Halypa mugallym, meşhur mirasgär Nurnazar Jumanazarowyň mugallymçylyk tejribesi we milli mirasymyzy yhlasly toplamakda, öwrenmekde, wagyz etmekde alyp barýan işleri barada söhbet.
Milli mirasymyz — halkymyzyň asyrlarboýy toplan genji-hazynasy. Türkmen halkynyň milli mirasyny öwrenmek — ata-babalardan galan maddy we ruhy baýlyklary ýüze çykarmak, gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek üçin amala aşyrylýan möhüm ylmy we medeni iş bolup, bu işde milli mirasymyzyň hakyky janköýerleriniň, mirasgärleriň uly hyzmaty bar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň nusgalarydyr. Halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplan milli-ruhy medeni mirasyny öwrenmek, toplamak, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak ugrunda uly yhlas we tagallalar edýän mirasgärleriň alyp barýan işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitabynda: «Şu günüňi gazanmak, nesillere pederlerimizden gelýän maddy we ruhy mirasy ýetirmek üçin geljege ynamly garamak, gözbaşlara sarpa goýmak möhüm wezipedir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we ezizläp gelen baý milli mirasyny toplamaga, öwrenmäge we ony halkymyza täzeden gaýtaryp bermäge uly üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly nusgalyk kitabynda: «Türkmençilik diýilýän asylly ýörelgeler ylmy esasda heniz doly açylan hem däldir. Ýöne onuň düýpli öwrenilmegi wajypdyr. Men muny nygtap aýdýaryn. Döwrüň pähim-paýhas ýörelgelerini aýdyň etmegiň düýp esasy türkmençilikdedir. Häzirki döwrüň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ýeke-täk aýnasyny men gursagymyza guýlan, aňymyzda berkän şol ýörelgelerde görýärin» diýip belleýär. Türkmençiligiň asylly ýörelgelerini toplamakda, öwrenmekde we wagyz etmekde mirasgärlere uly orun degişlidir. Olar il içinde ýygy-ýygydan bolup, köpi gören paýhasly gojalarymyz, baý durmuş tejribeli mähriban ene-mamalarymyz bilen duşuşyp, söhbetdeş bolýarlar hem-de türkmençilik bilen baglanyşykly däp-dessurlary, asylly ýol-ýörelgeleri, edim-gylymlary toplaýarlar, öwrenýärler, halkymyza täzeden gaýtaryp berýärler. Biziň söhbedini etmekçi bolýan halypa bilim işgärimiz, öz manyly ömrüniň 60 ýyldan hem gowragyny türkmençiligiň gymmatly hazynasyny — milli mirasymyzy toplamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlan ynsanymyz ýurdumyzda tanymal mirasgärleriň biri hökmünde giňden tanalýar. Oňa Nurnazar Jumanazarow diýýärler.
Nurnazar Jumanazarow 1947-nji ýylyň 11-nji maýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde eneden doglan. Onuň çagalygy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň yzysüresindäki kynçylykly dikeldiş döwrüne gabat geldi. Munuň üstesine-de, ýaşajyk Nurnazar ýaňy 1 ýaşyny doldurandan soňra, XX asyrda elhenç tebigy betbagtçylyk hökmünde adamzat taryhyna giren Aşgabat ýertitremesi bolup geçipdi. Bularyň hemmesi obadaşlary bilen birlikde, Nurnazarlaryň maşgalasynda hem uly kynçylyklary döredipdi. Emma halkymyzyň sabyrlylygy, ýanbermezligi, agzybirligi, birek-birege goldawdyr kömekleri, tutanýerliligi, zähmetsöýerligi şol ýyllaryň gerdene düşen kynçylyklaryny ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi.
