XXVII. TEHNOLOGIÝA (DURMUŞ ZÄHMETI) DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaplaryndan peýdalanyp, durmuş zähmeti sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň usullary.
2. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny durmuş zähmeti sapaklarynda peýdalanmagyň usullary.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim berýän orta mekdeplerde tehnologiýa ylmy ugruna degişli durmuş zähmeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
4. Tehnologiýa (durmuş zähmeti) dersiniň okuw maksatnamasynyň we okuw kitabynyň mazmuny barada özara pikir alyşmak.
5. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda tehnikada ulanylýan çyzyklar, shemalar bilen işlemegi öwretmegiň usullary.
6. Tehnologiýa (oba hojalyk zähmeti) sapaklarynda miweleriň, ir-iýmişleriň we olaryň uzak saklanylyşyny öwretmegiň usullary.
7. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda haly nagyşlarynyň, gölleriň nusgasyny öýjükli kagyza geçirmegi we eriş ýüplerini sanamagy öwretmegiň usullary.
8. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda herekete getirıji mehanizmler we olaryň şertli belgileriniň belgilenilişini öwretmegiň usullary.
9. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda tebigy ýüplüklerden dokalýan matalaryň görnüşlerini we olaryň aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary.
10. Tehnologiýa (tehniki zähmet) sapaklarynda metallaryň iki topara bölünişini we olaryň umumy häsiýetlerini öwretmegiň usullary.
11. Tehnologiýa (hojalyk-durmuş zähmeti) sapaklarynda milli nagyşlaryň tebigat bilen baglanyşykly döredilişini öwretmegiň ýollary.
12. Tehnologiýa (durmuş zähmeti) sapaklarynda hünärlere ugrukdyrmak işleriniň ýola goýluşy.