdirilen bilim edaralarynda we psihologik maslahat beriş merkezlerinde zähmet çekip bilerler.
Daşary ýurt dilleri we halkara gatnaşyklar bilen bagly ugurlar ýaşlara zähmet bazarynda uly islege eýe bolan hünärmenler bolup ýetişmäge kömek edýär. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bakalawr maksatnamasy esasynda urdu dili, türkmen dili we edebiýaty taýýarlyk ugry boýunça hünäriň girizilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Urdu dilinde soňky ýyllarda Türkmenistan bilen energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy barha berkidýän Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň ilatynyň uly böleginiň gepleýändigini bellemek gerek.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistrlik maksatnamasyna parahatçylyk we bitaraplyk hünäriniň girizilmegi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ylmy-nazary esaslaryny çuňlaşdyrmak we halkara derejesinde parahatçylygy wagyz etmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bu hünäriň uçurymlary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende götermek, umumadamzat meseleleriniň parahatçylykly çözülmegine ýardam bermek bilen bagly jogapkärli wezipelerde işläp bilerler.
* * *
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli täzelenilip, ýaş nesilleriň kämillik menzillerine okdurylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eşretli zamanamyzyň bagtyýar ýaşlarynyň şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, isle uzak ýyllar bäri dowam edip gelýän, isle täze döredilen hünär ugurlary boýunça çuňňur bilim alyp, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza peýda getirjek şahsyýetler bolup ýetişmeklerini arzuw edýäris.