Nurnazar ilkinji edep-terbiýäni maşgalada aldy. Ýaşajyk Nurnazar tä 1953-nji ýyla çenli öý hojalyk işlerinde ene-atasyna kömekleşdi. Awçy hem tebip kakasy, 85 ýaşap dünýäden öten Jumanazar Gurbannazar oglunyň (1911 — 1995) hem-de ejesi Akjemal Batyr gyzynyň (1919 — 1992) milli mirasymyz, türkmen halkynyň däp-dessurlary we edim-gylymlary, meşhur şahsyýetlerimiz barada berýän gyzykly gürrüňleri ýaşajyk Nurnazarda uly gyzyklanmany we örän bilesigelijiligi döredýärdi. Ömrüniň aglaba bölegini at üstünde geçiren mähriban pederiniň şol täsirli gürrüňleri geljekde Nurnazaryň baý milli mirasymyza degişli köp maglumatlary toplamagyna, öwrenmegine we halkymyza wagyz etmegine uly itergi berdi.
Ýaşajyk Nurnazar 1953-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 10-njy orta mekdebe okuwa bardy we 1963-nji ýylda bu mekdebiň 11-nji synpyny ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, orta bilim aldy. Mekdepde okan ýyllary milli mirasymyz, meşhur şahsyýetlerimiz baradaky bilesigelijilik we iňňän uly gyzyklanma ýaş ýigidi öz erkine goýmandy. Ol obalara aýlanyp, köpi gören aksakgal ýaşulularyň we mähriban ene-mamalarymyzyň berýän gyzykly gürrüňlerini bütin durky bilen maýyl bolup diňlärdi. Şol gyzykly gürrüňlerden hem diýseň täsirlenerdi.
Nurnazar Jumanazarow 1966 — 1970-nji ýyllar aralygyndaky döwürde häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe fakultetinde okap, orta mekdeplerde bedenterbiýe mugallymy hünärini ele aldy. Ýaş hünärmeni Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesine işe ýolladylar. Oba çagalarynyň sagdyn ösmekleri, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça ezber türgenler bolup ýetişmekleri üçin janypkeşlikli we döredijilikli zähmet çekdi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli sport ýaryşlaryny we bäsleşikleri gurap, olaryň sporty özlerine ömürlik hemra edinmekleri üçin uly yhlas we tagallalary etdi.
1990-njy ýylyň ýanwar aýynda uly ynam bildirip, Nurnazar agany Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary wezipesine bellediler. Ol bu wezipede hem abraýly, yhlasly we tutanýerli zähmet çekdi.
Nurnazar mugallym mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesinde 20 ýyldan hem gowrak işländen soňra, özüni diňe gowulykda tanadan oba mugallymyna uly ynam bildirip, ony 1993-nji ýylyň iýulynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçe Geňeşiniň arçyny wezipesine saýladylar. Onuň bu jogapkärli wezipede üstünlikli işlemegine mugallymçylyk kärinde köp ýyllaryň dowamynda toplan baý iş tejribesi ýakyndan kömek etdi. Ol Duşak şäherçesiniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, abadançylygynyň mundan beýläk-de gowulanmagy üçin Geňeşligiň agzalary bilen el-ele berip, agzybirlikde we yhlasly zähmet çekdi, il-ulusyň alkyşyna mynasyp boldy. Ýöne Nurnazar gije-gündiz mugallymçylyk kärini küýseýärdi. Bu küýseg ony asla öz erkine goýmaýardy. Galyberse-de, ol mugallymçylyk işi bilen utgaşyklykda müňýyllyklardan gözbaş alýan milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek we wagyz etmek üçin hem amatly şertleri we mümkinçilikleri tapýardy. Nirede, haýsy wezipede bolsa-da ýaşlygyndan kalbynda hemra edinen milli mirasymyzy, geçmiş mirasymyza degişli örän köp zatlary yhlasly öwrenýär we irmän-ýadaman toplaýar.
Şeýlelikde, Nurnazar aga Duşak şäherçe Geňeşiniň arçyny wezipesinde bäş ýyldan gowrak abraýly zähmet çekenden soňra, ýene-de öz söýgüli käri mugallymçylyga dolanyp gelýär. 1998-nji ýylyň noýabr aýyndan tä hormatly dynç alşa çykýança — 2024-nji ýylyň noýabr aýyna çenli Kaka etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy wezipesinde abraýly, köplere nusga alarlyk, halal we döredijilikli zähmet çekdi. Ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary barada yhlasly zähmet çekmek bilen çäklenmän, eýsem, baý milli mirasymyzy toplamagyň we düýpli öwrenmegiň netijesinde çeper döredijilik bilen hem has içgin gyzyklandy. Hut şu ýyllar halypa mugallymyň ýiti zehininden we çäksiz yhlasyndan sekiz sany kitabyň dörän döwri boldy. Ýönekeý oba mugallymy bolup zähmet çekip ýören bu mährem ynsanyň şeýle uly möçberli we abyrsyz döredijiligine oturyp-oturyp haýran galýarsyň. Munuň özi halypanyň milli mirasymyzyň hakyky muşdagy hökmünde ony toplamaga, öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de halkymyza täzeden gaýtaryp bermäge bolan çuňňur yhlasynyň, egsilmez söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň ýüze çykmasydyr.
Gepiň gerdişine görä ýatlasak, halypa mugallymyň çäksiz yhlasyndan we ýiti zehininden dörän hem-de dürli ýyllarda neşir edilen «Mälik Aždar pälwan», «Perzendim dowamatym», «Ýalňyz bürgüt», «Keýmir Serdar», «Päwi pälwan», «Gara gazmanyň gudraty», «Käriz suwy — arzymanym, arzylanym — arwanam», «Ata — dag, düýä — ýag», «Türkmeniň ary-namysy — bedewi, algyr tazysy» ýaly kitaplary bilim-terbiýeçilik işlerinde gymmatly gollanma hökmünde peýdalanylýar.
Halypanyň ilkinji kitaby «Mälik Aždar pälwan» diýen at bilen 1999-njy ýylda «Magaryf» neşirýaty tarapyndan köpçülikleýin neşir edildi. Bu meşhur şahsyýet baradaky dürli rowaýatlar ençeme asyrlaryň synagyndan geçip, il-günüň arasynda has çuňňur ornaşypdyr. Kitapda Kaka etrabynyň Duşak obasynyň günortasynda gonambaşy bolan Mälik Pälwan baradaky gyzykly taryhy wakalaryň birnäçesi jemlenipdir. Kitabyň «Awtordan» diýlip atlandyrylan ilkinji bölüminde Nurnazar aga şeýle ýazýar: «Halk arasynda bu gonambaşy barada örän köp rowaýatlar aýdylyp gelinýär. Menem şu toprakda önüp-ösemsoň, Mälik Pälwan hakdaky rowaýatlardan, gürrüňlerden gulagym gandy. Şol eşiden rowaýatlarymy bolsa güýjümiň ýetdiginden bir ýere toplap, halka ýetirmegi maksat edindim».
Ezber mirasgäriň bu kitabynda Mäligiň dünýä inişi, onuň ýaşlygy, musulman dinini kabul edişi baradaky taryhy maglumatlary awtor Mäne obasynyň ýaşaýjysy, il arasynda hormatlanýan molla Hommat Berdinazar oglunda saklanýan we köne türkmen ýazgylarynda ýazylan gadymy kitapda beýan edilen maglumatlaryň esasynda ýazypdyr. Mälik Pälwanyň ogly Muhammet baradaky gürrüňleri bolsa mirasgär Duşakda ýaşap öten, örän kän rowaýat-gürrüňleri bilýän Baýmuhammet Nurberdi oglunyň dilinden ýazyp alypdyr.
Milli mirasymyzy öwrenmegi, jemlemegi, ile wagyz etmegi özüniň arzyman arzuwy hasaplaýan meşhur mirasgäriň söhbedi edilýän bu kitaby «Mäligiň ýaşlygy hem-de yslam dinini kabul edişi», «Mälik pälwanyň öýlenişi we Aždar lakamyny alşy», «Mälik Aždar pälwanyň dünýäden gaýdyşy», «Mälik Aždar pälwanyň ogly Muhammet», «Sözsoňy» ýaly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän täsirli maglumatlar okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Kitap sada we düşnükli dilde ýazylyp, örän akgynly okalýar. Eserde beýan edilýän rowaýatlar okyjyda uly täsir galdyrýar. Halypa mugallymyň bu kitabynyň ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerinde ösüp gelýän ýaş nesle taryhy şahslarymyzyň ömür ýoluny we olar bilen baglanyşykly gyzykly wakalary öwretmekde uly üstünlik bilen peýdalanylýandygyny bellemek gerek.
Ýadamany-ýaltanmany asla bilmeýän, öz halkynyň taryhyny, edebiýatyny, milli mirasyny jany-teni bilen söýýän halypa mugallymyň 2012-nji ýylda çap edilen «Perzendim dowamatym» atly kitaby hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy. Türkmeniň maşgala mekdebiniň berkararlygyna bagyşlanan we «Ýazardan», «Nesliň binýady», «Aýal dogany hatyralamak», «Rowaýatlar» ýaly bölümlerden durýan bu eserini döredişi barada Nurnazar mugallym şeýle ýazýar:
«Uly märekede türkmeniň maşgala medeniýetiniň aýratynlyklary barada ýygnan zatlarymdan aýdyp berenimde, özümden uly, kiçi birnäçe adamlaryň:
— Nurnazar aga! Siziň bu aýdýan zatlaryňyzy biz bilemzok. Eger siz ýazmasaňyz, çagalarymyz nädip bilsin — diýip, halypa ýaşulularyň çagyryp tabşyrmagy ýazmaly diýen pikiri agdyklaşdyrdy. Dogrudanam, meniň ýygnan işlerimi indi bir adama ýygnamak örän kyn düşjek. Sebäbi bu zatlary bilýän adamlar azalyp, eşidenden eşidene geçip, rowaýata meňzedip aýdyp başladylar. Ýazmagymy haýyş edýän adamlaryň içinde Ilmyrat Hajy Öwezmyrat oglunyň özelenişi örän üýtgeşik bolup, ýazmak kyn hem geňem bolsa, ýazmaly diýen karara geldim. Şeýlelikde, ýygnan işlerimi syntgylap, jemläp ýazga geçirdim».
Edenli we halypa mirasgär söhbedi edilýän kitabynda ata-babalarymyzyň «Dünýä inen çagany nähili terbiýelemeli?» diýen soragyna jogap bar. Türkmeniň maşgala terbiýesiniň esasyny Watana bolan buýsanjyň, onuň erkinligine söýgüsiniň, ikinji ýerde bolsa maşgala mertebesiniň tutandygyny tekrarlaýar.
Mirasgär mugallymyň bu kitabynda beýan edilen türkmeniň maşgala mekdebiniň berkararlygynyň mizemez sütünleri baradaky gymmatly mirasyň, asylly däp-dessurlaryň we ýörelgeleriň ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamakda, berk we agzybir, döwletli maşgalany döretmekde uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.
Pähimdar pederlerimiz «Dama-dama köl bolar» diýýär. Edil zer çöplän deýin ýygnalan köp sanly materiallaryň, çekilen azaplaryň, gürrüňdeşliklerde ýazylyp alnan gymmatly maglumatlaryň netijesinde Nurnazar halypanyň galamynyň astyndan dörän kitaplaryň ýene biri-de, 2013-nji ýylda çap edilen «Ýalňyz bürgüt» atly eseridir. Döredijilik ylhamy boldan berlen janypkeş mirasgäriň bu kitabynda türkmen halkynyň içinde ady rowaýata öwrülen halk gahrymanlarynyň, ar-namys we mertebe kemsidilmeleriniň garşysyna barlyşyksyz göreşip, öz şirin janyny şehit eden gahrymanlaryň biri, asly Kaka etrabynyň Mäne obasyndan bolup, il içinde howandar saýylan Ata mäneli, Ata mergen ady bilen tanalýan Atajan Berdiniýaz oglunyň ömür beýany barada gyzykly söhbet açylýar. Halypa mugallym Ata mäneli barada ýazan bu kitabynyň döreýşi hakda söhbet açyp, şeýle belleýär:
«Kiçiligimden Ata mergen baradaky gürrüňlerden gulagym ganandyr welin, 1980-nji ýylda Duşakda Geldinazar Babajan köçesinde ýaşan Ata mergeniň iň kiçi aýal dogany, 1911-nji ýylda doglan Nurgözel ejeden has-da köp gürrüňleri eşitdim. Nurgözel eje örän ýatkeş bolup, kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň doglan, dünýäden gaýdan ýyllaryny we maşgala degişli belli seneleri takyk belläpdir. Beýleki wakalary gözi bilen gören adamlardan anyk maglumatlary deňeşdirip aldym. Kel maýrygyň atylyşyny, Ata mäneliniň aradan çykyşy hakda halypam Ümür Esenowyň toplan maglumatlaryny öz toplanlarym bilen deňeşdirip, şu işde ulandym».
Nurnazar mugallymyň bu saldamly eseriniň mazmuny «Berdiniýaz ussanyň maşgalasy», «Gara taýyň dünýä inmegi», «Ata mergen», «Ata mergen il goragynda», «Uly synag», «Baýram han», «Jülgedäki ýük», «Mert bolmasa, merdiň işi harapdyr», «Arhiw materiallary», «Guburyň başynda» ýaly bölümleri öz içine alýar. Olarda halkyň hossary, Watanyň, il-günüň namysyny goran türkmen gerçegi Ata mäneliniň ömür ýoly inçelik bilen açylyp görkezilýär. Kitapda beýan edilýän maglumatlaryň ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, milli mirasymyza we gahrymançylykly taryhymyza söýgi hem-de buýsanç ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýeti bar.
Milli mirasymyzyň yhlasly muşdagynyň galamynyň astyndan çykan «Keýmir Serdar», «Päwi pälwan», «Gara gazmanyň gudraty» ýaly kitaplarynda hem türkmen halkynyň meşhur taryhy şahslary barada uzak ýyllaryň dowamynda halkyň içinden toplanan baý maglumatlaryň esasynda gyzykly söhbet edilýär.
Tanymal mirasgäriň «Keýmir Serdar» atly uly göwrümli eseriniň mazmuny «Keýmiriň şejeresi», «Nurgarabaýyr dagynda», «Hasym şyh zamanasy», «Keýmir adyny alşy», «Watan arzuwynda», «Ilbars hana ugralyşy», «Arkaja göçmegiň ugrunda», «Nedir — şalyk ýolunda», «Ugurly han», «Keýmir Serdar gelinlik gözleginde», «Ilkinji atgulak», «Keýmir Serdar gyzy», «Nedir şanyň çakylygy», «Keýmir Serdaryň serdarlygy tabşyrmagy», «Keýmir Serdaryň dünýeden gaýdyşy» ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bu kitapda bütin manyly ömrüni türkmen halkynyň azatlygy, erkinligi, türkmen ýigitleriniň söweşip, hökman hem ýeňip, ýigitleriň diri galmagyny başaryp bilen serkerde Keýmir Serdaryň ömür beýany, gahrymançylygy barada gyzykly söhbet açylýar. Eserde beýan edilýän gyzykly maglumatlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjiligi terbiýelemekde uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin hem mirasgäriň beýleki kitaplary ýaly bu kitabyny hem bilim işgärleri okuw-terbiýeçilik işlerinde uly üstünlik bilen peýdalanýarlar.
«Päwi pälwan» atly eserinde Nurnazar halypa 1885 —1945-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen, türkmeniň gerçek ogly, Beýik Biribaryň peşgeş beren güýji, üşügi we başarnygy bilen türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Päwi pälwan hakynda gyzykly we gowgaly wakalary giňişleýin, yzygiderli beýan edýär. Bu eseri okan her bir okyjy ondaky gyzykly maglumatlaryň esasynda gerçek türkmen ýigidi Päwi pälwanyň öz döwründe türkmen göreşi boýunça gazanan üstünlikleriniň syrlaryna, onuň tutluşyklarda ulanan täsin tilsimlerine, pälwanyň öz bedenini taplamakda we türkmen göreşini kämilleşdirmekde alyp baran işlerine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik tapýar. Mirasgär mugallymyň bu kitaby ösüp gelýän ýaş nesilde sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanmany terbiýelemekde okuw-terbiýeçilik işlerinde uly ähmiýete eýedir.
(Dowamy bar).