Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ahalteke bedewleri halkara habarlar giňişliginde

Ahalteke bedewleri halkara habarlar giňişliginde

27 Awgust, 2026 Makalalar
30

Mälim bolşy ýaly, 2 — 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda gözellik boýunça dünýä çempionaty, atly sport we sungat eserleriniň bäsleşikleri geçiriler. Öňde boljak çäreleriň dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirilmegi türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke atlaryna we seýisçilik sungatyna Ýer ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.

Millionlarça okyjysy bolan abraýly neşirler dünýä gymmatlygy hökmünde ahalteke atlarynyň ähmiýeti, Niderlandlar Patyşalygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çäreleriň giň mazmunly maksatnamasy bilen okyjylary tanyşdyrýarlar. «Al Jazeera» internet neşiriniň ýazmagyna görä, altyn çaýylan deýin ýalkym saçýan reňki, uzyn boýny, ajaýyp beden gurluşy bilen ahalteke aty ähli ýerde hemmeleri haýrana goýýar. Bu atlar diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem, türkmen atşynaslyk däpleriniň netijesinde kemala gelen çeýeligi, kuwwatlylygy we çydamlylygy bilen hem tapawutlanýarlar. «Ahalteke aty diňe bir iň owadan bedew hökmünde däl, ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň medeni mirasy hökmünde Niderlandlar Patyşalygyna gelýär» diýip, Katar Döwletiniň abraýly halkara neşiri ýazýar. Şol ýurduň başga bir halkara neşiri bolan «The Peninsula» ahalteke atyny dünýäniň iň gadymy we ajaýyp tohumy hökmünde suratlandyryp, bu atlaryň gaýtalanmajak gözellige, çydamlylyga, üşüklilige we gelip çykyşy boýunça taryhy ähmiýete eýedigini aýratyn nygtaýar. Bellenilişi ýaly, behişdi ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty we atly sport bäsleşikleri diňe bir halkara ähmiýetli çäreleriň toplumy bolman, ol taryhy geçmişi, medeniýeti, sungaty, ylmy, adamyň we bedewiň arasyndaky mizemez baglanyşygy birleşdirýän janly mirasyň baýramydyr. Ol dünýäniň dürli künjeginden atlar bilen gyzyklanýanlary, atşynaslary, alymlary, medeniýet we sungat ussatlaryny hem-de myhmanlary bir ýere jemlär.

Halkara neşirler ahalteke atynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy gelip çykyşyna ünsi çekýärler. Şeýle hem olar öňde boljak çäreleriň maksatnamasy bilen okyjylary tanyşdyrýarlar. Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygyndaky çäreler atlaryň gözellik we dressaž boýunça bäsleşikleri bilen badalga alar. Onuň ikinji gününde bolsa gözellik bäsleşiginde dürli ýaş derejesinde ýeňiji bolan atlardan dünýäniň çempiony saýlanar. Türkmen halkynyň seýisçilik sungatyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň taryhy, medeni we ylmy aýratynlyklary barada giňişleýin söhbet ediler. Ýokary derejeli myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisine gatnaşarlar. Çäreleriň maksatnamasy iň owadan bezelen atlaryň bäsleşigini, konkur bäsleşigini, türkmen medeniýetine, sungatyna we atçylyk sportuna bagyşlanan sergini hem öz içine alýar.

Ýewropanyň «EU Briefs» neşiri «Dünýäniň iň owadan atlary Niderlandlara gelýärler» diýen at bilen täsirli makalalary okyjylara ýetirdi. Neşiriň belleýşi ýaly, şu ýyl Gündogar müçenamasynda ýylky ýylydyr. Bedew türkmen aňyýetinde esasy orunda bolup, ol milli buýsanjyň, gymmatly mirasyň çeşmesi, taryhyň dowamynda ýetilen sepgitleriň nyşanydyr. Abraýly neşir bedewiň türkmen durmuşynda we medeniýetinde tutýan ornuny «At — adamyň ganaty», «Ýigidiň myrady atdyr. At saklamak döwletdir» ýaly jümleleriň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Bedewler asyrlaryň dowamynda milli ruhuň, güýç-kuwwatyň, gözelligiň, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň alamatlaryny özünde jemläpdir. Bu atlaryň deňsiz-taýsyz gözelligi we häsiýeti ony dünýäde iň ajaýyp hem-de meşhur görnüşe öwrüpdir. Şoňa görä-de, Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkara atçylyk jemgyýetiniň wekilleri üçin duşuşyk ýeri däl, eýsem, medeniýetleriň we nesilleriň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat eder. «Gözelligiň, güýç-kuwwatyň, erkinligiň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň synmaz nyşany bolan, ady rowaýata öwrülen ahalteke atlaryny ýakyndan synlamaga geliň!» diýlip, Ýewropa neşirlerinde çagyryş edilýär.

