Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

Bilim işgärleriniň 2026—2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryny we usuly-amaly okuwlaryny geçirmek boýunça usuly maslahatlar

15 Iýul, 2026 Makalalar
303

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatynda başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Milli bilim ulgamynda döredilýän giň we amatly mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda berk binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa okatmagyň täzeçil usullary işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet we milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ökde hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatynda kesgitlenen aýdyň wezipeler, anyk maksatlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça giň gerimli işler güýçli depginler bilen durmuşa geçirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Bilim ulgamynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň tehnologiýasynyň depginli ösüşi häzirki wagtda döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen birlikde, çuňňur watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, hünärli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän döwlet  Baştutanymyzyň tagallalary bilen, röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris».

Häzirki ajaýyp döwrümizde çuňňur watansöýüji, bilimli, ylymly nesiller kemala gelýär.
2025 —  2026-njy okuw ýylynda hem mekdep okuwçylarymyzyň halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary guwandyryjy ýagdaýdyr. Ýaşlarymyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň uly dabaralara beslenip toýlanýan ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleridir.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, bu möhüm ugurda ähli zerur şertler döredildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan düýpli özgertmelerini maksadalaýyk durmuşa geçirmek, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, pedagogik we beýleki işgärleriniň öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek, ýaýratmak hem-de bilim işine ornaşdyrmak, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýüze çykýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2026 — 2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 17—19-njy awgusty aralygynda, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 20-nji awgustda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň öňdebaryjy pedagogik işgärleriniň maslahatlary 22-nji awgustda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçiriler.

 Usuly-amaly okuwlarda:

— bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», bilim ulgamyna degişli beýleki kabul edilen Konsepsiýalara laýyklykda, bilim işini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işler;

─ hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, geçen okuw ýylynda bilim edaralarynda ýolbaşçylygyň, okuw-terbiýeçilik işine gözegçiligiň ýola goýluşy, häzirki zaman mugallymçylyk, usulyýet ylymlarynyň ýüze çykaran täzeliklerini okuw işine ornaşdyrmak, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmek hem-de köpçülige ýaýratmak, dünýä bilim ulgamynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmak, hünär kämilligini artdyrmak boýunçа alnyp barylýan işler;

─ bilim edaralarynda pedagogik işgärleriň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de usuly taýýarlyklarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň täzeçe usullaryny iş tejribelerine ornaşdyrmagyň ýollary;

— okuwçylara başlangyç zähmet endiklerini, durmuşa giňden ornaşýan ösen häzirki zaman tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny öwretmek bilen, olary hünärlere ugrukdyrmak boýunça alnyp barylýan işler;

─ okuwçylarda ýokary medeniýetliligi we ahlak sypatlaryny terbiýelemegiň, terbiýeçilik işlerini türkmen halkynyň milli terbiýeçilik däpleri we umumadamzat ruhy gymmatlyklary, häzirki zaman terbiýeçilik usullary we görnüşleri bilen berk utgaşyklylykda guramagyň ýollary;

─ bilim edaralarynda tejribeli pedagogik işgäriň kärdeşlerine kömek bermek, ýаş hünärmene halypalyk etmek, okatmagy utgaşdyrmak, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek ýaly goşmaça işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy;

─ mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler;

─ çagalaryň jan saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy barada maslahatlaşylmalydyr.

Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäher bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylaryna pedagogik işgärleriň awgust usuly-amaly okuwlaryny hem-de maslahatlaryny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmekligi hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy maslahat berýäris.

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynda baý tejribeli, öz kärine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.

Döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplarynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler döwrebap guralmalydyr. Sergilerde okuw işine, sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplaryny ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, okuwçy gündelikleriniň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalarynyň hem görkezilmegi maksadalaýykdyr.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak has-da täsirli we ähmiýetli bolar.

Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäher bilim müdirligine, etrap (şäher) bilim bölümlerine pedagogik işgärleriň awgust maslahatlarynda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.