Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly 35 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň mekany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, ulag infrastrukturalarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, zähmet üstünlikleri mähriban halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bu bolsa biziň her birimize ýurdumyzyň pajarlap ösüşine mynasyp goşant goşmagymyza egsilmez güýç-kuwwat berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek babatda hem möhüm teklipler beýan ediler.
Ýaşuly nesliň agzybirligi, milli bitewüligi, ata Watana söýgini, halallygy ündeýjiler hökmündäki hyzmaty örän uludyr. Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň mirasyna we ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde, watançylyk, zähmetsöýerlik, mertlik häsiýetlerini kemala getirmekde asylly görelde görkezýän ata-enelerimiz ojaklarymyzyň gelşigidir.
Şu günler ýerlerde hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek boýunça maslahatdyr duşuşyklara giň gerim berlip, bu babatdaky işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilýär. Biz — bilim işgärleri hem hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, öňde goýlan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde mynasyp goşandymyzy goşarys.
Eziz Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!