XXXIII. MEKDEP KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny wagyz etmegiň, okuwçylara düşündirmegiň iş tejribesinden.
2. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny, ýaş nesle çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek baradaky parasatly sözlerini, gymmatly sargytlaryny wagyz etmegiň iş tejribesinden.
3. Okuwçylarda kitap okamak endigini terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň pedagogik taglymatynyň ähmiýeti we ony ösüp gelýän ýaş nesle düşündirmegiň usullary.
4. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny talabalaýyk berjaý etmek boýunça hem-de umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri, olary amala aşyrmagyň ýollary.
5. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we onuň many-mazmunyny, maksadyny, wezipelerini hem-de bu möhüm Kanunda kesgitlenen hukuk düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmekde mekdep kitaphanaçylarynyň alyp barmaly işleri.
6. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalaryny, üstünliklerini hem-de Diýarymyzda bellenilýän şanly seneleri mekdep kitaphanalarynyň işinde şöhlelendirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
7. Umumybilim berýän orta mekdeplerde elektron kitaphana ulgamlaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
8. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň, sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
9. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjyna laýyklykda, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň iş tejribesinden.
10. Mekdep okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, çagalarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň iş tejribesinden.
11. Umumybilim berýän orta mekdeplerde ýaş kitap söýüjileri ýüze çykarmakda we olarda kitaba bolan söýgini ösdürmekde bäsleşikleri guramagyň iş tejribesinden.
12. Mekdep kitaphanaçysynyň özüniň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmeginiň ýollary.