Bütin ömrüni Watanyna, il-gününe bagyşlap, halal ýaşan ynsanlar hemişe ýagşylykda ýatlanýar. Olaryň sarpasy mydama belent tutulýar. Sebäbi durmuşda abraýdyr sylaga päk zähmetiň, adamkärçiligiň, akyl-paýhasyň bilen ýetilýär. Bu häsiýetleri özünde jemleýän adamlary nusgalyk halypa saýýarlar. Şeýle ynsanlaryň biri hem Garýagdy Berdiýewdir.
Garýagdy Berdiýew ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysydyr. Ol 1936-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal obasynda dünýä indi. Onuň çagalyk ýyllary şu obada geçdi, ol obadaky mekdepde okady. Ýaşajyk Garýagdy ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň elinde bilim aldy. Bu barada onuň örän ýakymly ýatlamalary bar. Bu ýatlamalary okanyňda, halypa mugallymyň elinde bilim öwrenmegiň bagtdygy hakynda oýlanýarsyň. Çünki bu bilimi ýaşlykdan kalbyňa guýýan mugallymyň okatmak ussatlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu babatda uly bagta eýe bolan Garýagdy bilim bilen birlikde, edep kadalaryny hem öwrendi. Bilimiň edep bilen berk baglanyşyklydygyna halypa mugallymyň beýik göreldesinden göz ýetirdi. Şeýlelikde, bilim, edep, tertip-nyzam ýaly gymmatlyklary ýaşlykdan kalbyna guýdy.
Garýagdy Berdiýew 1958-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, geografiýa mugallymy diýen hormatly käriň eýesi boldy. Şol ýyl ýaş hünärmen Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän 11-nji orta mekdepde geografiýa mugallymy wezipesinde işe başlapdyr. Gysga wagtyň içinde mugallymyň ussatlygyna, guramaçylyk ukybyna mynasyp baha berlip, obada ilkinji ýokary bilimli, sowatly mugallym bolansoň, oňa obadan ýer paýlap beripdirler. Şeýlelikde, Garýagdy mugallym 1959-njy ýylda Yzgant obasyna göçüp gelipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly ajaýyp eseriniň ilkinji sahypasynda epigraf hökmünde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary beýan edilýär: «Tälim beren ussadyňdan aýrylma», «Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar». Bu ajaýyp goşgy setirleri diňe bir bilim işgärlerini däl, eýsem, ähli ynsanlary ýagşylyga, gowy häsiýetlere ýol görkezýär. Hawa, ýagşy adamlar durmuşda iň gowy terbiýäni alandyrlar, halypalaryň göreldesine eýerendirler. Garýagdy mugallymyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän buýsançly hakykatyň biri, onuň watançy esger, ilhalar ynsan we halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň okuwçysy bolmagydyr. Ussat halypanyň öwüt-ündewleri, bilim-terbiýe baradaky garaýyşlary Garýagdy mugallymyň ömürlik ýörelgesine öwrülipdir. Şonuň üçin hem ol halypasyndan alan göreldesini nesilden-nesle geçirip, ýaşlaryň mynasyp adamlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmandyr.
Garýagdy Berdiýewiň ömür ýoly ylym-bilim, nesil terbiýesi bilen pugta baglanyşyklydyr. Şeýle hem mugallym il-güne hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezipdir. Ol öz mugallymçylyk ýolunda diňe bir okuwçylaryna geografiýa ylmynyň esaslaryny öwretmek bilen çäklenmändir. Halypa mugallym olaryň kalbynda Watana söýgi, ene topraga hormat, tebigata aýawly garamak, zähmetsöýerlik we ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmäge çalşypdyr.
Ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň: «Dowamat dowam bolsun... nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!» diýen parasatly sözleri Garýagdy mugallymyň hem durmuş şygaryna öwrülipdir. Ol bütin zähmet ýoluny şol belent maksada bagyşlap, her bir okuwçynyň ykbalyna jogapkärçilik bilen çemeleşipdir. Halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň terbiýelän okuwçysynyň hem ömrüni mugallymçylyga bagyşlamagy halypa-şägirtlik ýolunyň dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mugallymlaryň göreldeli ömri ýaş nesiller üçin nusga bolup, bilim we terbiýe ýolunda yhlas bilen zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Watançy esger, ilhalar ynsan we zehinli mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoluna bagyşlanan kitapda Garýagdy Berdiýewiň adynyň ýatlanylmagy onuň halypasynyň ynamyny ödän, mugallymçylyk ýolunda mynasyp zähmet çeken şahsyýet bolandygynyň subutnamasydyr. Halypanyň beren bilimi we terbiýesi onuň durmuşynda nurana ýol-ýörelge bolup hyzmat edipdir.
Halypa mugallymyň köpýyllyk zähmeti döwlet tarapyndan hem mynasyp bahalandyrylypdyr. Ol «Zähmet weterany» diýen medal bilen sylaglanypdyr. Bu sylag diňe bir ýeke adama berlen ýokary baha däl-de, eýsem, ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmegi ugrunda çekilen halal zähmete goýlan hormatyň nyşanydyr.
Garýagdy mugallymyň mugallymçylyk ýolunyň maşgalasynda dowam etmegi aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Häzirki wagtda onuň ogly we agtyklary hem mugallymçylyk kärini dowam edip, ýaş nesilleri terbiýelemek ýaly jogapkärli we mukaddes wezipäni ýerine ýetirýärler. Bu bolsa türkmen halkynyň halypa-şägirtlik däpleriniň, mugallyma goýulýan hormatyň nesilden-nesle geçýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berilýän zamanasynda Garýagdy Berdiýew ýaly mugallymlaryň ömür ýoly ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdep bolup hyzmat edýär. Olaryň ýaşlara beren bilimi, öwreden sapaklary we asylly göreldeleri halkyň hakydasynda ebedilik ýaşar. Ilhalar ynsan, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewden gözbaş alan bu asylly ýol häzirki wagtda hem dowam edip, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.