Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Aýdym-saz sungatynyň belent waspy

Aýdym-saz sungatynyň belent waspy

24 Awgust, 2026 Makalalar
28

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy ös­dür­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp bar­lyp, ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik taý­dan kä­mil­leş­mek­le­ri üçin äh­li şert­ler hem-de müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 22-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän «Çal­sa­na, bag­şy!» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry boldy. Ýur­du­my­zyň ze­hin­li du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ry­ny joş­gun­ly dö­re­di­ji­li­ge ruh­lan­dyr­ýan bu aý­dym-saz­ly da­ba­ra onuň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ýe­ňiş ga­za­nan­lar buý­sanç bi­len gat­naş­dy­lar. Bu bäs­le­şik, adyn­dan bel­li bo­l­şy ýa­ly, hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň tä­ze öwüş­gin­ler bi­len dün­ýä ýa­ýyl­ma­sy bol­dy. Mil­li aý­dym-saz­lar hal­ky­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hem­ra­sy bo­lup ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz bagt­ly dur­muş ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny halk aý­dym-saz­la­ry­na siň­di­rip­dir­ler.

Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da ýaň­la­nan du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň şi­rin owaz­la­ry kalp­la­ry joş­dur­dy, bagt­ly we asu­da dur­mu­şy­my­za buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­ret­di. Bil­şi­miz ýa­ly, bäs­le­şik je­mi üç tap­gyr­da ge­çi­ri­lip, ze­hin­li du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni özün­de jem­le­di. Bäs­le­şi­giň şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, emin ag­za­la­ry­nyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­nen aý­dym-saz­lar te­ma­sy­nyň köp­dür­lü­li­gi, maz­mun taý­dan çuň­ňur­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, örän taý­ýar­lyk­ly bol­ma­gy ta­lap ed­ýär. Bu ta­lap­lar­dan ugur alan ze­hin­li bag­şy-sa­zan­da­lar oňat taý­ýar­lyk­ly ge­lip­dir­ler. El­bet­de, bäs­le­şi­giň şert­le­ri bo­ýun­ça has us­sat­lar saý­la­nyp, ýe­ňi­ji­ler ýü­ze çy­ka­ryl­ýar.

Bu bäs­le­şi­kde üs­tün­lik­li çy­kyş edip, ýe­ňi­ji bo­lan­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len söh­bet­deş bol­duk. Gazetimiziň şu sanynda bagşy-sazandalaryň ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Aý­pe­ri AR­TY­KO­WA,
Gö­rog­ly et­ra­byn­da­ky 7-nji or­ta mek­de­biň türk­men di­li we ede­bi­ýat mu­gal­ly­my:

— Hä­zir­ki ajaýyp za­ma­na­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän il-ýurt bäh­bit­li beýik iş­le­riň göz­li şa­ýa­dy bol­mak bi­zi dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar. Bu beýik iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­k ba­ra­da­ky ala­da­la­ryn­dan göz­baş al­ýar. «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly bäs­le­şi­gi­niň döw­let de­re­je­sin­dä­ki jem­leý­ji tap­gy­ry diý­seň uly şow­hu­na eýe bo­lup, iň go­wy ga­dy­my halk aý­dym­la­ry­nyň ýaň­lan­magy bi­len jem­len­di. Bäs­le­şi­ge gat­na­şan­la­ryň hem­me­si diý­seň örän taý­ýar­lyk­ly ge­lip­dir­ler. Me­n hem bu bäs­le­şi­giň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lup, jem­leý­ji tap­gy­ra uly buý­sanç bi­len gat­naş­dym.

Hö­wes­jeň bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly bäs­le­şik ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­da giň mümkinçilik bo­lup, aja­ýyp dä­be öw­rül­di. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gymyzyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­lan­ýan «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ge­çi­ri­len no­bat­da­ky bäs­le­şi­ge gat­naş­mak hem-de öz ýü­rek owa­zy­my köp­çü­li­ge hö­dür­le­mek bag­ty­nyň ma­ňa-da mi­ýes­ser ede­ni­ne diý­seň be­gen­dim.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­ýän «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly bäs­le­şi­ge gat­na­şyp, «Hüýr­luk­ga-Hem­ra» des­sa­nyn­dan «Gar­da­şym» di­ýen halk aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­dim we hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldum. Halk aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň ta­ry­hyn­da yz gal­dy­ran ha­ly­pa­la­ry­myz Na­zar ba­ga­nyň, Mag­tym­gu­ly Gar­ly­nyň, Ak­ja­gül My­ra­do­wa­nyň aý­dym-saz sun­ga­ty­ny do­wam edýändigimize diý­seň be­gen­ýä­rin. Bu uly bagt mu­gal­lym kal­by­my joş­dur­ýar. Çün­ki ýag­şy umyt-ar­zuw­lar bi­len çe­ken zäh­me­tim uly üs­tün­lik­le­re ýe­tir­di. Şol üs­tün­lik­ler bol­sa ajaýyp za­ma­na­da dö­re­di­lip ber­len müm­kin­çi­lik­le­riň mi­we­si bo­lup, bi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Şu­nuň ýa­ly şat­lyk­ly pur­sat­lar­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den buý­san­jy­myzy be­ýan ed­ýä­ris. Goý, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömürleri uzak bol­sun, be­ýik işleri üs­tün­lik­le­re beslensin!

Ogul­jen­net HO­JA­KO­WA,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi­niň 3-nji ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň bag­şy mu­gal­ly­my:

— Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ýan aja­ýyp za­ma­na­sy bo­lup, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­giň biz — ýaş­la­ry­ň hem pa­ýy­na dü­şen­di­gi üçin men özü­mi bagt­ly ha­sap­la­ýa­ryn. Bu gün ýaş­ly­gym­dan halk aý­dym-saz­la­ry­ny öw­re­ne­ni­me we ony halk köp­çü­li­gi­niň öňün­de joş­gun­ly ýe­ri­ne ýetirendigime buý­san­ýa­ryn. Aý­dym-saz äle­mi me­ni özü­ne ben­di­wan ed­ýär. Ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri­mi­ze halk aý­dym-saz­la­ry­ny öw­ret­mek kalbymda buýsanç döredýär we dö­re­di­ji­lik­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.

Bil­şi­miz ýa­ly, bu ýyl mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy bel­lenilýär. Bu ýyl­da­ky her bir ga­za­ny­lan üs­tün­li­gi­miz bu to­ýa sow­ga­dy­myz­dyr. Bu döw­let­li to­ýy üs­tün­lik bi­len gar­şy­la­mak me­ni diý­seň bagt­ly ed­ýär. Bu bag­ty­ýar dö­wür­de halk aý­dym-sa­zy­ny ýaş ne­sil­le­re öw­re­dip, mu­gal­lym hök­mün­de halk aý­dym-saz sun­ga­ty­nyň do­wam­ly ösüş­le­ri­ne go­şan­dy­my goş­ýan­ly­gy­ma buý­san­ýa­ryn. Ösüp gel­ýän ne­sil­le­ri­miz­de bu ga­dy­my halk aý­dym-saz sun­ga­ty­ny öw­ren­mä­ge hö­wes­li­le­ri­niň köpdü­gi­ne-de gu­wan­ýa­ryn.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­len «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­na­şyp, «Jan­la­rym» di­ýen halk aý­dy­my­ny ýe­ri­ne ýe­tir­dim. Bäsleşikde Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň Şa ser­pa­ýy­na my­na­syp bol­dum. Bu ajaýyp pursat öm­rü­miň iň buý­sanç­ly, ma­ny­ly gün­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za tüýs ýü­rek­den buý­san­jy­myzy be­ýan ed­ýä­ris. Bu buý­sanç­ly pur­sat­lar has-da dö­re­di­ji­lik­li, yh­las­ly iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.

Al­tyn SA­RY­ÝE­WA,
«Mu­gal­lym­lar ga­ze­ti».

Salgylanma: