Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Eziz Watanymyza buý­sanç

Eziz Watanymyza buý­sanç

13 Iýul, 2026 Makalalar
33

Bag­ty­ýar hal­ky­myz toý-baý­ram­ly gün­le­re buý­sa­nyp, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür be­ýik ösüş­le­ri, bag­ty­ýar­ly­gy peş­geş ber­ýär. Hal­ky­myz bag­ty­ýar­ly­ga, be­ýik ösüş­le­re buý­sa­nyp, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk to­ýu­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýar.

Ber­ka­rar ýur­du­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýy­ly için­de uly hem-de şöh­rat­ly ýo­ly geç­di. Ýur­du­my­zyň içe­ri sy­ýa­sa­tyn­da jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lyp, hal­ky­my­zyň, her bir ra­ýa­tyň bag­ty­ýar­ly­gy üp­jün edil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zy dün­ýä­niň iň ösen we öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýän su­but­na­ma­dyr. Şeý­le hem dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň ne­ti­je­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz ös­dü­ril­ýär, halk bäh­bit­li iş­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­ýän ýurt hök­mün­de dün­ýä­de giň­den yk­rar edil­ýär. Hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, gu­jur-gaý­ra­ty, zäh­met­sö­ýer­li­gi, dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň baş şer­ti bo­lup dur­ýar. Aja­ýyp za­ma­na­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri has-da ber­kit­mek, Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wa­ty­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak asyl­ly mak­sat­la­ryň bi­ri­dir. Mu­nuň özi di­ňe bir şu gün­ki ösü­şi däl, eý­sem, röw­şen gel­je­gi hem üp­jün ed­ýär. Hut şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz ösü­şiň has ýo­ka­ry sep­git­le­ri­ne eýe bol­ýar, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­za döw­re­bap müm­kin­çi­lik­ler or­naş­dy­ryl­ýar.

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, hal­kyň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak ba­ba­tyn­da oý­la­ny­şyk­ly iş­le­nip dü­zü­len we hä­zir­ki wagt­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da her bir ra­ýa­tyň dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi­ne, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len aý­dyň iş­ler­dir. Hut şo­nuň üçin hem hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­li­gi, ösüş­le­re go­şant goş­ma­ga bo­lan yl­ha­my has-da ýo­ka­ry­dyr. Bu bol­sa eziz hal­ky­my­zyň döw­let bi­len je­bis­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şöh­rat­ly ýo­lu­ny has-da ro­waç­lan­dyr­ýar. Çün­ki hal­ky­myz Wa­ta­nyň ösüş­le­ri­ne go­şant goş­mak bi­len Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi has-da şöh­rat­lan­dyr­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk mil­le­tiň ru­hu­na ruh, mer­te­be­si­ne mer­te­be, do­wa­ma­ty­na do­wa­mat goş­ýar. Bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň döw­let­li bo­sa­ga­syn­da şan­ly se­ne — döw­le­ti­mi­ziň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk to­ýy dur. Mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk geç­mi­şi­mi­ze bo­lan sar­pa, gel­je­gi­mi­ze bo­lan uly ynam­dyr. Ga­raş­syz­lyk şug­la­syn­dan nur al­ýan aja­ýyp ýo­lu­myz par­lak gel­je­gi­mi­ziň aý­dyň ýo­lu­dyr. Bu mu­kad­des ýol be­ýik-be­ýik iş­ler bi­len, giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­lar bi­len yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär.

Ja­han HY­DY­RO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.