«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny özgertmek, ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, ylym bilen meşgullanmagy, oňat dynç almagy üçin ähli şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda hem amala aşyrylýan beýik işler, düýpli özgertmeler, ýetilen belent sepgitler her birimizi guwandyrýar. Mahlasy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli bilim ulgamyna berilýän aýratyn üns, yzygiderli edilýän alada göwün guşuňy ganatlandyrýar. Berkarar döwletimiziň ýagty geljegi bolan ýaş nesillerimiz hem uly üstünlikleri gazanyp, Watana wepalylyk, ygrarlylyk, lebzi halallyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýärler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem pudaklarda sanly ulgamy has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda Ýolöten etrabynda orta mekdepleriň 48-si, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 22-si hem-de çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi bolup, olarda zähmet çekýän bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde asylly ýörelgelere eýerip, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin her bir işe döredijilikli çemeleşýärler. Bu ugurda bilim işgärleri dürli görnüşli bäsleşikleri geçirýärler. Sapaklary gyzykly hem işjeň guraýarlar. Şeýle-de geçirilýän baýramçylyk çärelerine ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanýarlar. Netijede, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly we kämil adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalar ýerine düşýär.
Eziz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýär. Bu günki gün ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky tagallalaryň barha rowaçlanyp, özüniň oňat netijesini berýändigine göz ýetirmek bolýar.
Okuwçylaryň biliminiň çuňňurlygy, ilkinji nobatda, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyna baglydyr. Şonuň üçin etrabymyzda mugallymlaryň, terbiýeçileriň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmeklerine aýratyn üns berilýär. Mugallymlar bilen usuly-amaly maslahatlary, öňdebaryjy iş tejribeleri öwrenmek we ýaýratmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berilýär. Bu tutumly işler bolsa bilim işgärlerinde döwrüň talabyna görä, täzeçe usullarda döredijilikli zähmet çekmäge hyjuw döredýär.