Başlangyç synplarda matematika sapagy okuwçylaryň pikirleniş ukybyny, ünsüni we logiki düşünjesini ösdürýän möhüm dersleriň biridir. Bu dersi netijeli öwretmekde dürli usullar ulanylýar. Şolaryň arasynda oýunlar aýratyn orun eýeleýär. Oýunlar başlangyç synp okuwçylarynyň matematika bolan gyzyklanmasyny artdyryp, dersiň gyzykly geçmegine ýardam edýär.
Oýunlaryň kömegi bilen okuwçylar sanlary, hasaplamalary we dürli matematiki düşünjeleri aňsat özleşdirýärler. Mysal üçin, sanlary deňeşdirmek, goşmak ýa-da aýyrmak bilen baglanyşykly oýunlar çagalaryň bilimini berkitmäge kömek edýär. Şeýle oýunlarda çagalar topar bolup işlemegi, meseleleri çözmegiň dürli ýollaryny gözleýärler. Bu bolsa olaryň döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürýär.
Matematika sapaklary üçin oýunlaryň köp görnüşi bar. Mysal üçin, «Kim tiz hasaplar?» oýnunda okuwçylar berlen meseleleri çalt we dogry çözmäge çalyşýarlar. Bu oýun olaryň hasaplama tizligini ösdürýär. «Sen tap!» oýnunda mugallym haýsy-da bolsa bir sany ýadynda saklaýar, okuwçylar bolsa sorag berip ýa-da maglumatlary ulanyp, şol sany tapmaga synanyşýarlar. Bu oýun logiki pikirlenmäni ösdürýär.
Interaktiw usulda miltimedia tagtasynda geçirilýän oýunlar okuwçylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Okuwçylar diňe bir diňleýji bolman, eýsem, sapaga işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, «Dogry jogaby saýla!» oýnunda interaktiw tagtada birnäçe jogap görkezilýär. Okuwçy berlen mysaly çözüp, dogry jogaby saýlaýar.
«Sanlary ýerleşdir!» oýnunda bolsa okuwçylar sanlary kiçiden ulusyna ýa-da uludan kiçisine dogry tertipde ýerleşdirýärler. Bu oýun san düşünjesini berkitmäge kömek edýär.
Umuman, okatmagyň oýun usuly başlangyç synplar üçin has-da täsirli we netijeli usullaryň biridir. Netijede, sapaklar has gyzykly, döwrebap we täsirli ýagdaýa eýe bolup, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär hem-de bilimleriň has berk özleşdirilmegine ýardam berýär.
Bilim ulgamynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi matematikany okatmagyň hiliniň ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Häzirki zaman bilim Konsepsiýasy okuwçynyň döredijilikli, özbaşdak pikirlenýän şahsyýet hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir. Şol sebäpli sapaklarda diňe maglumat bermek bilen çäklenmän, okuwçylaryň işjeňligini artdyrýan usullardan, şol sanda tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. Başlangyç synplarda matematika sapagynda okatmagyň okuw maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda, okuwçylara meseleleri özbaşdak çözmek, toparlarda işlemek, pikir alyşmak we öz bilimlerini durmuşda ýerlikli ulanmak öwredilýär. Oýun usuly bu maksatlary amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.