Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Asyl­ly ýö­rel­ge­ler – döw­let­li­li­giň kä­mil nus­ga­sy

Asyl­ly ýö­rel­ge­ler – döw­let­li­li­giň kä­mil nus­ga­sy

2 Sentýabr, 2026 Makalalar
51

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da toý­la­ry­myz toý­la­ra ula­şyp, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz dün­ýä ýa­ýyl­ýar, asyl­ly hem-de döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­miz has-da ro­waç­lan­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň, yn­san­per­wer hä­si­ýe­te ýug­ru­lan be­lent mak­sat­la­ryň ro­waç­lan­ma­gy bol­sa mäh­ri­ban hal­ky­my­zy buý­san­dyr­ýar hem-de tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da be­dew bat­ly ösüş­ler, uly üs­tün­lik­ler ga­za­ny­lyp, paý­has­ly pe­der­le­ri­mi­ziň kä­mil­leş­di­rip, ös­dü­rip ke­ma­la ge­ti­ren mil­li gym­mat­lyk­la­ry, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri, däp-des­sur­la­ry dün­ýä­de giň­den da­ba­ra­lan­ýar. Hal­ky­myz ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­ny äh­li ugur­lar­da ga­zan­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri, tä­ze, be­lent sep­git­le­ri bi­len my­na­syp gar­şy­la­ýar.

Mer­da­na hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hyn­dan göz­baş al­ýan, pä­him­dar ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ge­ňeş et­mek, mas­la­hat­laş­mak ýa­ly asyl­ly dä­bi­ne eýe­ri­lip ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de ýo­ka­ry de­re­je­de uly taý­ýar­lyk iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň je­bis­li­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň,Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni hem-de jem­gy­ýe­tiň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len halk bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri­ni we oňyn baş­lan­gyç­la­ry­ny da­ba­ra­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Halk bi­len mas­la­hat­laş­mak, ge­ňeş­mek asyl­ly däp­le­ri­mi­ziň, mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri­mi­ziň düýp maz­mu­ny­dyr.

Be­dew bat­ly ösüş­le­re bes­len­ýän şan­ly ýy­ly­my­zyň buý­sanç­ly şy­ga­ry Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan be­ýik üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ýy­lyň şy­ga­ry mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyň döw­le­ti­mi­ziň ösüş ýo­lun­da­ky esa­sy bin­ýat­dy­gy­ny, ýur­du­my­zyň be­dew ba­dy bi­len öňe bar­ýan­dy­gy­ny çuň­ňur ma­ny bi­len gi­ňiş­le­ýin be­ýan ed­ýär. «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da ata Wa­ta­ny­myz­da döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 35 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň da­ba­ra­la­ry şu gün­ler has-da ýo­ka­ry ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­ýär. Şeý­le aja­ýyp gün­ler­de eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ne ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly bar­mak ug­run­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Çün­ki Halk Mas­la­ha­ty mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň, halk bi­len döw­le­tiň je­bis­li­gi­niň we ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­dyr.

Sel­bi AMA­NO­WA,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ka­fed­ra mü­di­ri