Ýakynda Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «El hünäri — il gezer» diýen at bilen merkezara bäsleşik geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Bilim ministrligi we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimligi bilelikde gurady. Bäsleşige merkezlerde hereket edýän «Milli el işleri», «Ezber eller» we «Ýaş suratçy» gurnaklaryna gatnaýan 8 — 14 ýaşly çagalardan düzülen toparlaryň 14-si gatnaşdy.
Bu ýerde çagalar el işlerini ýerine ýetirmek, şekil ýasamak, surat çekmek boýunça bäsleşdiler. Onuň çäginde okuwçy gyzlaryň el işleriniň hem-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Şeýle hem dynç alyş pursatlaryndan taýýarlanylan wideoşekiller görkezildi. Biz hem bu ýerde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçileri bilen söhbetdeş bolduk.
Aýjemal TAGANOWA,
Kaka etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy, Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň uly terbiýeçisi:
― Gökderede işläp ýörenime eýýäm 13 ýyl boldy. Bu ýere dynç almaga gelýän çagalar meni özlerine ýakyn görýärler. Bu meni diýseň begendirýär. Olar bilen gezelenje gitmek, oýun oýnamak, bilýän zatlarymy öwretmek meniň üçin ýakymly. Merkezde çagalaryň gowy dynç almaklary hem-de wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertler döredilen. Bu ýerde döwrebap enjemlar bilen üpjün edilen kompýuter we dynç alyş otaglary, sport zallary, kitaphana, uly we kiçi howuzlar, sport meýdançalary bar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, «Älem» medeni-dynç alyş merkezine, Janly tebigatyň milli muzeýine, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine, «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähine gezelençler guralýar. Şeýle-de dürli ugurlardan bäsleşikler geçirilýär.
Muhammetmyrat AMANOW,
Aşgabat şäherindäki 113-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy:
― Bäsleşige şekil ýasamak boýunça gatnaşdym. Reňkli kagyzlary ulanyp, öz ýaşaýan jaýymyzyň şekilini ýasadym. «Ezber eller» gurnagyna gatnap, köp zatlary öwrenýärin. Şeýle hem boş wagtlarym kitap okaýaryn we sport bilen meşgullanýaryn. Indiki tomusky dynç alşymy hem Gökderede geçirmek isleýärin. Ýaşlaryň sowatly, döwrebap ylym-bilimli, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi üçin tagallalary edýän Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýaryn!
Melike PENAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy:
― Bu günki bäsleşigiň maksady watançylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, çagalaryň tebigy zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmak, milli mirasymyzy ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekden ybarat. Men hem öz ýerine ýetiren el işlerim bilen bäsleşige gatnaşdym. Keşde çekmek meniň iň halaýan güýmenjäm. Mundan başga-da, sportuň woleýbol görnüşi bilen meşgullanýaryn. Bagtyýar nesliň ajaýyp durmuşda ýaşamagy üçin tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ýunus HALMYRADOW,
Mary şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy:
― Men bäsleşige surat çekmek boýunça gatnaşýaryn. 4 ýyl bäri «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyp, saglygymy berkidýärin. Bu ýer maňa diýseň ýaraýar. Bu günki bäsleşikde men dürli haýwanlaryň suratyny çekdim. Mekdep döwründe hem surat çekmek boýunça geçirilýän ähli ýaryşlara gatnaşýaryn. Merkezdäki «Ýaş suratçy» gurnagyna gatnaşyp, surat çekmegiň täze usullaryny öwrenip, bilimimi çuňlaşdyrýaryn. Geljekde hem surat mugallymy bolmagy arzuw edýärin.
Aýnur ÇARYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy:
― «El hünäri ― il gezer» atly bäsleşige men hem öz el işlerim bilen gatnaşdym. Gülli jorap örmegi maňa enem öwretdi. Mekdepde iň halaýan dersim hem zähmet dersi. Mundan başga-da, tans etmegi we aýdym aýtmagy halaýaryn. Merkezde özüm ýaly deň-duş gyzlar bilen gurnaga gatnap, dürli el işlerini öwrenýärin. Terbiýeçilerimiz bize diýseň gowy seredýär. Ýaş nesiller hakynda edýän aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn!