Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynyň ösdürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde türkmen ýaşlarynyň döwrebap derejede bilim almaklary, ylmyň täze gazananlary bilen giňden tanyşmaklary, ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Başlangyç bilimler orta mekdepde ele alnyp başlanylýar. Bu bolsa orta mekdeplerde okuwlaryň dünýä derejesine laýyk, döwrebap usullarda alnyp barylmagyny üpjün edýär.
Ylym-bilimiň döwrebap ösüşleri ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki zaman derejesinde bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmaga ähli amatlyklary bolan orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerde iň döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamyny dünýä nusgalyk görnüşde ösdürmekdäki uly ädimlerdir.
Ylmyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň ösüş depginleri barha ýokarlanýar. Bu jemgyýetçilik sazlaşygy ýurtda düýpli bilimiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berk tutulmagy bilen baglanyşyklydyr. Bilimiň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi döwletimiziň bu ulgamy ösdürmekdäki özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna şert döredýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr. Hut şu nukdaýnazardan, bilimli, ylymly ýaşlary kemala getirmek baş maksat bolup durýar.
Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň häzirki döwrüň ösen tehnologiýalaryna erk edip bilýän raýatlar bolup ýetişmegi okatmagyň we terbiýe bermegiň usullarynyň, milli hem halkara möçberinde gazanylan täzelikleriň bilim ojaklaryna giňden ornaşdyrylmagyna bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň döwrebap multimedia, kompýuter tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, interaktiw usulda okatmagyň ornaşdyrylmagy ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşyny giňeltmegine oňat ýardam edýär. Bu bolsa olaryň ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna amatly şertler döredýär. Şeýlelikde ýaş nesilleriň geljekde kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde bilimiň eýeleýän ornunyň juda giňdigine göz ýetirmek bolýar.
Döwletimiziň ähli ulgamlarynda ýokary netijeleri gazanmagyň ýollary bilim arkaly amala aşyrylýar. Bular dogrusynda beýan edenimizde, ylym-bilimde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini hem bellemek gerek. Häzirki ajaýyp döwrümizde okuwçylarymyz, talyplarymyz dünýäde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Özi hem bu ders bäsleşiklerinde ýaşlarymyz baýrakly orunlary eýeläp, bilimleriniň, dünýägaraýyşlarynyň ýokarydygyny subut edýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň has-da ösdürilýändigini subut edýär.
Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik, ylmy-barlag işleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sportda we syýahatçylykda ýokary netijeleri gazanmak baş maksadymyza öwrüldi. Türkmenistanda bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýetilen sepgitler halkara derejesinde hem ykrar edilýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuwyň döwrebap ýola goýulmagy, okatmagyň iň kämil usullarynyň ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde bilim almaklaryna, olaryň jemgyýetiň çalt depginler bilen ösýän her bir ulgamyndaky täzelikleri, ylmy taýdan açyşlary nazary taýdan öwrenmeklerine, geljekde özleriniň saýlap alan hünärlerine höwesli ýapyşmaklaryna şert döredýär. Ylmyň gazananlarynyň halkara derejesinde sazlaşykly ösüşini kabul eden ýaşlar giň düşünjeli, belent ahlakly, zähmetsöýer, tehnologiýalara erk edip bilýän başarjaň raýatlar bolup ýetişmelidir. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap derejede bilim almaklaryna, ylmy döredijilik bilen meşgullanmaklaryna döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.
Bilim öwretmegiň iň kämil usullaryny ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy barlaglary goldamak we höweslendirmek hem yzygiderli alnyp barylýan ugurlardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan baş wezipe, maksat ýaşlaryň kämilligi, giň dünýägaraýşy bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle belent maksatlardan ugur alýan döwletiň ykdysady kuwwatynyň ylym-bilime daýanylyp ösdürilmegi dünýä nusgalyk ajaýyp netijäni berýär.
Bilim bagtyň gözbaşydyr. Asylly ýörelgelere, ata Watanyň ösüşine hyzmat etmek häzirki ajaýyp döwrümizde baş maksadymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki beýik işleri biziň her birimizi buýsandyrýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler bilim işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge döredilýän mümkinçilikler bilim işgärlerinde, mugallymlarda döredijilikli zähmet çekmäge höwes döredýär. Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!