«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim ulgamynda buýsandyryjy işler amala aşyrylýar. Ylymda, bilimde döwrebap ösüşler bilen birlikde terbiýeçilik işleri hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň özeniniň ýaş nesilleriň bagtly geljegine gönükdirilmegi bolsa, ata-eneleriň göwnüni galkyndyrýar. Ata-ene bilim dünýäsine ädim ädýän perzendiniň il-halkyna, Watanyna wepaly, bilimli-ylymly ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw edýär.
Golaýda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 127-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy», şeýle-de aşpezleriniň arasynda «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriniň döwlet tapgyrlary geçirildi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmakda, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekde, çagalaryň kadaly iýmitlenmeklerini üpjün etmekde yhlasly zähmet çekýän ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň hem-de öňdebaryjy iş tejribeli, lezzetli naharlary taýýarlaýan aşpezleri ýüze çykarmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Bäsleşige welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalary hem-de aşpezleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşanlar öz ukyp-başarnyklaryny, işine ussatlyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen bäsdeşler gündelik işlerini guraýşyny beýan edýän wideoşekilleri görkezdiler. Wideoşekillerde gündelik durmuşda körpeleriň çagalar bakja-bagyna kabul edilişini, olar bilen geçirilýän her bir işi synlanyňda, bagtyýar geljegimiz bolan mährem perzentlerimiziň ajaýyp şertlerde terbiýelenýändigine buýsanýarsyň, guwanýarsyň. Soňra bäsleşige gatnaşyjylar ýörite taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Emin agzalary bäsdeşleriň gündelik iş resminamalarynyň ýöredilişi bilen tanyşdylar. Aşpezler gündelik tagamnama esasynda naharlary taýýarladylar.
Netijede, ýeňijiler yglan edildi. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň arasynda geçirilen «Körpe nesliň saglygy — ýurdumyzyň baýlygy» atly bäsleşikde baş baýragy Aşgabat şäherindäki 142-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Sapargül Amannepesowa, birinji orny Türkmenabat şäherindäki 4-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Mährijemal Rozyýewa, ikinji orny Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Täjigül Nunnaýewa, üçünji orny Altyn asyr etrabyndaky 2-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Jeren Hudaýberdiýewa eýelemegi başardylar.
Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň aşpezleriniň arasynda yglan edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikde baş baýraga Farap etrabyndaky 15-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Sahabat Nabijanowa, birinji orna Aşgabat şäherindäki 116-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi Oguljennet Öwliýägulyýewa, ikinji orna Arkadag şäherindäki 9-njy çagalar bakja-bagynyň aşpezi Amanbibi Aýlyýewa, üçünji orna Garagum etrabyndaky 4-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Gyrmyzy Saparowa mynasyp boldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaş nesil, olaryň sowatly, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!