Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag

Ylym-bilim we milli terbiýe — geljegimize şamçyrag

3 Sentýabr, 2026 Makalalar
21

Didar NIÝAZLYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby:

— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bagtyýar talyby bolmagym hem-de täze okuw ýyly mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyna gatnaşmagym buýsançly başymy göge ýetirdi.

Milli Liderimiziň ahalteke bedewleri barada aýdan gymmatly maglumatlary bizde uly täsir galdyrdy. Şeýle-de adamyň hakyky baýlygynyň onuň ylym-bilimi bilen birlikde, ahlagynda, edebinde, dogruçyllygynda, halallygynda, zähmetsöýerliginde we Watana söýgüsinde ýüze çykýandygy hakynda eden sargytlary-da örän täsir etdi. Ahalteke bedewleri gözelligi, çaltlygy we çydamlylygy bilen bütin dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolan naýbaşy gymmatlygymyzdyr. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde atçylyk ugurly akademiýanyň açylmagy bu ajaýyp sungaty täze ylmy derejä göterdi. Döwrebap ýokary okuw mekdebi atçylyk pudagy üçin kämil hünärmenleri, çapyksuwarlary, seýisleri taýýarlamakda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.

Geljekde döwrebap bilim ojagymyzda alan bilimimiz, häzirki zaman tehnologiýalary bilen işlemek başarnygymyz bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşarys. Ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler bize uly ynam bildirilýändigini aňladýar. Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Maksatmyrat ÇARYÝEW.
«Türkmenistan»