Bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, kämil we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň çagalar baglarynda hem körpeleriň tomus paslyny şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir.
Arkadag şäherindäki 4-nji çagalar bagynda şu günler tomus sagaldyş möwsümi mynasybetli aýdym-sazly we sport çäreleri yzygiderli guralýar. Çagalar bagynda körpeleriň gatnaşmagynda halk ertekileri esasynda taýýarlanan sahna oýunlary, goşgy aýtmak we şadyýan tans etmek boýunça bäsleşikler geçirilýär. Aýdym-sazyň üsti bilen çagalaryň gözellik duýgulary baýlaşdyrylsa, şadyýan ritmler arkaly olaryň her bir güni has-da şowhunly geçýär. Şadyýan bäsleşikler, estafeta oýunlary, çagalaryň ýaşyna laýyk gelýän sport ýaryşlary körpelerde toparda agzybir işlemek, çalasynlyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri kemala getirýär. Surat çekmek we plastilinden dürli şekiljikleri ýasamak boýunça geçirilýän bäsleşikler çagalaryň döredijilik ukybyny, ownuk motorikasyny, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Geçirilýän her bir çäre körpeleriň diňe bir wagtyny hoş geçirmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň akyl we beden taýdan sazlaşykly ösmegine, dünýägaraýşynyň giňemegine oňaýly täsir edýär.