Her ýylyň sentýabr aýynda müňlerçe talyp ýaşlar bilim dünýäsine ilkinji gezek gadam basýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlaryň çeken zähmeti, eden yhlasy, kalbynda beslän arzuwlary wysalyna gowuşdy. Biz hem gazetimiziň şu sanynda olaryň ýürek buýsançlaryny, geljekki maksatlaryny siz bilen paýlaşmagy makul bildik. Geljekki hünär eýeleri bolan ýaşlaryň joşgunly ýürek sözleri sizde hem ýakymly duýgulary galdyrar diýip umyt edýäris.
Bibijan EMIRKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby:
— Ynsan durmuşynyň ýatdan çykmajak pursatlarynyň biri-de talyplyk bagtyna mynasyp bolan günüdir. Maňa hem şeýle bagtyň eýesi bolmak miýesser etdi. Heniz çagalyk döwrümde kämil sungat eserleri meniň döredijilige bolan höwesimi has-da artdyrdy. Men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk ugry boýunça okuwymy üstünlikli tamamladym. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldum. Saýlap alan heýkeltaraşlyk ugrumda gowy okap, ýurdumyzyň üstünliklerine mynasyp goşandymy goşjakdygyma tüýs ýürekden ynandyrýaryn.
Bagtyýar ýaşlaryň saýlap alan hünärinde döwrebap bilim-ylym almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!