Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Watançylyk sapagy — kämillige badalga

Watançylyk sapagy — kämillige badalga

11 Sentýabr, 2026 Makalalar
11

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nesil terbiýesiniň barha kämilleşmegine giň ýol açýar.

Mälim bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy okuw sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Bu sapagy buýsanç bilen «watançylyk sapagy» diýip atlandyrmak bolar. Sebäbi Milli Liderimiz: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip, öz çykyşyny esasy zatdan — watançylyk düşünjesinden başlady.

Gahryman Arkadagymyz sapagyň dowamynda Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler... barada beýan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri, ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, olaryň öwrenmäge höwesini artdyrmak, milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda pähim-parasada ýugrulan ajaýyp pikirlerini beýan etdi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi barada aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara — ýaşlara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür.

Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşlarynda ýaşlary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak barada elmydama döwletli maslahatlary berýärler. Bu ugurda ýaşlaryň bilim-başarnyklara, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş bolmagy, dünýä bilen deň gadam urmagy ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi.

Taryhda türkmen halky baý maddy we ruhy gymmatlyklary, edebi hem-de medeni mirasy bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşupdyr. Her bir halkyň ýa-da milletiň jemgyýetçilik aňynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, onda öz-özüňe bolan milli buýsanç duýgusynyň kemala getirilmegi üçin taryh, milli miras, dil we edebiýat ýaly ylymlaryň üstüne ägirt uly wezipe düşýär. Şonuň üçinem bu ugurlaryň häzirki döwürde hakyky ylym derejesinde has-da dabaralanmagy taryhy zerurlykdyr. Gahryman Arkadagymyz iň gadymy siwilizasiýalary döreden, dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň buýsançly taryhynyň, şöhratly geçmişiniň bardygyny, türkmen topragynyň her bir daban ýeriniň ylmy-barlaglar we gazuw-agtaryş işleri üçin gymmatly çeşmedigini nygtaýar. Türkmen topragynda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijesinde ýurdumyzyň çäkleriniň dünýäniň irki ekerançylyk merkezleriniň biridigi baradaky aýdyň hakykat ýüze çykaryldy. Ençeme gadymy galalary, köşkleri, kerwensaraýlary bolan bu toprakdaky medeni ýadygärlikler, gymmatly edebi miras taryhymyzyň, ata-babalarymyzyň şu günki nesline galdyran baý hazynasydyr, ruhy daýanjydyr. Döwrüniň medeniýetini, sungatyny süňňüne siňdirip, ýalkym saçýan galalar, köşkler, metjitdir medreseler, kerwensaraýlar syrly täsinligini özünde jemleýär. Ýurdumyzyň çägindäki ýadygärlikler adamzadyň irki maddy medeniýetini öwrenýän alymlara — arheologlara, sungatşynaslara öz baý tapyndylaryny bagyş etdi. Geçen umumy okuw sapagynda Gahryman Arkadagymyz uzak ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde zähmet çekende, tanymal arheologlaryň, taryhçylaryň, dünýä belli ussat alym-halypalaryň hut özleri ýa-da olaryň nesil dowamaty bilen bilelikde işleşmek, tejribe alyşmak bagtynyň miýesser edendigini aýratyn belläp geçdi. Milli Liderimiz meşhur arheologlar Wiktor Sarianidi we Nadežda Dubowa ýaly alymlaryň Marguşda, Merwde adamzat ähmiýetli taryhy-ylmy açyşlary etmegine giň mümkinçilikleri döredip berdi. Gahryman Arkadagymyz ýaşlara ýüzlenip, türkmen topragynyň gudraty barada şeýle täsin jümleleri, paýhasly sözleri beýan etdi: «Türkmen topragynyň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu toprak seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýär. Munuň şeýledigini türkmen topragyny öwrenmäge yhlas eden arheolog-alymlar hem gaýta-gaýta aýdardylar».

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda kämil ýörelgeler, ruhy-ahlak kadalar, adatlar kemala gelipdir we nesilden-nesle geçirilipdir. Türkmen halky hünärli bolmagy, zähmet çekmegi durmuşyň manysy hasaplapdyr. Ata-babalarymyz «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlen pähime eýerip, ýaşlaryň edep-ekramly bolmagy barada kämil ýörelgeleri döredipdirler. Halkymyzyň perzent edebi, nesil terbiýesi baradaky aladalary öz ajaýyp miwelerini beripdir. Gahryman Arkadagymyz watançylyk sapagynda perzent terbiýesiniň esasy mazmunynyň Watan mukaddesliginde jemlenýändigine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň hünär öwrenmek, kitaby söýmek, kämil şahsyýet bolup ýetişmek, asylly ahlak häsiýetlerine eýe bolmak, ene-atany, ýaşululary hormatlamak, ýaşkiçileri sylamak baradaky pähimleridir sargytlary ýaşlara durmuşda dogry ýoly görkeziji çelgidir.

Gahryman Arkadagymyz şeýle-de umumy okuw sapagynda atasy Berdimuhamet Annaýewiň bilim we terbiýeçilik işini guraýşy barada gymmatly maglumatlary beýan etdi. Kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ata-ene barada düzen goşgusyndan setirleri okady. Beýik mugallym, türkmen milli bilim ulgamynyň düýbüni tutmakda ägirt uly işleri bitiren Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly biz — mugallymlar üçin görüm-görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk sapagyndaky şu paýhasly sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mugallymlaryny ruhlandyrýar we hünär taýdan kämilleşmäge borçlandyrýar: «Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir».

Milli Liderimiziň bu watançylyk sapagy biziň mugallymçylyk işimize uly goldawdyr. Bu okuw sapagyndan gelip çykýan netijeler ylym-bilimiň kämilleşmeginiň, onuň usulyýet esaslarynyň baýlaşmagynyň özeni, kämil bilime täze badalga bolup, ýaşlar bilen okuw, ylmy-barlag we terbiýeçilik işlerini ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, medeni-taryhy, milli buýsanç hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleri esasynda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirmekde ýol-ýörelge bolup hyzmat eder.

Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda beren tabşyryklary, öwüt-ündewleri hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» hem-de «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bilim işgärleri üçin gymmatly çeşmedir.

Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösüşlere besleýän mümkinçilikleri döredendigi üçin çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegi we kämilleşmegi babatda edýän aladalary, taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleriniň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Durdymyrat ANNAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň kandidaty