Wengriýanyň «Daily News Hungary» neşiri çempionatyň dünýäniň dürli ýerinden medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we tejribäniň duşuşýan ýerine öwrüljekdigini nygtaýar. Bu atlaryň iň gadymy görnüşleriniň birini ýakyndan synlamak we ony gurşaýan baý milli miras bilen tanyşmak üçin seýrek gaýtalanýan mümkinçilikdir. Atşynaslar, çapyksuwarlar, alymlar we atçylyk bilen gyzyklanýanlar üçin Kronenberg şäheri şu ýylyň halkara atly sport senenamasynda möhüm merkezleriň biri bolar.

Sebitdäki we goňşy ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem Niderlandlar Patyşalygynda boljak çäreleri giňden şöhlelendirýärler. «Kazinform» halkara habarlar agentligi Türkmenistan tarapyndan daşary ýurtda şu derejede ilkinji gezek guralýan dünýä çempionatynyň maksadynyň ahalteke atlarynyň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekden ybaratdygyny belleýär. Türkmen atlary milletiň baýlygy we buýsanç çeşmesidir. Niderlandlar Patyşalygynda boljak çäreler behişdi bedewleriň diňe bir gaýtalanmajak aýratynlyklaryny görkezmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen halkara medeni we sport gatnaşyklaryny hem pugtalandyrar. Meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary geçiriljek çäreleriň hatarynda bolar.

Azerbaýjan Respublikasynyň «Trend», Özbegistan Respublikasynyň «Dunyo» habarlar agentlikleri, Pakistan Yslam Respublikasynyň «The diplomatic views» neşiri ahalteke atlarynyň gözellik boýunça dünýä çempionatynyň giň gerimli çäreleriniň ähmiýeti barada okyjylara makalalary ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, köp sanly ýurtlardan wekilleri jemlejek bu çäreler ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça gymmatly mirasy gorap saklamaga we ösdürmäge goşant goşmak bilen, halkara hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Türkmeniň milli mirasyna bagyşlanyp Ýewropanyň jümmüşinde geçiriljek çäreler Uzak Gündogarda hem çuňňur gyzyklanma döredýär. «The Korea Herald» neşiri şu ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýetini belleýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy milli buýsanjy artdyran möhüm waka bolup, türkmen atşynaslyk sungatynyň nobatdaky halkara ykrarnamasy boldy. Kronenberg şäherinde hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karlo we beýleki halkara arenalardaky ýaly ajaýyp çykyşlary üstünlikli ýerine ýetirer. Gözelligi, ýyndamlygy we güýç-kuwwaty bilen ahalteke aty türkmen halkynyň esasy nyşanlarynyň biridir. Neşir bu gymmatly mirasy gorap saklamak boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işlere okyjylaryň ünsüni çekýär. Şunda Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, atly sport toplumlary we ylmy merkezler aýratyn nygtalýar. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy köp ýurtdan atşynaslary we degişli hünärmenleri birleşdirýär. Ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi, at çapyşyklary we beýleki ýaryşlar her ýyl guralýar.

Mahlasy, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda gözellik boýunça dünýä çempionatynyň, atly sport we sungat eserleriniň bäsleşikleriniň halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda abraýly neşirlerde giňden şöhlelenme tapmagy halkymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize gelip ýeten hem-de mynasyp derejede ösdürilýän milli mirasyna tutuş dünýäde aýratyn gadyr goýulýandygyny tassyklaýar.

Begli ABDYKADYROW.
«Türkmenistan».