Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Dynç alyş ma­ny­ly gu­ral­ýar

Dynç alyş ma­ny­ly gu­ral­ýar

16 Iýun, 2026 Makalalar
55

Biziň dynç alyş we sagaldyş merkezimizde ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny, şeýle-de zehinlerini ýüze çykarmakda mekdep okuwçylary dürli ugurlarda, şol sanda durmuş ýörelgesine degişli ugurlarda bilimlerini, endiklerini artdyrýarlar, täze dostlary tapýarlar.

Mary welaýatyndaky «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tejribeli mugallymlaryň 14-si çagalara terbiýe berýärler. Merkezde her tapgyrda 300 çaga dynç alyp, olar özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Dynç alyş merkezinde toparlaryň 12-si, her toparda çagalaryň 25-si tejribeli mugallymlar tarapyndan terbiýelenýär. Terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň sazçylyk, çeper halk senetçiligi bilen meşgullanmakda zehinlerini açmaga kömek edýärler. Ýörite meýilnama esasynda toparlaryň arasynda özara bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle-de Mary şäheriniň gözel künjeklerine gezelençleriň guralmagy olaryň dynç alşynyň many-mazmunlylygyny hem-de täsirliligini artdyrýar.

Bagtyýar nesilleriň welaýat kitaphanasyna, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Bagtyýarlyk seýilgähine, Wekilbazar etrabynda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş seýilgähine guralýan gezelençler çagalaryň dynç alşynyň her bir pursadynyň manyly geçmegine şert döredýär. Gyzykly döredijilik agşamlary, aýdym-sazly medeni çäreler we guralýan beýleki şüweleňler çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Merkezde geçirilýän «Owadandyr, Watanym!», «Geliň, surat çekeliň!», «Tebigat — biziň öýümiz» atly surat bäsleşikleri, «Sagdyn nesiller», «Saglyk — biziň baýlygymyz»,  «Sport — biziň dostumyz» ady bilen guralýan sport çäreleri, «Geliň, tapmaça çözeliň!» ýaly zehin bäsleşikleri dynç alşyň täsirli geçmegine ýardam berýär. Durmuş üpjünçilik desgalaryny goşmak bilen, şol sanda bagy-bossanlyklar merkezimiziň gözelliklerine görk goşýar. Bu ýere çagalar welaýatyň dürli etraplaryndan dynç almaga gelip, olar tomus paslyny şadyýan we hoşwagt geçirýärler. Bu çagalar bilen gündelik dynç alyş merkezimiziň iş meýilnamasy esasynda birnäçe sport çäreleri geçirilip, olarda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarýarlar.

Telärler, oýun meýdançalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen ýodajyklar we köprüjikler toplumyň çäklerine aýratyn öwüşgin berýär. Merkezimiziň üç gatly binasynyň ajaýyp keşbi ganatlaryny giňden geren äpet guşy ýatladýar. Çagalar üçin merkezde ýatylýan giň we rahat otaglardan başga-da maslahatlar zaly, sport zaly, lukmançylyk, kompýuter otaglary, giň naharhana, kinoteatr bar. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin amfiteatr göz öňünde tutulan. Merkeziň çäginde oýun, sport meýdançalary, ýüzülýän howuz ýerleşdirilen. Çagalar bilen olaryň gyzyklanmalaryna görä, gurnagyň işiniň ugruna laýyklykda, enjamlaşdyrylan aýry-aýry otaglaryň birnäçesi bar.

Güljahan ÇARYKULYÝEWA,
«Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň direktory.