Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Talyplyk dünýäsiniň bosagasynda

Talyplyk dünýäsiniň bosagasynda

29 Iýul, 2026 Makalalar
1

Şu gün, 29-njy iýulda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlanýar. Talyp diýen hormatly ada mynasyp bolmaga ymtylýan ýaşlaryň durmuşynda möhüm waka bolan giriş synaglaryna Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen badalga berler.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim syýasatynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi üçin zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şu günüň we geljegiň talaplaryndan ugur alnyp, hünär biliminiň derejesi, ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň, şeýle-de täze açylýan hünärlerdir taýýarlyk ugurlarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, okuwa kabul etmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi üçin şu günler ähli tagallalar edilýär. 13 — 26-njy iýul aralygynda ýokary okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edildi.

Şu ýyl ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine talyplyga kabul ediler. Munuň özi geçen ýyldakydan 1 müň 239 orun köpdür. Täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli ykdysadyýetimiziň talaplaryna laýyk gelýän täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň 20-si girizilýär. Şolaryň 10-sy hünärmen, 4-si bakalawr, 6-sy bolsa magistr maksatnamalaryna degişlidir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutulyp girizilen täze hünär ugurlarynda bilim almaga isleg bildiren dalaşgärler hem köp boldy.

Berkarar Watanymyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary we jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşi üçin kämil bilimli, işine ukyply, häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän zehinli hünärmenleri we dolandyryjy işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi. Munuň özi Watanymyzyň uzak möhletleýin esasda durnukly ösüşi, halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşaýşy üçin toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär.

Şeýlelikde, şu gün talyplyga dalaşgär ýaşlar saýlap alan hünär ugrunyň ilkinji synaglaryny tabşyrarlar. Biz hem talyp bolmagy arzuwlaýan ýaşlara synaglarda şowlulyk arzuw edýäris. Talyplygyň bosagasyndaky möhüm möwsüm — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek üçin giriş synaglary 20-nji awgusta çenli dowam eder.

Şu ýerde ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasyna dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegiň 17-nji awgusta çenli dowam edýändigini bellemek gerek. Munuň özi bilim almaga höwesli, kalplary joşgunly ýaşlaryň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşda öz orunlaryny tapmaklary, kämilleşmekleri, ýürekde beslän arzuwlaryny hasyl etmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini tassyklaýar.

(Ýörite habarçymyz).

Salgylanma: