Aşgabatly okuwçylaryň üstünligi

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary Russiýada geçirilen «Öz Watanyň barada dünýä gürrüň ber» atly halkara bäsleşikde ýeňiji boldular. Bu bäsleşik halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, ýaşlary dürli ýurtlaryň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin ýylyň-ýylyna guralýar.
Daşary ýurtlardaky rus mekdepleriniň assosiasiýasynyň düzümine girýän Aşgabatdaky bilim ojagyndan bäsleşige jemi 18 sany döredijilik işi hödürlenip, şolaryň ikisi eminleriň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, mekdebiň okuwçysy G.Wlasenkonyň taslamasy indi ençeme ýyldan bäri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni dialogyň, hakyky dostlugyň köprüsi bolup hyzmat edip gelýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine bagyşlanypdyr. M.Farsiýansyň işinde bolsa Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän, meşhur rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän meýdançanyň taryhyndan we onuň häzirki ýagdaýyndan söz açylýar. Mekdebiň ýolbaşçylary zehinli okuwçylary gazanan üstünligi bilen gutlap, şeýle bäsleşikleriň milli medeni gymmatlyklary wagyz etmekde, Arkalaşygyň çäginde özara düşünişmek gatnaşyklaryny ilerletmekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Bilim alyşmalaryny ilerledip

Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny halkara derejede ösdürmek ugrunda edýän tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň abraýly bilim ojaklary bilen göni gatnaşyklary ýola goýup, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýärler. Häzir dowam edýän tomus paslynda türkmen talyplarynyň onlarçasynyň daşary ýurtlarda okuw-önümçilik tejribeliklerini geçmäge mümkinçilik almagynyň mysalynda-da muňa göz ýetirmek bolýar.
Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçýän okuw-önümçilik tejribeligi netijeli häsiýete eýe bolup, ol Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda şu ýylyň aprelinde gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda guralýar. Saparyň maksatnamasynyň çäginde talyplar Hytaýyň Milli nebit korporasiýasyna (CNPC) we onuň önümçilik desgalaryna baryp görerler. Şeýle-de olar üçin «Hytaý diliniň esaslary», «Hytaý medeniýeti», «Ýaşyl» energetika, uglerod zyňyndylaryny azaltmak», «Nebitiň we gazyň geljegi», «Ýüpek ýolunyň ugrunda energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçilikleri» atly mowzuklar boýunça gysga möhletli okuwlar guralýar. Sapaklary bolsa Hytaýyň nebit uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlary geçýärler.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplarynyň 18-si şu ýyl rus dili boýunça sözleýiş başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin Moskwada ýörite okuwlary geçmäge mümkinçilik aldy. Olaryň bu sapary Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti bilen gol çekilen Ähtnama laýyklykda guralýar. Oňa gatnaşmak üçin fonetika, dogry ýazmak, grammatika, söz ýasalyşy, leksika, sintaksis, rus edebiýatynyň esaslary boýunça ýazuwly test tabşyrmak, şeýle-de ýatdan gepleýiş we kommunikatiw başarnyklaryna baha berýän höweslendiriji audioýazgy bilen çykyş etmek ýaly iki şertden ybarat bolan bäsleşikden üstünlikli geçen talyplar saýlanyp alyndy. Sözleýiş tejribeliginiň maksatnamasy «Beýik dili öwrenýärin» atly bilim maksatnamasynyň çäklerinde RF-niň Magaryf ministrliginiň we «Meniň taryhym» atly ynsanperwer taslamalar gaznasynyň goldaw bermeginde Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersiteti tarapyndan taýýarlanyldy.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanan 6 sany talyp bolsa Koreýa Respublikasynyň Kangwon milli uniwersitetinde okuw tejribeligini geçmäge hukuk gazandy. Olar koreý dilini, medeniýetini öwrenmek, ýaşlarda amaly endikleri kemala getirmek maksady bilen guralan tejribeligiň çäklerinde çuňlaşdyrylan sözleýiş derslerini yzygiderli özleşdirdiler. Munuň özi geljekde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda sanly bilim mümkinçiliklerini birleşdirmäge, bilelikdäki halkara maslahatlary guramaga, professor-mugallymlaryň hünär tejribesini kämilleşdirmäge ýardam eder. Okuw tejribeligi talyplara diňe bir saýlap alan hünärini kämilleşdirmäge däl, eýsem, Gündogaryň baý medeniýeti, milli gymmatlyklary, koreý halkynyň däp-dessurlary bilen içgin tanyşmaga hem amatly mümkinçilik boldy.