Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar

Ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar

19 Awgust, 2026 Makalalar
50

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň äh­li bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da, hu­su­san-da, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­ler­de tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri göw­ne­jaý al­nyp ba­ryl­ýar. Et­ra­by­myz­da­ky or­ta mek­dep­le­riň mu­gal­lym­la­ry we beý­le­ki iş­gär­ler to­pa­ry hem tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lan­ma­gy ir­gö­zin­den gö­rel­de­li ýo­la goý­du­lar.

Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň tu­tuş okuw ýy­ly­nyň do­wa­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Bu ba­bat­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin et­ra­by­my­zyň bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik eda­ra­la­ryn­da tä­ze okuw ýy­ly­na yk­jam taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Mek­dep­le­riň bi­na­sy­nyň we synp otag­la­ry­nyň abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy ba­ra­da ala­da edil­ýär.

Et­rap bi­lim bö­lü­mi, öz ge­ze­gin­de, öň­de du­ran tä­ze, 2026 — 2027-nji okuw ýy­ly­na uly taý­ýar­lyk bi­len gel­ýär. Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk gör­me­giň çäk­le­rin­de et­ra­by­myz­da­ky umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň 29-syn­da, şeý­le hem mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň 28-sin­de, Ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler dö­re­di­ji­lik öýün­de de­giş­li abat­la­ýyş we be­zeg iş­le­ri ge­çi­ril­di. Or­ta mek­dep­le­riň iş we synp otag­la­ryn­da, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň oýun hem-de ýa­tyl­ýan otag­la­ryn­da, sport we mej­lis­ler zal­la­ryn­da, aş­ha­na­la­ryn­da ýe­ňil abat­la­ýyş iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­di.

Me­ret­gel­di TÄÇ­MÄM­ME­DOW,
Gy­zy­lar­bat et­rap bi­lim bö­lü­mi­niň mü­di­ri.

Salgylanma: