Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Köňül kelamy

Köňül kelamy

31 Awgust, 2026 Makalalar
25

Men mekdep­de oka­ýan döw­rüm­de ýurdu­myz­da ge­çiril­ýän dür­li bäsle­şik­le­re gat­naşdym. Türk­me­nista­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň «Al­tyn asy­ryň al­tyn ze­hin­le­ri» at­ly yl­mytas­la­ma, dö­re­di­ji­lik bäs­leşi­gin­de 2024nji we 2026njy ýyl­lar­da bio­lo­gi­ýa der­si bo­ýun­ça 2nji or­na my­na­syp bol­dum. Mek­dep­de oka­ýan döw­rüm­de bio­lo­gi­ýa der­si bi­len iç­gin gy­zyk­la­nyp, bu ders bo­ýun­ça dür­li okuw we yl­my ede­bi­ýat­la­ry yzy­gi­derli öw­ren­dim. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp­ jilt­li yl­myen­sik­lo­pe­dik ki­tap­la­ry ýur­du­my­zyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri­ni öwren­mek­de gymmatly yl­my gol­lan­ma bolup durýar. Bu ki­ta­by oka­mak, öw­ren­mek bi­len, men­de ýur­du­my­zyň ösüm­lik dün­ýä­si­ne söý­gi dö­re­di. Şo­nuň üçin bio­lo­gi­ýa der­si­ne bo­lan hö­wes yzy­gi­der­li art­dy. Ar­zuw­syz adam bol­maz diýlişi ýa­ly, men Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uniwer­si­te­ti­niň ta­ly­by bol­ma­gy ar­zuw ed­ýär­dim. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — bedew bat­ly atmy­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly me­niň üçin ýat­dan çyk­ma­jak ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Ma­ňa Mag­t ym­g u­ly ady n­da­k y Tü rk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di. Ýaş­lar üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­redýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za ta­lyp ýü­re­gi­miz­den al­kyş­la­ry­my­zy aýd­ýa­rys

Güljemal Akyýewa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby