
Arslan ATAHANOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, atlaryň gözelligini nakgaşçylyk eserlerinde wasp etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijisi:
— Ahalteke atlarynyň dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşikde nakgaşçylyk ugry boýunça ýeňiji bolmagym meni diýseň begendirdi we täze döredijilikli gözleglere ruhlandyrdy. Öz döreden eserimde halkymyzyň guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň gaýtalanmajak owadanlygyny, täsin öwüşginlerini we olaryň asylly häsiýetini reňkleriň üsti bilen kämil derejede tanyşdyrmaga çalyşdym. Döredijilik bäsleşigi behişdi bedewlerimize hem-de medeniýete we sungata goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Milli mirasymyzy sungat arkaly bütin dünýä görkezmäge giň ýol açýan, milli döredijiligiň we sungatyň yzygiderli ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzy aýdýarys.