Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Köpöwüşginli döredijiligiň özboluşly baýramçylygy

Köpöwüşginli döredijiligiň özboluşly baýramçylygy

22 Awgust, 2026 Makalalar
36

Paý­tag­ty­myz­da­ky Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ça­ga­la­ryň şat­lyk­ly ses­le­ri, aý­dym-sa­zyň owa­zy we dür­li çä­re­le­riň gyz­ga­la­ňy bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rip, gün­sa­ýyn tä­sir­li öwüş­gin­le­re bes­len­ýär. «Kids EXPO: äh­li zat ça­ga­lar üçin» at­ly hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­nyň üçün­ji gü­ni hem ýaş nes­liň dür­li ugur­lar­da­ky ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýan, milli gym­mat­lyk­la­ry­my­za söý­gi­ni art­dyr­ýan hem-de tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýan çä­re­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­dy.

Ser­gi­niň milli oýun­la­ra ba­gyş­la­nan bö­lü­mi üçün­ji gü­nüň köp adam­ly kün­jek­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di. Aşyk oý­na­mak, ýag­ly­ga to­wus­mak ýa­ly oýun­lar ça­ga­la­ryň ara­syn­da uly hö­wes bi­len do­wam et­di­ril­di. Oýun­la­ryň kä­bi­ri­ne il­kin­ji ge­zek to­ma­şa ed­ýän ça­ga­lar hem ola­ry öw­ren­mä­ge hö­wes bi­len gat­naş­dy­lar. Bu ýer­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ça­ga­la­ryň­dyr olar üçin ni­ýet­le­nen dür­li gur­nak­la­ryň we­kil­le­ri­niň bol­ma­gy ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ukyp-ba­şar­nyk­ly ke­ma­la gel­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­la­ryň edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.

— Bi­ziň gu­ra­ma­myz 2009-njy ýyl­da dö­re­di­lip, dur­muş we eko­lo­gi­ýa ugur­la­ry bo­ýun­ça dür­li taslamalary amala aşy­ryp gel­ýär. Biz dur­muş taý­dan go­ra­ga mä­täç, şol san­da ma­ýyp­ly­gy bo­lan ra­ýat­lar, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri, şeý­le-de oba ýer­le­rin­de ýa­şa­ýan ze­nan­lar bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýa­rys. Şu gün­ki ser­gi­de aşyk oý­na­mak, ýag­ly­ga to­wus­mak ýa­ly ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri oý­na­lyp ge­lin­ýän milli oýun­la­ry­my­zy hö­dür­le­ýä­ris. Olar ça­ga­la­ryň wag­ty­ny şa­dy­ýan ge­çir­me­gi bi­len bir­lik­de, ça­la­syn­ly­gy­ny, ün­sü­ni jem­le­mek uky­by­ny, pi­kir­le­ni­şi­ni we he­re­ket­le­ri­niň saz­la­şy­gy­ny ös­dür­mä­ge hem ýar­dam ed­ýär. Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ça­ga­la­ra milli oýun­la­ry öw­red­ýän ýö­ri­te gur­nak aç­dyk. Hä­zir­ki wagt­da oňa 40-a go­laý ça­ga gat­na­ýar. Gel­jek­de şeý­le gur­nak­la­ryň sa­ny­ny art­dyr­mak we ola­ry mek­dep­ler­de hem ýo­la goý­mak is­le­ýä­ris — di­ýip, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän «Däp-des­sur» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Şi­rin Jo­jy­ýe­wa gür­rüň­deş bo­la­ny­myz­da aýt­dy.

Milli oýun­la­ryň ser­gi­de aý­ra­tyn orun eýe­le­me­gi geç­miş bi­len şu gü­nüň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gyň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Ça­ga­lar ga­dy­my oýun­la­ry di­ňe syn­la­mak bi­len çäk­len­män, ola­ry öz­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip gör­ýär­ler.

Ser­gi­niň üçün­ji gü­ni di­ňe bir ça­ga­la­ryň dö­re­di­ji­lik ba­şar­nyk­la­ry­ny we akyl-paý­ha­sy­ny açyp gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, ene-ata­lar üçin ze­rur bo­lan mas­la­hat­la­ra-da baý bol­dy. BMG-niň Ça­ga­lar gaz­na­sy­nyň (ÝU­NI­SEF) di­war­ly­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň bi­rin­de ça­ga­la­ryň iý­mit­le­ni­şi we sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­ler or­ta atyl­dy. Ene-ata­la­ryň üns bi­len diň­län bu mas­la­hat­la­ryn­da ça­ga­nyň ki­çi ýaş­la­ryn­da dog­ry iý­mit­len­me­giniň onuň ösü­şi­ne ýe­tir­ýän tä­si­ri ba­ra­da aý­ra­tyn bel­le­nil­di. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki «Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek» mer­ke­zi­niň ça­gy­ry­şa gi­diş gul­lu­gy­nyň pe­diatr luk­ma­ny Säh­ra­gül Dur­dy­ýe­wa ça­ga­la­ryň iý­mit­len­di­ri­li­şi ba­ra­da aýt­mak bi­len:

— Ça­ga al­ty aý­lyk bo­lan­dan soň­ky dö­wür onuň ke­ma­la gel­me­gin­de iň bir jo­gap­kär­li pur­sat­la­ryň bi­ri­dir. Al­ty aý­lyk­dan tä 12 aý­ly­ga çen­li ene süý­di bi­len bir ha­tar­da goş­ma­ça iý­mit­le­re — mi­we­le­re, gök önüm­le­re, et, ba­lyk we beý­le­ki önüm­le­re kem-kem­den ge­çil­me­li­dir. Ça­ga 1 ýa­şa­ýan­ça oňa bal ber­mek, sy­gyr süý­dü­ni içir­mek, iý­mi­ti­ne duz ýa-da şe­ker goş­mak luk­man­çy­lyk taý­dan düý­bün­den mas­la­hat be­ril­me­ýär. Bir ýa­şy­ny dol­du­ran­dan soň, kem-kem­den maş­ga­la na­ha­ry­na öw­re­niş­ýär. Ýö­ne bu ýer­de wa­jyp düz­gü­ni ber­jaý et­mek ze­rur­dyr: maş­ga­la na­ha­ry­na duz ýa-da burç go­şul­maz­dan öň, hök­man ça­ga­nyň pa­ýy aý­ry­lyp alyn­ma­ly­dyr. Şeý­le-de ça­ga­da tä­ze önü­me gar­şy al­ler­gik tä­sir­ler, my­sal üçin, ör­gün, çiş­mek ýa-da dem al­mak­da kyn­çy­lyk ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­sa, ha­ýal et­män luk­ma­na ýüz tut­ma­ly­dyr — di­ýip, ýaş ça­ga­ly ene­le­re wa­jyp mas­la­hat­la­ry ber­ýär.

Ça­ga­nyň sag­ly­gy bi­len bag­ly şeý­le mas­la­hat be­riş gür­rüň­deş­li­gi­niň ser­gi meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­me­gi ene-ata­lar üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir. Se­bä­bi ça­ga­nyň sag­dyn ös­me­gi di­ňe bir luk­man­çy­lyk gö­zeg­çi­li­gi bi­len däl-de, eý­sem, onuň gün­de­lik dur­mu­şyn­da ber­jaý edil­ýän dog­ry en­dik­ler bi­len hem aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Gü­nüň iň gyz­ga­laň­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri-de «Ça­ga­lar üçin ze­hin­ler zo­la­gyn­da» ge­çi­ril­di. Bu ýer­de san­lar bi­len iş­le­me­giň tiz­li­gi we ça­ga­la­ryň akyl-paý­ha­sy öz­bo­luş­ly bäs­leş­di. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň, Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň «Kids EXPO — 2026» hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň, «Kä­mil bi­lim» we «Ze­hin ýo­ly» okuw mer­kez­le­ri­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da An­zan men­tal arif­me­ti­ka­sy bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty bu ugur­da iň ösen ukyp-ba­şar­nyk­ly ça­ga­la­ry ýü­ze çy­kar­dy. Me­mo­riad bü­tin­dün­ýä ze­hin sport­la­ry fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň «Flaş An­zan Ma­ra­fon» ug­ry bo­ýun­ça ge­çi­ri­len bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­den 6 — 14 ýaş ara­ly­gyn­da­ky okuw­çy­la­ryň 116-sy gat­naş­dy. Bäs­le­şi­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça 24 okuw­çy baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­he­rin­dä­ki 9-njy or­ta mek­de­biň ýa­nyn­da­ky in­ter­na­tyň 7-nji synp okuw­çy­sy Em­rah Şa­mu­ra­dow 33 980,5 utuk top­lap, gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da iň ýo­ka­ry ne­ti­jä­ni gör­kez­di we bäs­le­şi­giň çem­pio­ny bol­dy. Yb­ra­ýym Ke­ri­mow bi­len Ke­rim Gahrymanow hem öň­dä­ki üç­lü­ge gir­di­ler.

— Şu gün­ki bäs­le­şi­gi­miz ha­ky­ky akyl-paý­has baý­ra­my­na öw­rül­di. Bäs­le­şi­ge tu­tuş ýur­du­myz­dan ze­hin­li okuw­çy­la­ryň gat­naş­ma­gy onuň de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ýaş­la­ryň şeý­le bäs­le­şik­ler­de öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni sy­nap gör­me­gi, tej­ri­be top­la­ma­gy we özün­den güýç­li gar­şy­daş­lar bi­len bäs­leş­me­gi ola­ryň gel­jek­ki ösü­şi üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bäs­le­şi­giň do­wa­myn­da bäş sa­ny tä­ze milli re­kor­dyň ha­sa­ba alyn­ma­gy-da aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. We­li Sa­pa­row iki­li san­la­ry ýat­da sak­la­mak, Me­kan Nur­gel­di­ýew ýat­dan kwad­rat kök al­mak, Me­kan Ba­ty­row ýat­dan kö­pelt­mek bo­ýun­ça tä­ze re­kord ne­ti­je­le­ri gör­kez­di­ler. Ro­waç Be­gen­jow bol­sa ýat­dan goş­mak we iň çalt ýat­dan goş­mak ugur­la­ry­nyň iki­sin­de hem tä­ze milli re­kor­dyň eýe­si bol­dy. Bu ne­ti­je­ler ýaş­la­ryň di­ňe bir okuw maksatnamalaryny öz­leş­dir­mek bi­len çäk­len­män, akyl-paý­ha­sy­ny has çyl­şy­rym­ly şert­ler­de hem sy­nap gör­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. San­lar bi­len iş­le­mek­de her bir pur­sat, her bir ne­ti­je mö­hüm. Şo­nuň üçin şeý­le bäs­le­şik­ler­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň aňyr­syn­da yzy­gi­der­li taý­ýar­lyk, mu­gal­lym­la­ryň zäh­me­ti we ýaş­la­ryň öz mak­sa­dy­na bo­lan yna­my dur. Bäs­le­şik­de goý­lan tä­ze milli re­kord­lar ser­gi meý­dan­ça­syn­da aý­ra­tyn buý­sanç bi­len gar­şy­lan­dy. Ýaş­la­ryň ga­za­nan bu ne­ti­je­le­ri di­ňe bir ola­ryň şah­sy üs­tün­li­gi bol­man, eý­sem, ýur­du­myz­da ze­hin­li ça­ga­la­ryň ukyp-ba­şar­ny­gy­ny ýü­ze çy­kar­ma­ga we ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­si­dir — di­ýip, «Kä­mil bi­lim» okuw mer­ke­zi­niň di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry Döw­let­my­rat Dur­dy­mäm­me­dow bäs­le­şi­giň ge­çi­şi ba­ra­da gür­rüň ber­di.

Ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bäs­le­şi­giň ýa­kym­ly jem­le­me­si­ne öw­rül­di. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we tä­ze milli re­kord­la­ryň eýe­le­ri­ne nout­buk­lar hem-de beý­le­ki gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy. «Tä­ze aý», «Owa­dan ül­ke», «Kä­mil kar­go», «Pa­ra­hat», «M&G sta­tio­na­ry», «Ro­waç», «Bars» hem-de «De­rek» ýa­ly ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry hem ýaş ze­hin­le­riň üs­tün­lik­le­ri­ni öz sow­gat­la­ry bi­len da­ba­ra­lan­dyr­ma­ga go­şant goş­du­lar. Şeý­le sow­gat­lar ýaş­la­ryň ga­za­nan üs­tün­li­gi­ne be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny bol­mak bi­len bir­lik­de, ola­ryň gel­jek­de-de öz ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ýar.

Mah­la­sy, ser­gi­niň üçün­ji gü­nü­niň wa­ka­la­ry ça­ga­nyň ösü­şi­ni dür­li ugur­lar bo­ýun­ça açyp gör­kez­di. Dö­re­di­ji­lik meý­dan­ça­syn­da onuň hy­ýa­ly we el ba­şar­ny­gy sy­nal­ýan bol­sa, milli oýun­lar­da ça­la­syn­ly­gy we be­den iş­jeň­li­gi ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­çy­lyk mas­la­hat­la­ryn­da ça­ga­nyň sag­ly­gy­na üns be­ril­ýär. Akyl-paý­has bäs­le­şi­gin­de bol­sa ýat­keş­li­gi, ün­sü­ni jem­le­mek uky­by we çalt pi­kir­le­ni­şi öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şeý­le dür­li ugur­la­ryň bir meý­dan­ça­da jem­len­me­gi «Kids EXPO» hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka­sy­nyň maz­mu­ny­ny has-da baý­laş­dyr­ýar. Bu ýer­de ça­ga di­ňe bir özü­ne gy­zyk­ly bo­lan za­dy saý­la­man, öň özü­ne nä­ta­nyş bo­lan ugur­la­ry hem sy­nap gör­mä­ge müm­kin­çi­lik al­ýar. Kä­wagt şol il­kin­ji sy­na­ny­şyk gel­jek­ki hü­nä­riň ýa-da hö­we­siň göz­ba­şy­na öw­rü­lip bi­ler. Şu gün pal­çyk­dan ýa­sa­lan il­kin­ji şe­kil gel­jek­de us­sa­nyň ýa-da di­zaý­ne­riň us­sat­lyk bi­len dö­ret­jek ese­ri­ne ba­dal­ga be­rip bi­ler. Şu gün milli oýun­la­ra bo­lan hö­wes geç­mi­şi öw­ren­mä­ge bo­lan uly gy­zyk­lan­ma­nyň baş­lan­gy­jy­ny dö­re­dip bi­ler. Şu gün san­la­ryň ara­syn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik bol­sa ma­te­ma­ti­ka, in­for­ma­ti­ka ýa-da beý­le­ki ta­kyk ylym­la­ra bo­lan söý­gi­niň il­kin­ji ädi­mi bo­lup bi­ler. Şo­nuň üçi­nem, ça­ga­nyň her bir gy­zyk­lan­ma­sy­ny wag­tyn­da gör­mek, onuň uky­by­na gö­rä şert dö­ret­mek we hö­we­si­ni gol­da­mak örän mö­hüm­dir.

Hal­ka­ra ser­gi-ýar­mar­ka hut şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri bir ýe­re jem­läp, ça­ga­la­ryň öz­le­ri­ni dür­li ugur­lar­da sy­nap gör­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Bu bol­sa olar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­le­riň di­ňe bir şu gü­nüň şat­ly­gy­na däl, eý­sem, gel­je­giň bin­ýa­dy­na gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Çün­ki şu gün gol­daw tap­ýan ze­hin er­tir uly üs­tün­lik­le­riň eýe­si bol­ýar, şu gün öw­re­nil­ýän hü­när er­tir Wa­ta­nyň ösü­şi­ne hyz­mat ed­ýän kä­re öw­rül­ýär, şu gün ýü­rek­de oýan­ýan hö­wes bol­sa gel­jek­de uly mak­sa­da ta­rap alyp bar­ýar. Ýaş nes­liň şeý­le giň müm­kin­çi­lik­ler­den peý­da­lan­ma­gy, bi­lim­de, dö­re­di­ji­lik­de, sport­da we dür­li ugur­lar­da öz ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­me­gi ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Bu ugur­da­ky be­ýik iş­ler Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry­nyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nes­liň röw­şen gel­je­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň do­wa­ma­ty­dyr.

Baý­ram­ber­di GEL­DI­MY­RA­DOW.
«Türk­me­nis­tan». Surata düşürenler Dörtguly MYRATGULYÝEW, Annanur REJEBOW.
 

Salgylanma: