IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň alyp barýan işleri.
2. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunynyň esasynda ýaş nesilde Watana we milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy kemala getirmegiň usullary.
3. Türkmen dili we edebiýat derslerini okatmakda häzirki zaman pedagogik tehnologiýalardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usullary.
5. Edebiýat dersinden taslama (döredijilik) işlerini ýerine ýetirmegiň usullary (iş tejribeden).
6. Okuwçylary türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden.
7. Rus dilinde okadylýan synplarda okuwçylaryň türkmen dilinden sözleýşini we kommunikatiw endiklerini ösdürmegiň iş tejribesinden.
8. Okuwçylary türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça döredijilik işine ugrukdyrmagyň usullary.
9. Türkmen dili we edebiýat derslerinde okuwçylaryň sözleýiş we ýazuw endiklerini kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
10. Türkmen dili we edebiýat derslerini okatmakda okuwçylara bilim bermegiň, terbiýelemegiň we amaly başarnyklaryny kemala getirmegiň iş tejribesinden.
11. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça mekdepden we sapakdan daşary çäreleri guramagyň hem-de geçirmegiň iş tejribesinden.
12. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmagyň häzirki zaman usullary.