XIX. GEOGRAFIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, geografiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, PISA, TIMSS, PIRLS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmakda geografiýa dersine degişli sowallary taýýarlamagyň netijeli usullary (iş tejribesinden).
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, geografiýa sapaklarynda sanly serişdeleriň ulanylyşy.
4. Geografiýa dersiniň okadylyş usulyýetini kämilleşdirmekde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň orny.
5. Geografiýa sapaklarynda STEM usulynyň ulanylyşy.
6. Geografiýa dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. Geografiýa dersinden okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
8. Geografiýa sapaklarynda mental kartalary (akyl kartalary) düzmegiň usullary.
9. Geografiýa dersi boýunça okuwçylar üçin wiktorinalary, kwiz we interaktiw oýunlary peýdalanmagyň ähmiýeti.
10. Geografiýa sapaklarynda «Türkmenistanyň Merkezi Aziýada ykdysady-geografik we syýasy-geografik ýerleşişi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
11. Geografiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň usullary.
12. Umumybilim maksatnamalary boýunça geografiýa dersini okatmakda dersara baglanyşygyny üpjün etmegiň usulyýeti.