Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Milli ýörelgelere eýerip

Milli ýörelgelere eýerip

22 Awgust, 2026 Makalalar
70

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzyň her bir güni şan-şöhrata beslenýär. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr. Geçmişimizi, şu günümizi we geljegimizi berk baglanyşdyryp, biz mundan beýläk-de bu ýol bilen ynamly öňe gideris. Agzybirlikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletlilik ýoluny ynamly dowam etdireris» diýip belleýşi ýaly, uly ösüşleri amala aşyryp, dünýä ýüzünde belent derejä, mertebä eýe bolan ýurdumyzda bagtyýar halkymyz, Watan bähbitli bitirilýän tutumly işleriň hözirini görýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Bu özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Abadançylygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň jemgyýetçilik durmuşymyzyň özeni bolup durýandygynyň güwäsidir.

2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirip, Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna we onuň öňýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesi barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň halkymyzyň örän möhüm meseleleri tejribeli adamlar, at-abraýly ildeşlerimiz bilen geňeşip, aç-açanlykda maslahatlaşyp çözmek ýaly gowy däbi bar» diýip belleýşi ýaly, islendik uly meselede üýşüp, il-güne sala salmak, ýedi ölçäp, bir kesmek, il sylagly ýaşululary ýygnap, olaryň paýhasly wesýetlerine eýerip, il-ýurt bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, pikir alyşmak, netijä gelmek biziň ata-babalarymyzdan miras galan milli ýörelgämizdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde-de döwrüň örän derwaýys meselelerine seredilip, oňyn netijeler çykarylar, çözgütler kabul ediler.

Islendik ýurduň ösüşini jemgyýetiň ylym-bilim derejesi kesgitleýär. Türkmenistan Watanymyzda ylym-bilimiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagy şu hakykatdan ugur alýar. Güneşli Diýarymyzda Garaşsyzlygyň yzysüre ylym-bilim boýunça düýpli özgertmeler geçirildi. Watansöýüji, edep-ekramly, sowatly ýaşlary kemala getirmek şu günki günde bilim ulgamynyň işgärleri üçin uly hem-de mukaddes borç bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde gül açýan Watanymyz, Garaşsyzlygyň ähmiýeti hakynda taýýarlanan iş meýilnamasy boýunça teleradioýaýlymlarda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, gepleşikler, şeýle hem metbugat sahypalaryndaky çykyşlaryň esasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Her bir ýurduň ösmegi üçin, ilkinji nobatda, asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk zerur. Biziň ajaýyp Watanymyzda ýurdumyzy mundan beýlägem ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda bu meselä aýratyn üns berilýär. Asudalyk, agzybirlik, parahatçylyk biziň uly arzuw-niýetlerimiziň hasyl bolmagyny üpjün edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan Watanymyz bütinleý özgerdi. Obalardyr şäherçelerimizi, şäherlerimizi özgertmekde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde, senagat taýdan gülläp ösýän ýurda öwürmekde uzak geljegi nazarlaýan giň gerimli maksatnamalaryň toplumlaýyn işlenip düzülmegi ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylmagyna giň ýol açdy.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny dabaraly toýlajak mähriban halkymyzyň toýlary toýa ulaşsyn!

Orazmämmet BEGJANOW,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň ussat mugallymy, Hormatly il ýaşulusy.
 

Salgylanma: