Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň halkara tejribesi öwrenilýär

Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň halkara tejribesi öwrenilýär

26 Awgust, 2026 Makalalar
48

inlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropa Bileleşigi tarapyndan guralýan «Digital Connectivity in Central Asia» (C4CA) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde geçirilen okuw saparyna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Bu çäre sanly özgertmeler, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalary we sanly infrastrukturany ösdürmek ulgamynda tejribe alyşmaga hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Taslama Laurea amaly ylymlar uniwersitetiniň binýadynda Finlýandiýanyň HAUS döwlet dolandyryş instituty bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklara uly orun berildi. Taraplar geljegi uly bolan ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ylym-bilim, gözleg-barlag işleri ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler. Duşuşygyň dowamynda taslamanyň bir böleginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binýadynda durmuşa geçirilmegi baradaky ylalaşyk aýratyn ähmiýetli boldy.

Saparyň barşynda oňa gatnaşyjylar Finlýandiýanyň sanly ösüşi, elektron infrastrukturasy, döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny ýokary bilim ulgamyna we döwlet dolandyryşyna ornaşdyrmak babatyndaky öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim edaralary bilen ýewropaly hyzmatdaşlaryň arasynda bilelikdäki başlangyçlary amala aşyrmagyň geljekki mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy ýokary okuw mekdebiniň akademiki we institusional hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, sanly özgertmeler ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga uly ýardam edýär. Şunlukda, Finlýandiýada geçirilen okuw sapary bilim we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup, uniwersitetiň sanly özgertmeleriň sebitleýin hem-de halkara tapgyrlaryna işjeň goşulmaga bolan gyzyklanmasyny ýene bir gezek aýdyň tassyklady.

Taýýarlan Maksatmyrat ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».