Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

16 Iýul, 2026 Makalalar
33

XXXI. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan –— melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Çaý —– melhem hem ylham» atly nusgalyk kitaplarynyň many-mazmuny esasynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrylyşy.

2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylarda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy terbiýelerini bermekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini öwretmekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary.

4. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesilde ýokary ahlak sypatlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň endiklerini kemala getirmegiň we ösdürmegiň iş tejribesinden.

5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, çagalaryň ruhy-ahlak, beden taýdan sagdyn bolmak isleglerini kanagatlandyrmakda, olaryň howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, saglygyny berkitmekde we boş wagtlaryny netijeli geçirmeklerini gazanmakda bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.

6. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak baradaky syýasatyna laýyklykda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bedenterbiýe mugallymlarynyň işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden.

7. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport ýaryşlary geçirilende okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny, ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almagyň iş tejribesinden.

8. Bedenterbiýe sapaklarynda milli we hereketli oýunlardan, döwrebap usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň iş tejribesinden.

9. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň, şahsy gigiýenany, howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň we olaryň bedenini berkitmegiň hem-de bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň usulyýet aýratynlyklary.

10. Bedenterbiýe sapaklary we sapakdan daşary çäreler guralanda, okuwçylar dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlananda olaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazara alyp okatmagyň usulyýet aýratynlyklary.

11. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.

12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bedenterbiýe okuw dersi boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.