«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze 2026 — 2027-nji okuw ýylyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guramaçylykly taýýarlanylýar.
Ýurdumyzdaky bazarlaryň, uly söwda nokatlarynyň ýanynda ýokary derejede guralan mekdep bazarlary şu günler has-da köp adamly. Bu ýerde mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar üçin zerur okuw esbaplarynyň örän köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryndaky haryt bolçulygyny göreniňde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýändiginiň şaýady bolýarsyň. Mekdep okuwçylary ata-eneleri bilen bu ýere gelip, okuw esbaplaryny, mekdep lybaslaryny isleglerine we ýaş aýratynlyklaryna görä saýlap-seçip alýarlar. Satuwa çykarylan döwrebap hem-de ýokary hilli okuw esbaplary, milli biçüwde tikilen okuwçy lybaslary alyjylaryň göwnüne diýseň ýaraýar.
Paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýat merkezlerinde, etraplarda, şäherlerde ýokary derejede guralan mekdep bazarlary köp adamly bolup, bu ýerdäki harytlaryň alyjylaryň islegini kanagatlandyrmagy esasy talapdyr. Halkyň islegleriniň häzirki ösen döwründe olaryň göwnüne laýyk harytlary hödürlemek, olara ýokary hilli, göwnejaý hyzmat etmek möhüm wezipedir.
Ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň hem öz ýöriteleşdirilen dükanlarynda okuw esbaplarynyň we mekdep lybaslarynyň söwdasyny göwnejaý guramaklary mekdep bazarynyň köpugurly guralmagyna oňyn täsir edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli harytlar hem örän elýeterliligi hem-de köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.
Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigi guwandyryjydyr. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» we Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň nyşan belgisi bilen okuwçylara niýetlenip çykarylan depderler, gündelikler we beýleki zerur okuw esbaplary amatlylygy, ajaýyp bezegi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen okuwçy lybaslary hem uly-kiçi — hemmeleriň göwnüne ýaraýar.