Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmeleri ähli bilim işgärlerini buýsandyrýar. Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylary milli ruhda terbiýelemek asylly ýörelgämizdir. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde edebiýat sapagynyň orny uludyr.
Okuwçylara edebiýatdan bilim we terbiýe bermegiň, olaryň ýokary ýetişigini gazanmagyň esasy serişdesi sapakdyr. Sapak belli bir kesgitlenen wagt aralygynda mugallymyň okuwçylar bilen alyp barýan okuw işidir. Edebiýat sapaklarynda, esasan, çeper eserler, halk döredijiligi, ýazuw ýadygärliklerimiz, şadessanlarymyz, mahlasy, edebi mirasymyz öwredilýär. Ol eserleriň üsti bilen okuwçylarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, dogruçyllyk, mertlik ýaly häsiýetler terbiýelenýär. Her bir sapagyň öz öňünde goýýan anyk maksady, amal etmeli wezipesi bar. Şonuň üçinem sapagyň her bir pursadyny netijeli peýdalanmaga çalşylýar.
Sapagyň maksadyna ýetmegi, ilkinji nobatda, mugallymyň özüne baglydyr. Edebiýat dersiniň esasy maksady sapakda we sapakdan daşary okuwlarda okuwçylara çeper edebiýaty okamagy, derňemegi öwretmekden, olara edebi bilim bermekden, edebiýatyň keşpli, duýguly täsirlilik güýjünden peýdalanyp, okuwçylarda edep-ekramy, ýokary ahlaklylygy terbiýelemekden ybaratdyr.
Mugallym okuwçylary durmuşa taýýarlaýar. Olara çuňňur edebi bilim bermek arkaly oňat adamkärçilik sypatlaryny, gylyk-häsiýetlerini kemala getirýär. Munuň üçin bolsa edebiýat sapagynyň maksady anyk goýulmaly. Okuw işi anyk meýilnama esasynda alnyp barylmaly. Mugallym sapagyň döwrebap, ylmy, durmuşy esasda guralmagyna gönüden-göni jogap berýär.
Edebiýat sapagy belli bir usulyýet esasynda guralmaly. Mugallym her bir sapagy guramakda ilki okatmagyň usullaryny we tärlerini öňünden kesgitlemeli, şeýle-de ulanjak elektron ýazgylaryny taýýarlamalydyr. Okatmagyň usullary we tärleri sapagyň temasyna, mazmunyna görä saýlanyp alynýar. Ýeri gelende bellesek, şol bir wagtyň özünde edebiýat sapagyndan edilýän esasy talaplar bar. Guralýan her bir sapak baş durmuş ýörelgämiz bilen berk baglanyşykly bolmalydyr.
Beýleki derslerde bolşy ýaly, edebiýat sapaklarynda hem okuw-görkezme esbaplaryň, tehniki serişdeleriň dürli görnüşleri ulanylýar. Olary, esasan, şular ýaly toparlara bölmek mümkin: 1) okuw — tema bilen baglanyşykly tablisalar, gazet-žurnallardan we internetden alnan maglumatlar, taslamalar; 2) ýazyjy-şahyrlaryň portreti, suraty, albomlar; 3) esere degişli suratlar, çeper şekiller; 4) tehniki serişdeler — kompýuterler, proýektorlar; 5) gaýybana edebi gezelençleri guramak üçin dünýäniň we Türkmenistanyň kartasy we şuňa meňzeşler bolup biler. Elbetde, bularyň hemmesi tehniki serişdeler arkaly hereketli, animasiýaly bolsa has täsirli bolar.
Edebiýat mugallymynyň sapagy netijeli guramagy üçin görkezme esbaplary we prezentasiýalary taýýarlamagyň usullaryny bilmegi zerurdyr. Prezentasiýanyň esasy maksady ählitaraplaýyn maglumatlary talabalaýyk, döwrebap görnüşde, çuň, ýeňil we çalt, aýratyn-da täsir ediji derejede okuwçynyň aňyna ýetirmekdir. Edebiýat sapagynda şahyryň ýa-da ýazyjynyň döredijiligini öwretmek maksady bilen, prezentasiýalary taýýarlamagyň ygtybarly usullaryny ulanmaly.
Edebiýat sapaklarynda okuw-görkezme esbaplary we tehniki serişdeler okuwçylara çuňňur bilim bermäge, olarda öwrenilýän edebi maglumatlar boýunça anyk hem aýdyň düşünje döretmäge hyzmat etmelidir.