Häzirki döwürde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi halkara derejede ösdürmäge ukyply, jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeläp, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyna gönükdirilen beýik işlere mynasyp goşant goşjak ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýyly üçin giriş synaglaryna guramaçylykly girişildi. Gahryman Arkadagymyzyň paýhas-yhlasyndan, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalaryndan binýat bolan Arkadag şäheriniň degişli bilim edaralarynda hem bu möwsüm uly üstünliklere beslenip dowam edýär.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly ýola goýuldy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde bolsa synaglar üstünlikli tamamlandy. Giriş synaglarynyň barşynda dalaşgärleriň bilimini, ukyp-başarnyklaryny adalatly bahalandyrmak üçin bilim edaralarynda döwrebap mümkinçilikler hem-de ähli zerur şertler döredildi. Okuw mekdeplerine zehinli, yhlasly, saýlap alan hünärine söýgüsi bolan, mynasyp ýaşlary kabul etmäge aýratyn üns berildi. Çünki Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim işgärlerine hem-de ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Ynamy ödemek — häzirki zaman ylym-biliminden, kämil tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, Watana wepaly, il-güne haýyrly zähmetsöýer ýaşlary kemala getirmek bolsa pedagoglaryň öňündäki mukaddes borçdur.
Behişdi bedewleriň asyl mekanynda bina edilen atçylyk ugurly ýokary okuw mekdebiniň tejribeli mugallymlarynyň buýsanç bilen belleýşi ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinden atşynaslyk hünärine ykbalyny baglamagy höwes edýän ýaşlaryň sany has-da köp boldy. Ýokary okuw mekdebinde atçylyk, weterinar lukmançylygy, seýisçilik, atly sport we atly syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri boýunça ýaşlara ýokary bilim berilýär. Atly sport we milli at üstündäki oýunlar hünärleri boýunça giriş synaglary, ilkinji nobatda, dalaşgärleriň ahalteke bedewlerine erk edip bilşi bilen baglanyşykly geçirilýär. Çünki bu hünäre isleg bildirýän ýaşlarda höwes bilen birlikde, bedewlere bolan özboluşly söýgi, aýratyn ukyp-başarnyk hem zerur. Ynsan gylykly bedewleriň duýgurlygy atly sporta dalaş edýän ýaşlaryň başarnygyny açyp görkezmäge ýakyndan ýardam edýär.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda behişdi bedewlerimize aýratyn gadyr-gymmat goýulýar. Olaryň şan-şöhraty dünýä ýüzünde belende göterilýär. Şunda ýurdumyzyň atçylyk toplumlaryna, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna aýratyn orun degişli. Çünki dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiklerinde atçylyk ugurly sport bäsleşiklerinde ahalteke bedewleriniň gazanýan üstünlikleri buýsanmaga mynasyp.
Halkymyzda kesp-kär, hünär meselesine örän çynlakaý garalýar. Ata-babalarymyz bala-çagalaryna heniz kiçi döwürlerinden haýsy hem bolsa bir hünäri öwretmegiň aladasynda gezipdirler. Muňa halkymyzyň döreden «Ýigit görki — hünär», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor», «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Hünär eýesini eziz eder», «Hünärli ýigit — miweli agaç» ýaly nakyllarydyr atalar sözleri mysaldyr. Şol döwürlerde oglanlara daýhançylygyň, maldarçylygyň, külalçylygyň, ussaçylygyň, seýisçiligiň inçe syrlary öwredilen bolsa, gyzlara haly, keteni dokamak, köýnek tikmek, tahýa gaýamak, jorap örmek we beýleki el işleri öwredilipdir. Türkmençilik mekdebini geçip, hakyky zähmet terbiýesinde kemala gelen nesiller il-güne, Watana wepaly adamlar bolup ýetişipdirler. Bu dowamat asyrlardan asyrlara sapyp, halkymyzyň iň asylly ýörelgeleriniň birine öwrülipdir. Görnüşi ýaly, bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär. Sanlyja günlerden elleri kitap-depderli, ýürekleri müň dürli arzuwdan doly ýaşlaryň müňlerçesi talyp diýen belent adyň eýesi bolup, bilimler dünýäsiniň işiginden ätlärler. Üstünlik hemraňyz bolsun, gadyrly ýaşlar!