Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Çagalaryň dynç alşy guramaçylykly geçirilýär

Çagalaryň dynç alşy guramaçylykly geçirilýär

7 Iýul, 2026 Makalalar
41

Ýakynda Gökderede ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Ýangyna garşy meýletinçiler jemgyýeti, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti hem-de Ýangyn-amaly sport federasiýasy bilelikde gurady. Gyzykly geçen bäsleşige merkezlerde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijiler toparynyň 14-si gatnaşdy.

10 — 14 ýaşly ýetginjek oglanlar 5 tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde özleriniň çalasynlygyny we ýangyna garşy göreşmek ukyplaryny görkezdiler. Olar agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmek, ýangyn suw pürküjisini suw geçirijä çalt birikdirip-aýyrmak, pökgüleri nyşana düşürmek hem-de ýangyn söndürijini dogry ulanyp, emeli ýangyny söndürmek boýunça bäsleşdiler. Emin agzalaryň baha bermeginde ýeňijiler yglan edildi. Netijede, 1-nji orna Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 2-nji orna «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň, 3-nji orna bolsa «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ýaş ýangyn söndürijiler topary mynasyp boldy.

Ýeňijilere we ýaryşa gatnaşan ýaş we iň çalasyn türgenlere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar berildi. Şeýle hem Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň toparyna ýangyn-amaly sporty bilen baglanyşykly bäsleşigiň göçme kubogy gowşuryldy.

Biz hem bu ýere gelenleriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.

Dünýä ŞYHMÄDOWA,
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni:

― Bu günki geçirilen ýaryş ýaş nesliň beden we aň taýdan sazlaşykly kemala gelmegine, dynç alýan döwründe ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge şert döredýär. Gözel tebigatymyza aýawly çemeleşmek, ony ýüze çykyp biljek ýangyndan goramak babatda ösüp gelýän nesillere düşünje bermek ählimiziň borjumyz. Guramamyz bu ugurda yzygiderli çäreleri geçirýär. Muňa mysal hökmünde, şu ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň Aral deňziniň sebitindäki ekoulgamlary durnukly dolandyrmak boýunça taslamasynyň çäklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda guralan «Amyderýa» döwlet tebigy goraghanasyna iki günlük ekosyýahat çäresini görkezmek bolar. Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde «Ýaşyl» geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäräni geçirdik. Onuň çäklerinde Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň muzeýine guralan gezelençde ýaş ekologlar ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, tebigy aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny aýawly saklamakda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jennet SEÝITMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby:

― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, biz talyplara okamakda, hünär öwrenmekde we ony amalyýetde kämilleşdirmekde giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem okuw-terbiýeçilik tejribeligimizi gözel Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän ajaýyp Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde geçmegimizdir.

Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik tejribeligimi bu ýerdäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde terbiýeçiniň kömekçisi hökmünde geçýärin. Men bu ýerdäki çagalar bilen örän ysnyşdym. Olar bilen dürli oýunlary oýnamak we bilýän zatlarymy öwretmek meniň üçin ýakymly. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri üçin surat çekmek we saz gurnaklary, gyzlar üçin el iş gurnagy hereket edýär. Ýaş nesilleriň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, biz bilelikde gerbariý hem ýygnaýarys. Oglanlar bolsa agaçdan dürli esbaplary ýasaýarlar hem-de sport bilen meşgullanýarlar.

Ýeňiş ORAZDURDYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 47-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy:

― Biz bu ýaryşa toparymyz bilen ykjam taýýarlandyk. Men agaç päsgelçiliklerinden ylgap geçmekde bäsdeşimden üstün çykdym. Ýaryşda ýeňiji bolmagymyz toparymyzyň agzybirligi we çalasynlygy bilen baglanyşyklydyr. Sport meniň halaýan güýmenjäm. Geljekde tanymal futbolçy bolmak isleýärin.

Bagtyýar nesliň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmegi üçin tagallalary edýän mähriban Prezidentimize sagbolsun aýdýaryn.

Zyba SÄHETMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy:

― Men «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýaryn. Bu ýerde sport we beýleki dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Men hem ýakynda geçirilen merkezara sport bäsleşiginiň uzak aralyga bökmek görnüşi boýunça birinji orna mynasyp boldum.

Sportuň karate görnüşi bilen meşgullanyp, Aşgabat şäheriniň birinjiliginde hem baýrakly orun aldym. Bu günki ýaryşa gatnaşýan ähli deň-duşlaryma üstünlik arzuw edýärin.

Gurbansoltan PIRIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy.