Türkmenistanda çagalar üçin ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarka geçirildi
Çagalaryň gülküsi — asman asudalygynyň, Zemin abatlygynyň we bagtyýar durmuşyň nyşany. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr» diýip nygtaýar. Munuň şeýledigini ýylyň ýylyna geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy aýdyňlygy bilen subut edýär. 19-njy awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda badalga berlen halkara sergi-ýarmarkasy şu gün öz işini tamamlaýar. Çagalar we ýetginjekler üçin harytlary öndürýän, bilim-terbiýeçilik ulgamynda hyzmatlary hödürleýän ýurdumyzyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýüzlerçesiniň, şeýle hem birnäçe daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň gatnaşmagynda guralan bu çäre ýatdan çykmajak täsirli pursatlara baý boldy. Çagalary dürli hünärlere ugrukdyrmaga ýöriteleşdirilen bölümler we interaktiw oýun zolaklary çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Zehinli çagalaryň küşt boýunça bäsleşikde görkezen ajaýyp netijeleri ýaş nesliň intellektual mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Halkara sergi-ýarmarkanyň dowamynda robot boýunça taslamalaryň, çaga lybaslarynyň görkezilişiniň guralmagy, el işi önümleriniň ýarmarkasy, çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklar hem-de ussatlyk sapaklary, ýaşajyk zehinleriň şüweleňi, sport çykyşlary ýaly gyzykly çäreler çagalarda toý şatlygyny emele getirdi.
«ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR»
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň diwarlygy serginiň köpadamly bölümleriniň biri boldy. Ýaşajyk raýatlaryň saglygyny berkitmek, olary ýokumly hem-de ekologik taýdan arassa çaga iýmitleri bilen üpjün etmek, şeýle hem lukmançylyk serişdelerini ýerli bazarda öndürmek boýunça amala aşyrylan işler bu ýere gelen myhmanlarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
— Biz her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu halkara sergä öz önümlerimiz bilen gatnaşýarys. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy çagalar üçin peýdaly iýmitleri we gündelik sarp edilýän lukmançylyk serişdelerini öndürýär. Olaryň biri 6 aýdan soňky döwür üçin niýetlenen goşmaça iýmitler hökmünde çagalara berilýän şüleler bolup durýar. Şeýle hem çagalar üçin hlopiýa görnüşinde gury ertirliklerimiz, ene süýdi ýetmezçilik eden ýagdaýynda çagalara niýetlenen goşmaça süýt önümlerimiz bar. Bularyň ählisi çagalaryň ösüşine goldaw berýän witaminleri we mikroelementleri düzüminde saklaýan iýmitlerdir — diýip, kärhananyň maslahatçy çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewa serginiň açylyş dabarasynda täsirli gürrüňlerini biziň bilen paýlaşdy.
BILIM — BAGTYŇ AÇARY
Halkara gözden geçirilişde Bilim ministrliginiň we bilim edaralarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň bilim almagy, sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler öz beýanyny tapypdyr. Sergä gatnaşan «Kämil bilim», «Belent bilim», «Kiber One», «Sanly sowat», «Kitap», «CreaKid» ýaly okuw merkezleri bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünliklerini aýdyň görkezýär.
— Biziň «Belent bilim» okuw merkezimiz döredilen gününden bäri «Bilim bilen belentliklere tarap» diýen şygary baýdak edinip, öňdebaryjy işjeň usullary ulanyp, ýaşlara çuňňur bilim bermäge çalyşýarys. Mugallymlaryň çekýän zähmeti diňleýjileriň bilim derejesiniň ýokarlanmagynda, dünýägaraýyşlarynyň giňelmeginde, olaryň bäsleşiklerde gazanýan üstünliklerinde has-da aýdyň görünýär. Biziň okuw merkezimizde rus, iňlis, nemes dilleri, başlangyç we ýokary matematika, himiýa, biologiýa, kompýuter sowatlylygy we programmirleme ugurlary boýunça bilim almaklyk hödürlenýär — diýip, bu okuw merkeziniň direktory Güljemile Näzliýewa gürrüň berdi.
ÇAGALAR «NOWÇA TV» BILEN TANYŞDYLAR
Halkara sergi-ýarmarka çagalar üçin köp sanly güýmenjelere baýlygy bilen tapawutlandy. Ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň hem-de täsin tilsimleri görkezýän artistleriň şowhunly çykyşlary körpeleriň şatlykly gülkülerine beslendi. Ýurdumyzyň animator-multiplikatorlary tarapyndan döredilen ilkinji 3D ölçegli multserialyň görkezilişi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň çagalar üçin ýöriteleşdirilen güýmenje mazmunly «Nowça TV» sanly platformasynyň tanyşdyrylyş dabarasy kiçi ýaşly körpelerden başlap, olaryň ata-enelerinde hem ýakymly täsir galdyrdy.
— Sanly platformada 12 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen elektron kitaplara, türkmen we daşary ýurt multfilmlerine, bilim beriji we öwrediji gepleşiklerine hem-de beýleki wideoşekilli eserlere möhüm orun berilýär. Bu platformada ata-eneler çaganyň ýaşyna baglylykda degişli mazmuny aňsatlyk bilen saýlap we olaryň ekranyň öňünde geçirýän wagtyna gözegçilik edip bilýärler — diýip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirliginiň hünärmeni Orazgeldi Ahunow beýan etdi.
ZEHINLI ÇAGALARYŇ BÄSLEŞIGI
Serginiň çäklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen küşt ýaryşy sportuň bu görnüşi boýunça zehinli ýaşajyk wekilleri ýüze çykarmaga mümkinçilik döretdi. Bu ýaryşa dünýäniň 10-a golaý ýurdundan ýaşajyk küştçüleriň gatnaşmagy onuň giň gerime eýe bolandygyny görkezýär. Şeýle hem sergide çagalar Halkara mekdep küşt federasiýasynyň tälimçileriniň we ussat grossmeýsterleriň küşt boýunça tälim beriji sapaklaryna ýokary işjeňlikde uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Ýaş zehinli küştçülerimiz 7 sany altyn medal gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.
— Sergide ilkinji gezek küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň gatnaşmagynda rapid we blis görnüşli halkara ýaryşlara giň orun berildi. Iki günläp dowam eden ýaryşlara Türkmenistandan 81, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan we Türkiýeden jemi 15 sany oýunçy gatnaşdy. Bu bolsa çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda we dostlukly gatnaşyklary berkitmekde nobatdaky uly ädim boldy — diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň hünärmeni Oguljennet Annamämmedowa gürrüň berdi.