Täze okuw ýylynyň ilkinji güni gujagy kompýuterli mekdepden çykan gyzjagaz begenjinden uçaýjak bolýardy. Dagy näme?! Ol bu güne kän garaşdy ahbetin! Alty ýaşa gadam basan gününden bäri uly doganynyňky ýaly döwrebap noutbukly bolmagy arzuwlap gezdi. Arzuwy wysal tapan bagtyýar körpäniň bu günki şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Ony görmek hem eşitmek gerek. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ak mekdepleriň gapysyny ilkinji gezek açyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň toý sowgadyny alan körpeleriň ählisi şeýle şatlykly pursady başdan geçirendir.
Şu ýyl birinji synpa baran körpe nesli öwrediji kompýuterler bilen begendiren önüm öndürijileriň biri «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň işi barada gazetimiziň öňräkki sanynda gürrüň berdik. Şonda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň işi barada hem durup geçipdik. Aslynda, bu iki kärhananyň alyp barýan işleri biri-birinden üzňe däl, ikisem elektron enjamlary, şol sanda öwrediji noutbuk kompýuterleri öndürýär. Olaryň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mekdepleriň bosagasyndan ilkinji gezek ätlän körpeleriň Aşgabatda 17 müň 145-sine, Arkadag şäherinde 650-ä, Ahalda 18 müňe golaýyna, Balkanda 9 müňden gowragyna, Daşoguzda 27 müňe ýakynyna, Lebapda 20 müň 674-sine, Maryda 27 müň 605-sine hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy ýurdumyzda sanly ulgama geçmek, elektron senagaty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amal edilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkezi tarapyndan 2019-njy ýylda esaslandyrylyp, Hytaýyň önüm öndüriji iri kompaniýalary bilen bilelikde döredildi. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Hytaýyň Sinhua uniwersitetinde tejribesini artdyran ýerli hünärmenler hytaýly hyzmatdaşlary bilen bilelikde noutbuklaryň, planşetleriň, monobloklaryň, elektron söwda enjamlarynyň kämilleşdirilen, häzirki zaman görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular. Kärhana döredilen gününden bäri programma üpjünçiligini işläp düzmek boýunça daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk saklap, halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmäge goşant goşup gelýär.
— Çagalara sanly bilim düşünjesiniň mekdep partasyndan öwredilip başlanmagy daşary ýurt dillerini suwara bilýän, dünýä tejribesinden habarly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Orta mekdepleriň başlangyç synp okuwçylary üçin niýetlenilen öwrediji kompýuterler kuwwaty, ýokary tizligi, maglumat saklaýyş möçberi, ekranynyň ölçegleri hem-de döwrebap programmalar toplumyna eýedigi bilen tapawutlanýar. Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň usulyýetçileri hem-de hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi girizildi. Körpe nesil «Bilimli» atly noutbuk arkaly ýazyp hem okap bilýär, sanlary goşup-aýryp, köpeltmegi başarýar, surat çekýär, olaryň rus, iňlis dillerini öwrenmegi üçin hem ýörite maksatnamalar bar. Şeýle-de okuwçylar bu kompýuter arkaly mekdep döwrüniň deslapky üç ýylyndaky esasy dersleri özleşdirmäge mümkinçilik tapýarlar.
2026-2027-nji täze okuw ýylynda körpelere «Paýhas» atly programma üpjünçiligi girizilen kompýuterler gowşuryldy. Tejribeli hünärmenlerimiz ýokary ussatlygy, sabyrlylygy we jogapkärçiligi talap edýän örän inçe hem-de çylşyrymly işleri alyp barýarlar. Şeýlelikde, «Bilimli» kompýuterleri we başga-da dürli görnüşli elektron enjamlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna mynasyp sowgadymyzdyr. Biziň esasy maksadymyz ýokary hil derejesini üpjün etmek. Dünýäniň dürli öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan berlen şahadatnamalardyr diplomlar önümlerimiziň hiliniň ýokarydygynyň güwäsidir. Daşary ýurtly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk saklap, durmuş ugurly sanly enjamlary öndürmek bilen, ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegine, milli ykdysadyýetimiziň, esasan-da, bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna goşant goşmaga döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys — diýip, bilelikdäki kärhananyň önümçilik sehiniň müdiri Rahman Gaýypow gürrüň berdi.