«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy toýlanýar. Şeýle şanly wakalar bilen bir hatarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi ildeşlerimizde buýsanç döredýär. Çünki toýlary toýlara ulaşýan ilimizde geňeş etmek, halk bolup maslahatlaşmak agzybirligiň we döwletliligiň ýoly hasaplanylýar. Munuň özi halkymyzyň asylly ýolunyň, milli demokratiýasynyň rowaçlygy bolup dabaralanýar.
Halkymyzyň köpasyrlyk taryhyndan gözbaş alýan, il içinde abraýly, sylagly adamlaryň jem bolmagynda geňeş etmek, maslahat geçirmek ýaly asylly däbine eýerilip geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il-ýurt bähbidini öňe sürýär. Şu şanly ýylymyz bedew batly ösüşlere baý ýyllaryň biridir. Bu ösüşleri has-da rowaçlandyrmak, halk bähbitli işleri üstünlikli durmuşa geçirmek belent maksadymyz bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, maslahatlaşyp, halkyň isleg-arzuwlaryny, tekliplerini öwrenmek we işleri sazlaşykly alyp gitmek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle hem bu ýörelge milli demokratiýanyň aýdyň beýanydyr.
Türkmen halky beýik ösüşlere beslenýän ajaýyp zamanda ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimiz has-da ösdürilýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler türkmen ykdysadyýetine, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna oňaýly täsir edýär. Türkmen halkynyň toýlary toýlara ulaşýar, baýramlar uly dabaralar bilen bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýokary derejede geçiriler. Munuň özi ata-baba gelýän ýörelgelerimizi dabaralandyrar. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahaty asyrlaryň dowamyndan gelýän agzybirligimiziň, milli demokratik ýörelgelerimiziň döwrebap ösdürilmegidir. Taryhda ata-babalarymyz hem il sylagly ýaşululary ýygnap, uly maslahat geçirip, il-ýurt bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Muny gadymdan galan nakyllar, atalar sözleri aýdyň beýan edýär. Muňa mysal edip, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýlen nakyllary görkezmek bolar. Bu paýhasly sözler türkmen halkynyň her bir işi maslahatly edýändigini beýan edýär.
Ýurdumyzyň syýasy, demokratiýa babatdaky gazanýan üstünlikleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkymyzyň milliligine we halkara oňyn tejribesine daýanýan kämil derejeli, maddy we ruhy medeniýetli ynsanperwer we adalatly jemgyýet döwletliligiň berk binýadydyr. Ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmak, milli ýörelgelere eýermek, amal edilýän beýik işlere toplumlaýyn we sazlaşykly çemeleşmek, täzeçillik ýaly mukaddes ýörelgeler bu gün türkmen jemgyýetiniň esasyny düzýär. Jemgyýetimiziň ýokary göteriliş derejesi ýurdumyzyň bedew batly ösüşinde, onuň ykdysady we medeni, intellektual baýlyklarynyň artdyrylmagynda, her bir şahsyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde, eşretli we abadan durmuşyň kemala getirilmeginde has-da aýdyň görünýär.
Ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan hemme çärelerde milli ýörelgelerimiziň esasy orunda bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa türkmen jemgyýetiniň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, döwürleriň we nesilleriň üznüksiz arabaglanyşygyny şertlendirýär. Milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny äleme äşgär edýär.