Häzirki wagtda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde resminamalary kabul etmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu döwür talyplyga dalaşgärler üçin dartgynly döwür. Şeýle ýagdaýlarda ýaşlara töweregindäkileriň maslahatlary gerek. Biz hem giriş synaglary döwründe dartgynlylygy ýeňip, dynç almagy hem-de okamagy dogry guramagyň aýratynlyklary, hünär saýlap almak, ýatkeşligiňi berkitmek we ruhubelentligiňi saklamak üçin käbir maslahatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Hünäri dogry saýlamaly
Bu siziň geljekde kim boljakdygyňyzy, haýsy ugurda zähmet çekjekdigiňizi kesgitleýär. Şonuň üçin hünär saýlananda, ene-atalaryňyzyň ýa-da ýakynlaryňyzyň isleglerine görä däl-de, öz ukyp-başarnygyňyz we maksatlaryňyz boýunça hereket etmelisiňiz. Öz ukyplary boýunça hereket edýän adamlar hemişe üstünlikli ýoldan ýöreýändir. Kimdir biriniň beren maslahatyna eýerip hünär saýlamak sizi geljekde şowsuzlyga iterip biler. Adam höwesi bolmadyk işde işlese hem özüne hem-de töweregindäki adamlara päsgelçilik döredip biler. Şonuň üçin geljekde haýsy ugurdan zähmet çekmek isleýändigiňizi kesgitläp, şol boýunça hünäriňizi saýlap alyň. Saýlan ugruňyz boýunça ökde hünärmen bolmaga yhlas ediň.
Nähili taýýarlanmaly?
Synaglara taýýarlanmak üçin, ilki bilen, bilýän we bilmeýän zatlaryňyzy saldarlap görüň. Gowşak tarapyňyza ýykgyn edip, şol ugurdan okuw maksatnamasyna laýyklykda meýilnama düzüň. Yzygiderlilikde okuw sagatlaryny kesgitläň. Temalary ýat tutmagyň deregine olara içgin düşünjek boluň. Ýatdan çykmaz ýaly, wagtal-wagtal geçilenleri gözden geçiriň. Okan zatlaryňyz boýunça sowal-jogap alyşmak maglumaty ýatda saklamagy aňsatlaşdyrýar. Öwrenen maglumatlaryňyzy ulanyp, synagda beriljek sowallary çaklamaga synanyşyň. Bu bolsa synag wagtynda garaşylmadyk sowallaryň täsirini azaldar.
Okamak üçin günüň haýsy wagty amatly?
Her adamyň günüň dowamynda sagdyn pikirlenip, öndürijilikli işläp bilýän wagty bar. Bilermenleriň aýtmagyna görä, beýniniň ýatda saklamak ukyplylygynyň artýan wagty irden sagat 07:00 — 11:00 hem-de öýlän 16:00 — 18:00 aralygydyr. Irden beýni arassa bolýar. Şonuň üçin täze maglumatlary ýatda saklamagyň iň gowy usuly irden okamakdyr. Öýlän bolsa günüň dowamynda edinen maglumatlaryňyzy, täze temalary gözden geçirmek has täsirlidir. Ýatda galan zatlary berkitmek üçin ýatmazdan öň, 20 minut okamak ýeterlikdir.
Rahatlygyňy nädip saklamaly?
Munuň üçin beýniňizi ýadadýan işlerden gaça duruň. Uky tertibiňizi bozmaň. Uklap bilmedik ýagdaýyňyzda hem gözleriňizi ýumup ýatmak bedeniňiziň ýadawlygyny aýrar. Synagdan bir gün öň täze temany öwrenmäge synanyşmagyň ýerine öňki bilýän zatlaryňyzy gaýtalaň. Beýniňizi rahatlandyrmak üçin 4-4-8 usulyny ýerine ýetiriň, ýagny 4 sekunt dem alyň, 4 sekunt saklaň we 8 sekuntda ýuwaşlyk bilen demiňizi goýberiň. Ýürek urşuňyz çaltlaşanda ýa-da dartgynlylyk duýanyňyzda, burnuňyzdan uludan dem alyň, birnäçe sekunt saklaň we agzyňyzdan demiňizi goýberiň. Kofe ýa-da energiýa berýän içgileriň ýerine rahatlandyryjy ösümlik çaýyny içiň. Aşgazana agram bermejek ýeňil önümler bilen iýmitleniň.
Synag wagtynda howsala düşmezlik üçin näme etmeli?
Size berlen wagty göz öňünde tutuň. Näçe wagtyňyzyň bardygyny we şol wagtyň dowamynda näçe sowala jogap bermelidigiňizi hasaplaň. Bu size wagtyňyzy has netijeli ulanmaga kömek eder. Jogap berip bilmeýän sowallaryňyzda eglenmek howsalaňyzy artdyrar. Şonuň üçin jogabyny bilmeseňiz, indiki sowala geçiň. Synag wagtynda egin we boýun myşsalaryňyzda dartgynlylyk duýsaňyz, galamyňyzy goýuň, göni oturyň we eginleriňizi birnäçe gezek ýokary we aşak hereketlendirip, myşsalaryňyzy gowşadyň. Iň esasy zat bolsa, bu işi başarjakdygyňyza ynanyň. «Men bu synagdan hökman geçip bilerin!» ýaly ruhlandyryjy sözleri aýdyň. Çünki özüňe ynanmak üstünligiň ýarysydyr.