Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň terbiýesini hemme zatdan ýokarda goýup gelýär. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi, halk pedagogikasy müňýyllyklaryň dowamynda toplanan durmuş tejribesiniň netijesidir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen pähim ata-babalarymyzyň nesil hakyndaky aladasynyň düýplüdigini görkezýär. Ýaşlaryň zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin halkymyzyň milli terbiýeçilik ýol-ýörelgesi asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk mekdepdir.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda şeýle belledi: «Iň gymmatly miras terbiýedir. Ynsanyň bagtyýarlygy diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydyr.
«Çagaly öý — bazar», «Çaga — ömrüň dowamy» ýaly parasatly setirleri döreden türkmen halky ösüp gelýän ýaş nesillere aýawly garapdyrlar. Biz pederlerimiziň «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen pähiminden ugur alyp, nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris. Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň baş maksadymyzdyr».
Terbiýeli, bilimli, sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ilki maşgalanyň, soňra çagalar bagynyň, mekdebiň we jemgyýetiň täsiri örän uludyr. Maşgala jemgyýetiň iň esasy sütünidir. Bu sütüniň berkligi röwşen geljegimiziň binýadydyr. Çaga terbiýesinde ene-ata jogapkärçilik duýgusyna, ýeterlik ylym-bilime eýe bolmalydyr. Ene-ata öz çagasyna hemmetaraplaýyn görelde bolmalydyr. Çagany sagdyn ulaltmak, oňa tertip-düzgüni, zähmetsöýerligi öwretmek, oňat bilim bermek wajyp wezipelerdir.
Çaganyň irki ýaşy onuň aň-düşünjesini, şahsyýetini we durmuş edebini kemala getirmekde iň wajyp döwürdir. Oňa öz wagtynda täsir etmek bolsa, geljekki şahsyýet, maşgala we jemgyýet üçin ähmiýetlidir. Diýmek, çagalyk döwri kämil şahsyýeti kemala getirmegiň başlangyç we esasy döwrüdir.