«Arkadagyň ruhy metjidi» milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowamydyr
Şamu-säherler iniňi ýakymly owaz bilen jümşüldedýän azanyň sesi hemişe dadyňa ýetýär. Gümmezi asman gümmezi bilen birleşen metjitlerden ýaňlanýan azan sesi ynsany öz-özi bilen ikiçäk galmaga hem-de ynsaby bilen ýüzleşmäge mejbur edýär. Ynsaplylyk, wyždanlylyk bolsa adamda iň kämil ahlak, gözellik duýgularyny oýarýar. Ynanjy arassa bolanyň kalby edil behişt ýalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda bellenilişi ýaly, tämiz dini garaýyşlar ynsan gatnaşyklaryny tertipleşdirýär, adamlary agzybirlige, dost-doganlyga çagyrýar, her bir kişiniň başgalar bilen deňdigini, diňe bilim-düşünjesi, akyl-parasaty, ahlak gözelligi, päkligi, adamkärçilik sypatlary, zähmeti bilen biriniň beýlekiden üstün bolup bilýändigini aýdýar.
Nusgawy türkmen edebiýatyny kämil eserleri, yslam filosofiýasy bilen baýlaşdyran Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eseriniň girişi älemi desterhan kimin ýazyp, üstüne dürli-dürli nygmatlar ýaýan, Ýer ýüzüni bagy-bossan eýläp, bilbilleri zary-girýan saýradan, rehneti bilen ýapraklary al-ýaşyl, gunçany gül, güli miwe eden Allatagala hamdu-senalar bilen başlanýar. Şeýle hem eserde ynsan nesliniň köňlüni ýagşy işlerden pürepürläp, tekepbirlikden, men-menlikden, göriplikden, ýamanlykdan, özgäni ynjytmakdan, biwepalykdan yrak durup, Haka ýakyn bolmagy täsirli beýtleriň üsti bilen wagyz-nesihat edilýär. Adamzat üçin Biribara ýakynlyk bolsa onuň öýünden — metjitden gözbaş alýar.
Türkmen halkynyň taryhyna ser salanyňda, metjitler jemgyýetiň ruhy durmuşynda elmydama aýratyn orun eýeläpdir. Halkymyz metjide diňe ybadat edilýän dergäh hökmünde garaman, onuň mazmunyny adamlaryň bitewi düşünjelerde birleşýän, birek-birege ýagşy dileg edýän, nesihat alýan, ahlak gymmatlyklaryny sarpalaýan mukaddes mekan hökmünde baýlaşdyrypdyrlar. Onuň iň ajaýyp beýanyny bolsa Pygamberimiz «Kimde kim metjide gitmek niýeti bilen ýola çyksa bir ädimi üçin bir sogap ýazylar, beýleki ädimi üçin bolsa bir günäsi geçiler» ýa-da şunuň bilen ugurdaşlykda «Namaz üçin metjide gideniňde äden her bir ädimiň sadakadyr» diýen jümlelerde jemleýär.
Halkymyzda içit, geçit hem-de metjit gurmak aýratyn sogaply işleriň hatarynda görülýär hem-de şeýle asylly işi durmuşa geçiren adama örän uly hormat bilen garalýar. «Sahyh Muslim» atly kitapda getirilýän hadyslaryň birinde hem Allanyň razylygy üçin metjit guran kişä behiştde öý guruljakdygy aýdylýar. Mundan başga-da, yslam äleminiň mukaddes kitaby bolan Gurhanda metjitleri abat saklamagyň iman, namaz, zekat we Allatagalany ýürekden söýmek ýaly ahlak esaslary bilen baglanyşygy bellenýär. Bu düşünjeler türkmeniň milli aňynda özboluşly orun eýeleýär. Ata-babalarymyz üçin metjit gurmak geljek nesillere ruhy miras galdyrmagyň iň beýik nusgasy hökmünde görlüpdir. Sebäbi her bir binanyň ähmiýeti onuň bilen bagly ýagşy işleriň, alnan bilimiň, aýdylan ýakymly sözleriň, edilen doga-dilegleriň dowamaty bilen ölçenilýär.
Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman şäher gurluşygynyň täzeçil nusgalarynyň biri hökmünde binýat bolýan «akylly» şäherde onuň ruhy keşbini şöhlelendirýän «Arkadagyň ruhy metjidiniň» peýda bolmagy diýseň buýsandyryjy hem taryhy taýdan örän uly gymmaty bolan wakadyr. 30 müň adama niýetlenilýän metjit halkyň ruhy dünýäsiniň, ahlak düşünjeleriniň, ýagşy niýetleriniň we nesilden-nesle geçýän milli däpleriniň nyşany hökmünde-de özboluşly ähmiýete eýedir.
Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilen din wekilleriniň maslahatynda Arkadag şäherinde gurulýan täze metjide «Arkadagyň ruhy metjidi» diýen ady dakmak baradaky teklip öňe sürlüp, biragyzdan goldanylypdy. Ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň täze şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky çözgüdiň ýurdumyzyň Adalat ministrligi tarapyndan hasaba alnyp, degişli güwänamanyň gowşurylandygy hakyndaky hoş habaryň ýetirilmegi halkymyzyň ruhy islegleriniň, Milli Liderimize çäksiz hoşallygynyň, ýagşy niýetleriniň mynasyp beýanyna öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, täze metjidiň ýanynda medresäniň gurulmagy bu asylly işleriň mazmunyny täze derejä çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanynda gurulýan medresä ýokary okuw mekdebiniň derejesini bermek baradaky teklip öňe sürüldi. Milli Liderimiz teklibi goldap, dünýäniň dürli ýurtlarynda şeýle ýokary okuw mekdepleriniň hereket edýändigini belledi hem-de medresäniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda we okuw derslerini özleşdirmekde dünýä tejribesinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýtdy. Okuw dersleriniň ugurlaryny kesgitlemek, maksatnamalary taýýarlamak meselelerine hem toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigi nygtaldy.
Şu toplumlaýyn çemeleşmedäki bitewülige aýratyn üns berlende ondaky many-mazmunyň çuňňurlygyna has aýdyň göz ýetirýärsiň. Metjit ruhyýetiň mekany bolsa, onuň ýanyndaky ýokary okuw derejesindäki medrese şol ruhyýetiň ylym arkaly dowamydyr. Başgaça aýdylanda, olaryň biri kalby, beýlekisi bolsa aňy baýlaşdyrýar. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetinde ýaşlar üçin her bir maglumatdan dogry netije çykarmak, ýagşy bilen ýamany saýgarmak, öz halkynyň gymmatlyklaryny söýmek, sarpalamak, başga halklara we medeniýetlere düşünmek, hormat goýmak ýaly häsiýetleri terbiýelemekde hem juda wajypdyr. Şonuň üçin medresäniň ýokary okuw mekdebiniň derejesine çykarylmagy onuň mazmunynyň dini bilim bermekden ötri, ahlak, medeniýet we jemgyýetçilik jogapkärçiligi ýaly gymmatlyklar bilen baýlaşyp, has täsirli bilim giňişliginiň döreýändigini alamatlandyrýar.
Türkmençilikde «metjit» düşünjesiniň «sahawat», «agzybirlik», «ýagşy dileg», «halallyk» ýaly düşünjeler bilen ýanaşyk gelmegi ýöne ýerden däldir. Bu düşünjeleriň ählisiniň özeninde — ynsanperwerlik bar. Bir adam metjide girip, ýüreginde ýagşy niýet bilen çyksa, şol metjit öz wezipesini ýerine ýetirýär. Başga bir adam ol ýerde ata-babalarynyň ruhy gymmatlyklaryna düşünip, adamlara hormat goýmagy öwrenýän bolsa, ol ýerde ruhy terbiýäniň tohumy gögerýär. Şeýdibem ruhyýet, ylym, terbiýe we ynsanperwerlik bir bitewi ulgamyň iň möhüm halkasyny emele getirýärler. Döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, günlerimiziň asuda-abadanlygynyň düýp manysy, megerem, şunda bolsa gerek.