Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Kitap bilen dostlaşyň!

Kitap bilen dostlaşyň!

7 Iýul, 2026 Makalalar
35

Tomus pasly mekdep okuwçylarynyň dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dünýägaraýşyny giňeltmekleri, şeýle hem peýdaly endikleri özleşdirmekleri üçin örän amatly döwürdir. Ony peýdaly we gyzykly geçirmegiň iň gowy ýollarynyň biri bolsa kitaplar bilen dostlaşmakdyr. Biz hem dünýä edebiýatynda çagalar üçin niýetlenen iň naýbaşy eserleriň birnäçesiniň sanawyny taýýarlap, size hödürlemegi makul bildik. Bu kitaplar ýaşajyk okyjylar üçin örän gyzykly bolar diýip ynam bildirýäris.

«JAPBAKLAR»

Berdi Kerbabaýewiň türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren bu eseri çagalaryň iň söýgüli kitaplarynyň biridir. Doganlar — Japbaklar we olaryň obadaşlary bilen bagly bolup geçýän şadyýan, gülküli hem-de durmuşdan alnan wakalary gürrüň berýän bu powest çagalarda agzybirligi, oýlap tapyjylygy kemala getirýär we dostluga belent sarpany terbiýeleýär.

«PINOKKIONYŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI»

«Pinokkio» diýilse, ýalan sözläninde burny uzaýan, hemişe hakyky oglanjyga öwrülmek isleýän agaç gurjak göz öňümize gelýär. Awtor Karlo Kollodiniň oýlap tapan bu simwolik usuly çagalara uly sapak berýär. Ýalan sözlemegiň erbet häsiýetdigini, diňe zähmetsöýer, dogruçyl we ata-enäni diňleýän gowy çaga bolanyňda, uly arzuwlara ýetip bolýandygyny ündeýär.

«KIÇIJEK ŞAZADA»

Dünýä halklary tarapyndan iň köp okalýan Antuan de Sent-Ekzýuperiniň bu kitabynda dostlugyň, mähirliligiň we jogapkärçiligiň oňat häsiýetlerdigi nygtalýar. Çagalar bu eser arkaly öz dostlaryna, maşgalasyna we janly-jandarlara bolan hormat-sarpany öwrenýärler. Kiçijek şazadanyň gyzykly syýahatlary çagalar dünýäsiniň ajaýyplyklaryny açyp görkezýär.

«JEŇŇEL KITABY»

Jeňňel kanunlaryny, haýwanat dünýäsini we tebigaty söýmegi öwredýän bu ajaýyp eseriň üsti bilen, çagalar adamlara hormat goýmagy, parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamagy, batyrlygy, şeýle hem maşgala agzybirligini öwrenýärler. Redýard Kipling bu eseri bilen çagalara düzgün-nyzamly bolmagyň, ulularyň we tejribeli adamlaryň sözüni diňlemegiň durmuşda neneňsi möhümdigini düşündirýär.

«TOM SOÝERIŇ BAŞDAN GEÇIRENLERI»

Şadyýan we oýunçyl Tom Soýeriň başdan geçirmeleri tomus paslynda okamak üçin örän gyzykly eserdir. Amerikan ýazyjysy Mark Twen wakalary örän gönümel we şorta sözler arkaly täsirli beýan edip bilipdir. Bu kitap çagalaryň hyýal dünýäsini baýlaşdyrmaga we dostlaryň arasynda ýüze çykýan kynçylyklardan döredijilikli çykalga tapmaga kömek edýär.

«KAPITAN GRANTYŇ ÇAGALARY»

Dünýä edebiýatynyň görnükli wekili Žýul Werniň bu eseri geografiýany, tebigaty we syýahaty söýýän çagalar üçin iň ajaýyp gollanmadyr. Eser çagalaryň ylym-bilime, täze ýerleri öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak bilen bir hatarda, maşgala mukaddesligini, mertligi we dostlaryňa wepaly bolmagy gyzykly başdan geçirmeler arkaly beýan edýär.

Taýýarlan Aýşirin DÖWLETOWA,
«Nesil».