Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ýaşlar dialogyny ilerledip

Ýaşlar dialogyny ilerledip

24 Awgust, 2026 Makalalar
44

Hywa şäherinde türkmen we özbek ýaşlarynyň forumy geçirildi

18 — 21-nji awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde Türkmen-özbek ýaşlar forumy geçirildi. Bu halkara çäre iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynda taryhy müňýyllyklara uzaýan gadyrly gatnaşyklaryň barha berkeýändigini alamatlandyrdy. «Arda Hywa» dynç alyş toplumynyň mejlisler zalynda badalga alan ýaşlar forumy diňe bir resmi çäre bolman, eýsem, iki goňşy halkyň ýaş nesilleriniň arasyndaky ruhy we ynsanperwer raýdaşlygyň täze tapgyryna öwrüldi. Ol türkmen we özbek ýaşlarynyň arasyndaky dialogyň täze, has giňişleýin ugurlar boýunça ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Forum Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlarynyň intellektual, döredijilik, ylmy hem-de tehnologik mümkinçiliklerini birleşdirmekde netijeli meýdança boldy. Geçirilen sessiýalaryň çäklerinde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň startap-ekoulgamlary üçin amatly gurşawy kemala getirmek, sebitiň durnukly ösüşine gönükdirilen bilelikdäki ekologiýa we «ýaşyl» taslamalary durmuşa geçirmek, meýletinçilik hereketleriniň gerimini giňeltmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyşmalary ulgamlaýyn baýlaşdyrmak ýaly ugurlar barada giňişleýin pikir alşylmagy çäräni mazmun taýdan has-da baýlaşdyrdy. Hususan-da, sanly ulgam we emeli aň baradaky çykyşlarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak, ýaşlaryň innowasion startap taslamalaryna giň ýol açmak we sanly gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly döwrebap meselelere ylmy taýdan çemeleşmek dogrusynda aýdyldy. Ýaş telekeçileriň işine bagyşlanan çykyşlarda bolsa iki ýurduň kiçi we orta telekeçilik boýunça wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, önümçilik we söwda ugurlarynda täze amaly taslamalary durmuşa geçirmegiň ykdysady bähbitleri anyk mysallar bilen delillendirildi.

Sebitiň ekologiýa ýagdaýyna we «ýaşyl» taslamalara bagyşlanan çykyşlarda daşky gurşawy goramak we ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda ýaş nesliň öňünde durýan jogapkärçilik dogrusynda aýratyn nygtaldy. Bu ugurdaky amaly üstünlikleriň aýdyň nyşany hökmünde ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Şährisäbz şäherinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge bagyşlanyp geçirilen “Ýaşlar — geljegiň gurujylary” atly halkara çäräniň çäklerinde guralan ýaşlaryň ekologiýa taslamalarynyň bäsleşiginde türkmen ýaşlarynyň taýýarlan innowasion taslamasynyň birinji orna eýe bolandygy aýratyn bellenildi.

Meýletinçilik hereketiniň gerimini giňeltmäge gönükdirilen çykyşlarda ynsanperwerlik, raýdaşlyk we jemgyýete peýda getirmek ýörelgelerine daýanyp, durmuş ähmiýetli çärelerde meýletinçileriň tejribesini we amaly usullaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Forumyň medeniýet we sungat ugruna bagyşlanan böleginde bolsa iki doganlyk halkyň asyrlar aşyp gelýän maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, milli gymmatlyklary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek we sungatyň diplomatik güýji arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze belentliklere götermek baradaky buýsançly pikirler beýan edildi.

Forumyň dowamynda guralan ýürekdeş söhbetdeşlik gatnaşyjylaryň ýadynda ýakymly täsir galdyran pursatlara beslendi. Bir saçagyň başynda jemlenen türkmen we özbek ýaşlary milli däpler, umumy gymmatlyklar we halklaryň medeni ýakynlygy barada pikir alyşdylar. Bu duşuşykda iki halkyň sungatynyň özboluşly gözelligi hem giňden açylyp görkezildi.

Şu günki günde döwrüň öňe sürýän iň möhüm syýasy-jemgyýetçilik meseleleri dostlukly halklaryň ýaşlaryny bir maksatda birleşdirýär. Ýaşlaryň arasyndaky jebisligi berkitmäge we uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlary kemala getirmäge gönükdirilen ýörelgeler forumyň dowamyndaky çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Şeýle hem medeniýetiň, edebiýatyň halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ruhy-medeni taýdan baglanyşdyrýan köprüdigi forumyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan şowhunly aýdym-sazlarda, şahyrana setirlerde aýdyň şöhlelendi.

Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirýän medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Muňa Özbek-türkmen ýaşlar forumynyň maksatnamasynda medeni çärelere aýratyn ähmiýet berilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, forumyň çäginde gadymy Hywa şäheriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine guralan gezelençleriň ýatda galyjy pursatlara baý bolandygyny bellemek gerek. Ürgenç şäheriniň Türkmenler mähellesinde ýerleşýän Özbek-türkmen dostluk öýüne guralan gezelenç binanyň öňündäki Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desseleriniň goýulmagy bilen badalga aldy. Dostluk öýüniň kitaphanasynda ýurdumyzda çap edilen kitaplaryň, aýratyn hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň bolmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Ýeri gelende bellesek, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarda ýaşlar hyzmatdaşlygy möhüm orny eýeleýär. Bu ugruň hukuk binýadynyň 2018-nji ýylda iki ýurduň ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi bilen berkidilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu resminama bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek, hünär we ylmy tejribe alyşmalary guramak, özara gatnaşyklaryň netijeli guramaçylyk meýdançalaryny döretmek hem-de döwletlerimiziň ýaşlarynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek üçin uzak möhletleýin ugurlary kesgitledi.

Iki ýurduň hoşniýetli hyzmatdaşlygynda medeni-ykdysady ugurlarda gatnaşyklary ilerletmekde täze derejäni alamatlandyran Türkmen-özbek ýaşlar forumy hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň” işjeň durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň güwäsidir. Umumy taryhy-ruhy köklere daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynda ýaşlar dialogynyň barha ilerlemegi, has-da ýaýbaňlanyp, giň gerime eýe bolmagy tötänlik däldir. Sebäbi iki doganlyk halkyň ýaşlaryny bir umumy dünýägaraýyş we belent meýiller birleşdirýär. Edil şu sarsmaz ruhy we intellektual birlikden güýç alýan, gadymy akabalardan gözbaş alyp, täze eýýamda has-da dabaralanýan türkmen-özbek dostlugy ýaşlaryň döredijilikli başlangyçlary arkaly geljegiň täze gözýetimlerini açýar.

Döwletara ýaşlar syýasaty çygrynda amala aşyrylýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň düýp özeninde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitde parahatçylygyň, ählumumy abadançylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň binýatlaryny berkitmäge gönükdirilen durnukly ösüş hem-de dostluk taglymatlary durandyr. Şu mukaddes taglymatlardan ugur alýan belent maksatlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri we amala aşyrýan beýik tutumlary esasynda geljekde has-da dabaralanar.

Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Salgylanma: