akynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň we «PETRONAS» Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň hünär ugurlary we gazanan sepgitleri bilen tanyşdyryldy. Şunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, uniwersitetde öňdebaryjy tehnologiýalar barada onlaýn okuwlaryň hem-de Malaýziýada talyplar üçin tomusky önümçilik tejribelikleriniň yzygiderli guralýandygy nygtaldy.
«PETRONAS» kompaniýasynyň wekili Akmal Niza Ahmad ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmäge, halkara žurnallarda makalalary çap etmäge taýýardyklaryny aýtdy. Şeýle hem nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça malaýziýaly professorlaryň okuwlarynyň dowam etdiriljekdigi habar berildi. Iki tarap hem bu hyzmatdaşlygyň nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Şeýle hem ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýurdumyz bilen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen duşuşyk netijeli häsiýete eýe boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama ýaşlaryň bilim we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berer. Ýeri gelende bellesek, şu günki güne çenli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 20-ä golaý resminama gol çekildi. Şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň we serginiň dowamynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we akademiki mobillik maksatnamalary boýunça ylalaşyklaryň üçüsine gol çekilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.